Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Migrantlaryň arasynda galp resminamalara isleg artýar” – Migrant


“Migrantlaryň arasynda galp resminamalara isleg artýar” – Migrant
please wait
  • Auto
  • 240p
  • 360p
  • 480p
  • 1080p
  • 720p

No media source currently available

0:00 4:43 0:00
  • Auto
  • 240p
  • 360p
  • 480p
  • 1080p
  • 720p

Azatlyk Radiosynyň Migrant Media taslamasynyň bir aý mundan öň geçiren derňewiniň netijesinde, sosial torlarda galp türkmen pasportyny hödürleýänleriň üsti açylypdy. Degişli habarda adyny Begzod diýip tanadan özbegistanly ýurda dolanmak islemeýän türkmenistanlylar üçin, galp türkmen biometrik pasportlaryny oňarýandygy hakynda gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosynyň Migrant Media taslamasynyň habarçylary degişli problemany içgin öwrenmek üçin, žurnalistik derňew işlerini dowam etdi we türkmenistanly hem-de merkezi aziýaly migrantlaryň galp resminamalary hödürleýänleriň hyzmatyna islegleriň uly toparynyň bardygyny anyklady.

Türkmen migrantlary näme üçin galp resminamalara ýüzlenýärler? Merkezi Aziýa döwletleriniň, Ýewropa, Kanada we ABŞ pasportlaryndan başlap, sürüjilik şahadatnamalaryna çenli galp resminamalaryň ýasalmagynyň giň bazary nädip döredi? Migrant Media topary bu meseläni derňäp, Russiýada galp resminama taýýarlap berýänler bilen gürleşdi. Şeýle hem, galp resminamalaryň ulanylmagynyň sebäplerini düşündirýän türkmenistanly migrantlar bilen gürleşdi.

Wideo: “Migrant Media”

Forum

XS
SM
MD
LG