Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Türkiýäniň raýatlary bilen maşgala guran zenanlara ýurtdan çykmak gadagançylygyny girizýändigi barada barha köp maglumatlar gowuşýar. 2019-2022-nji ýyllar aralygynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy netijesinde, Türkiýede müňlerçe türkmenistanly belli bir wagt aralygynda bikanun ýagdaýda ýaşamaly bolupdy. Şol döwür, türkmen häkimiýetleri öz raýatlaryny yzyna getirmek boýunça ýeterlik tagalla etmezlikde hem tankytlanypdy. Häzir türkmen häkimiýetleriniň, raýatlaryň Türkiýeden pasportlaryny çalyşmak üçin yzyna dolananlarynda, pandemiýa döwründäki ýagdaýlara salgylanyp, olara ýurtdan çykmak gadagançylygyny girizýändigi bellenilýär. Bu ýagdaýlara duçar bolan türk raýatlarynyň ençemesi, maşgalalaryna gowuşmak üçin, Türkmenistanyň degişli edaralaryna ýüz tutandyklaryny, emma oňaýly netije gazanyp bilmändiklerini aýdýarlar.
Türkiýäniň raýatlary Ýylmaz Özkan we Rüstem Arslan Azatlyk Radiosynyň MigrantMedia taslamasyna ýüz tutup, özleri ýaly başga-da 60-a golaý türk raýatynyň bu meselelere çözgüt tapylmagyny isleýändigini nygtadylar.
Wideo: MigrantMedia
Forum