Mary şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri öýlän sagat 17:00-dan ertir sagat 8:00-a çenli nobatçylyk çekýärler, Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi bu ýagdaýyň sebit ilatynyň arasyndaky "nägilelik meýilleri" bilen baglydygyny, häkimiýetleriň özakymlaýyn protest hereketleriniň döremeginden alada galýandyklaryny aýdýar.
Ýurduň iň gür ilatly sebitindäki howpsuzlyk çäreleriniň pugtalandyrylmagy bu gezek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçiriljek mejlisiniň öň ýanyna we içeri içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewe berk käýinç berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Halk maslahatynyň mejlisi Aşgabatdaky "Ruhyýet" köşgünde "ýokary derejede geçirilmeli".
"Şäheriň merkezi köçeleri ýapyk, ýanýollarda, pyýadalaryň hereketine gözegçilik etmek üçin, polisiýa talyplaryny nobatçy goýýarlar" diýip, Marydaky habarçymyz habar berdi.
Onuň sözlerine görä, şu günler Marynyň Mollanepes köçesinde ýerleşýän "Ruhyýet" köşgünde Halk maslahatynyň mejlisiniň wideoýazgysy taýýarlanýar.
"Maslahata ýaşulular, häkimler we käbir döwlet edaralarynyň ýörite saýlanyp alnan işgärleri gatnaşýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Hökümetdäki çeşmäniň anyklaşdyrmagyna görä, Halk maslahatynyň 25-nji sentýabrda, Aşgabatda geçiriljek mejlisi, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli, wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler we beýleki sebtilerde öňünden ýazgy edilen çykyşlar telewideniýede onuň "bitewi bölegi" hökümnde görkeziler.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa ofiseri özleriniň her gün öýlän sagat 17-den ertir sagat 8-e çenli, uzak gijesi bilen aýak üstünde nobatçylyk çekýändiklerini aýtdy, ýöne ol munuň anyk sebäbini görkezmekden saklandy. Habarçy bilen gürleşen ikinji polisiýa ofiseri bu nobatçylygy öňde duran Garaşsyzlyk baýramçylygyndan öň görülýän adaty tertip-düzgün çäreleri bilen düşündirdi.
Emma muňa garamazdan, ýönekeý adamlaryň arasynda bu ýagdaýy ýylgyryp, häkimiýetleriň "mitinglerden gorkmagy" bilen baglanyşdyrýanlar hem az däl.
"Agyz agyzdan ýel alar, adamlar daşary ýurtlardaky aktiwistleriň guraýan protestlerini eşidýärler. Şolaryň sesini eşitdirmejek bolup interneti peseltdiler, vpn mümkinçilikleri tas doly ýapyldy" diýip, maryly mekdep mugallymy bu hili çäklendiriş çäreleriniň eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýändigini gürrüň berdi.
Şeýle-de ol özüniň polisiýada, milli howpsuzlyk gullugynda işleýän tanyşlaryna salgylanyp, olaryň häzir öýlerine, çagalaryny görmäge hem goýberilmeýändigini aýtdy.
"Hukuk edaralarynda işleýän tanyşlarym, eger köçede nobatçylyk çekmeseler, gije-gündizlerini Mollanepes köçesindäki "Ruhyýet" köşgünde geçirmeli bolýarlar. Degişli ýolbaşçylar olar bilen günde birnäçe ýygnak geçirýär, barha kän hüşgär bolmak talap edilýär" diýip, 45 ýaşlaryndaky pedagog anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri adamlary yzarlap, sähel biri göwnüne ýaramasa, dürli bahanalar bilen saklamaga hem-de sorag etmäge çalyşýarlar, esasy maksat adamlary gorkuzmakdan, syýasy işjeňlikden gaça durar ýaly etmekden ybarat bolup görünýär.
Azatlyk 20-nji sentýabrda Marydaky adamlaryň arz etmegiň täze, köplük usulyny ‘özleşdirýändigini’, häkimligiň olary ‘biraz’ diňläp başlandygyny habar berdi.
Häkimlige arz edýän adamlaryň meseleleri dürli-dürli, ýöne köp adam “bankomatlardan pul çekip bolmazlygyndan" nägile bolýar.
"Adamlaryň topar-topar bolup gelmegi häkimligiň işgärlerini gorkuzana meňzeýär, häzir adamlara jogap bermek üçin hiç kim gapa çykmaýar" diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatyna görä, resmi ýagdaýda komendant sagady yglan edilmedik hem bolsa, dilden berlen buýruga görä, Maryda häzir agşam sagat 21:00-dan soňra adamlar şäher içinde geçmeli däl; hatda gündizlerine hem, tanyş-bilişler bilen üýşüp, üç-dört adam bolup köçede dursaň, polisiýa bölümine äkidip, sorag edýärler.
Soragda bolanlaryň biri polisiýa ofiseriniň diňe jübülerini däl, eýsem öz telefonyny hem barlandygyny, "Kanun boýunça siziň beýle hukugyňyz ýog-a" diýlen söze bolsa gülendigini gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.