20 ýaşly gyzynyň gümürtik ölüminiň adalatly derňewi ugrunda dyngysyz göreş alyp barýan Gülälek Rozyýewa, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň baş prokuraturasyndan derňew işlerini ýatyrylanlygy barada habar berýän resmi haty alanlygyny bize gürrüň berdi we degişli haty biz bilen paýlaşdy.
Gülälek bir aý mundan oň Migrant Media bilen geçiren söhbetdeşliginde, Türkmenistanyň baş prokuraturasyna we prezidentiň ýanyndaky ynsan haklary babatyndaky ýokary derejeli guramasynda gyzynyň jesediniň ekzgumasiýa etmegini we garaşsyz derňew işlerini geçirmekligi talap edip ýüzlenenligi hakynda gürrüň beripdi.
Bu wideoda Gülälek adalat ugrunda göreşinde öz nägilelikleri we geljekde etmekçi bolýan ädimleri barada giňişleýin gürrüň bermekçi.
Wideo: “Azatlyk Radiosynyn MigrantMedia Taslamasy”
Forum