Şu günler Mary welaýatynyň Mary şäherindäki çagalar baglarynyň tas ählisinde barlaglar geçirilýär we körpelere berilýän iýmitiň hili barlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Bu waka ýurtda çagalar baglarynyň tölegleriniň 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, olarda berilýän iýmitiň hiliniň gowulanmaýandygy barada Azatlyk Radiosynyň cap eden maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu barlaglaryň welaýatyň gözegçilik edaralarynyň resmileri we prokuratura işgärleri tarapyndan duýdansyz geçirilýändigini aýtdy.
“Bu barlagçylar hojalyk müdirlikleriniň ammarlaryna girip, terezide azyk önümlerini ölçeýärler. Aşhana girip naharyň bişirilişini, iýmitiň ýokumlylygyny görýärler. Naharlara goşulýan azyk önümleriniň agramyny hem barlaýarlar” diýip, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň we ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy 5-nji noýabrda gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda bu barlaglaryň Marynyň haýsy çagalar baglarynda geçirilendigi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Habarçy bu barlaglaryň nähili tamamlanýandygy, şeýle-de çagalar baglaryndaky körpeleriň iýmitlenişinde özgerişiň bolandygy ýa-da bolmandygy barada häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny hem belledi.
“Çagalar bagynyň birinde ýazylan günlük menýusynda et görkezilen bolsa-da, naharyň içinde et ýok eken, onda diňe şugundyr, kartoşka we käşir bar eken. Bu zatlary bellik edip gidipdirler” diýip, habarçy çagalar bagynyň bir işgäriniň sözlerini sitirledi.
Habarçy bu barlaglaryň çagalar baglarynda körpelere berilýän azyk önümleriniň hiliniň pesligi barada ene-atalaryň ençemesiniň welaýat prokuraturasyna ýazan arzalarynyň yzýany geçirilýändigini aýtdy.
“Çagalar bagynda günde üç sapar – ertirlik, günortan we öýlän – nahar berilýär. Ertirlik naharynda diňe kepek ýaly ýarmany suwa gaýnadyp berýärler. Onuň ýany bilen bir bölek buhanka çörek we çaý berýärler. Çagalar baglarynda esasy bişirilip berilýän naharlaryň biri unaş. Çagalara berilýän naharlarda et ýok. Alynýan gök-önümleriň hili pes – çüýrük ýa-da pyssaran. Öýlänlik naharynda diňe çörek bilen çaýdan başga zat berilmeýär. Çagalar öýlerine aç barýar” diýip, habarçy ene-atalara we çagalar baglarynyň işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimliginden we prokuraturasyndan, şeýle-de degişli çagalar baglaryndan komentariý almak häzirlikçe başartmady.
Ýöne bu barlaglar, ýokary derejeli döwlet resmileriniň käbiriniň Aşgabatdan Mara barandygy we welaýatyň käbir edara-kärhanalarynda barlag geçirýändigi baradaky habarlardan iki hepde soňa gabat geldi. Bu habarlar resmi taýdan tassyklanmady, ýöne inkär hem edilmedi.
Soňky iki ýylyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, olarda berilýän iýmitiň hiliniň gowulanmaýandygy barada ençeme gezek habar berdiler.
Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosyna geçirilýän bu barlaglaryň ýokarda aýdylan ýagdaýlar bilen arabaglanyşyklydygyny ýa-da däldigini anyklamak häzirlikçe başartmady.
Ýatlatsak, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy.
27-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň çagalar baglarynyň ençemesinde täze düzgüniň güýje girizilendigini habar berdi. Täze düzgüne görä, ene-atalardan çagalar baglaryndaky ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmek talap edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.