Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda mugallymlar köçelere gözegçilik edýär, guşlar baglardan kowulýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Maryda Aşgabatdan gelmeli barlagyň öňüsyrasynda görülýän taýýarlyklaryň çäginde, mekdep mugallymlary polisiýanyň ornuna köçelere gözegçilik etmäge çykaryldy. Mundan başga-da, günorta welaýatyň administratiw merkezinde öýsüz itdir-pişikleri öldürmek boýunça güýçlendirilen tagallalar bilen birlikde, seýilgählerdäki guşlary kowmak, hatda olary zäherläp öldürmek boýunça hem görkezme berildi.

Ýatlatsak, Azatlyk Mara Aşgabatdan ýörite barlag komissiýasynyň gelmegine garaşylýandygy, şu sebäpli býujet işgärlerini hem mejbur edip, gündelik köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň geçirilýändigi, şeýle-de welaýatyň edara-kärhanalarynda derňewleriň alnyp barylýandygy barada habar beripdi.

Bu işleriň arasynda, geçen hepdäniň aýagyndan bäri mekdeplerdäki erkek mugallymlara ýörite rasiýa berlip, olar iş güni tamamlanandan soňra şäheriň köçelerine gözegçilik etmäge borçlandyryldy.

“Iş güni tamamlanyp, gün ýaşandan, ýagny 17:30 töwereginden soňra biz jaýlaryň arasyna aýlanyp, hususy dükanlary ýapdyrmaly. Mundan başga-da, köçelerdäki adamlary öýlerine kowmaly. Olara hatda podýezdiň girelgesinde hem oturmaga rugsat bermeli däl” diýip, howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran mugallymlaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýagdaýlary öwrenen habarçysy munuň üçin mugallymlara goşmaça töleg edilmeýändigini aýdyp, bu çäreleri polisiýa işgärleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrdy.

Galyberse-de, habarçynyň özüniň, şeýle-de onuň söhbetdeş bolan ýaşaýjylarynyň belleýşi ýaly, şäherde bu güne çenli, şol sanda adatça güýçli howpsuzlyk çäreleri görülýän prezidentiň saparynyň öňüsyrasynda-da häzirki gerimdäki ýaly taýýarlyk we hüşgärlik işleri geçirilmändir.

“Aşgabatdan kim gelýän bolsa-da, ol gaty howatyr edýän bolmaly. Prezidentiň saparynyň dowamynda-da, şäheriň belli-belli köçeleri petiklenýärdi, ot ýakmaga rugsat berilmeýärdi. Ýöne häzirki ýaly howpsuzlyk taýýarlyklaryna ilkinji gezek şaýat bolýarys” diýip, ikindinara nobatçylyk çekmäge mejbur edilen maryly mugallym nygtady.

Sözüň gerdişine görä bellesek, Azatlyk Aşgabatdan komissiýanyň näme sebäpden iberilýändigini we oňa nähili zerurlygyň bolandygyny, şeýle-de onuň düzümine haýsy resmileriň girýändigini häzirlikçe anyklap bilmedi. Bu barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden hem kommentariýa alyp bolmady.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, Maryda taýýarlyk işleriniň çäginde öýsüz itdir-pişikleri wagşylarça öldürmek boýunça tagallalar hem güýçlendirildi. Geçen hepdeden bäri bolsa, Marynyň merkezi seýilgählerini guşlardan hem “arassalamak” boýunça görkezme berildi.

“Geçen anna güni şäheriň ‘Oguzhan’ köçesiniň soňundaky seýilgähiň baglaryndaky guşlary kowmak tabşyryldy. Biziň sanymyz 30 töweregi adam. Ellerimiz taýakly uzaky gün şahalardaky guşlary kowýarys. Bize muny guşlaryň baglaryň ýapraklaryny gaçyryp, nejasatlary bilen köçeleri hapalaýandyklary bilen düşündirdiler. Ýerli häkimligiň wekilleri guşlary ‘başarsyňyz öldüriň, awyly bugdaý sepiň’ diýip hem tabşyryk berdi” diýip, bu işlere çekilen jemagat hojalyk gullugynyň işgärleriniň biri habarçymyza aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri sebitlere iberilýän komissiýa we olaryň geçirýän barlaglary hem-de netijeleri barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Azatlyk şu aýyň başynda Lebapda Aşgabatdan gelen ýörite toparyň welaýatyň döwlet edaralarynda, iri önümçilik kärhanalarynda barlag, derňew geçirendigini, şeýle-de munuň netijesinde ençeme ýolbaşçynyň tussag astyna alnandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG