Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rus ilçihanasyna nobatsyz girmek üçin, 400 dollar para bermeli” – Araçy  


“Rus ilçihanasyna nobatsyz girmek üçin, 400 dollar para bermeli” – Araçy  
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:24 0:00

Geçen ýylyň dekabr aýynda, Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky rus ilçihanasyna nobatsyz girmegiň araçylaryň üsti bilen 400 dollar möçberinde para bermek arkaly amala aşyrylýandygyny habar berdi. MigrantMedia topary şeýle hyzmatlary hödürleýän aşgabatly bir araçy bilen gürleşmegi başardy we telefon arkaly edilen gürrüňi ýazga aldy.

Söhbetdeşlikde araçy nobatsyz girmegiň usullaryny jikme-jik düşündirýär we talyplar üçin hem bahanyň 400 dollardan üýtgemeýändigini belleýär. Şeýle-de, prosesiň birnäçe gün dowam edýändigini we puluň öňünden berilmelidigini aýdýar.

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly bloger Alişer Sähedow şeýle araçylaryň arasynda aldawçylaryň hem bardygyny nygtaýar. Onuň tanyşlarynyň käbirleri araçylara pul berip, netijesiz galandyklaryny aýdýarlar. Ol adamlaryň bikanun ýollara ýüz urmaga mejbur bolýandygyny we krizisiň çuňlaşmagy bilen hatda haýsy ýol bilen bolsa-da, raýatlaryň ýurdy terk etmäge synanyşýandyklaryny belleýär.

5-nji dekabrda Russiýanyň hökümeti türkmenistanly raýatlaryň elektron wiza alyp, Russiýa syýahat edip biljekdikleri barada beýanat ýaýradan hem bolsa, Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde henizem uly nobatlar döreýär. Raýatlar ilçihananyň hyzmatyndan peýdalanmak üçin, araçylaryň kömeginden peýdalanmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

Wideo: Migrant Media

Forum

XS
SM
MD
LG