Halkyň ykdysady problemalarynyň çözgüdi türkmen hökümetiniň syýasy islegine bagly
Türkmenistanda ilatyň ykdysady kynçylyklary gitdigiçe güýçlenýär. Türkmen hökümeti ýurt ykdysadyýeti güýçli ösýär diýip, it, welosiped heýkelleri ýaly hakyň zerurlyklaryna ýaramaýan gurluşyklara pul sarp edýärkä, tutuş ýurt boýunça bankomatlaryň, azyk dükanlarynyň daşyndaky basa-baslyk, dilegçilik edýänleriň köpelmegi agyr krizisden habar berýär. Türkmenistana, ýurt ykdysadyýetine näme bolýar? Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.