Aşgabatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Polisiýa paýtagtda ýaşaýanlaryň dokumentlerini we propiskasyny barlaýar. Welaýatlarda polisiýanyň işine ýangyn söndürijiler çekilýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary aýdýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar we aktiwistler bolsa, welaýat polisiýa işgärleriniň Aşgabatda ýygnanandygyny, gozgalaňlara garşy ulanylýan polisiýa bölümleriniň taýýarlanýandygyny we olaryň türgenleşdirilýändigini, şol sanda bolup biläýjek köpçülikleýin demonstrasiýalary ýatyrmak boýunça tälim berilýändigini habar berdiler. Türkmenistan şu aýda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň mejliisine taýýarlanýar. Bu ýygnakda makullanmagyna garaşylýan konstitusion üýtgetmeleri ilatyň arasynda nägilelik döretdi we daşary ýurtly türkmenleriň protestleri geçirmegine getirdi.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky günlerde, esasanam Aşgabadyň merkezi etraplarynda polisiýa işgärleri öýme-öý aýlanýar we ýaşaýan raýatlaryň propiskalaryny barlap, hasaba alýarlar.
"Polisiýa we ýerli häkimiýetler ýene-de geldi, olaryň Milli howpsuzlyk ministrliginden bolmagy-da mümkin. Olar menden pasportlary görkezmegi haýyş etdiler, ýaşaýjylaryň sanawyny barladylar, beýleki şäherlerden gelenleriň golaýda ýaşap-ýaşamaýandygyny ýa-da goňşulardan haýsydyr biriniň kwartirasyny kireýe berýändigini soradylar. Olar tutuş podýezdi we tutuş öýi aýlandylar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy sentýabrda gürrüň berdi we ýerli polisiýa işgäriniň mundan öň ýeke gelen bolsa, indi häkimligiň igärleri bilen bile gelendigini belledi.
Onuň sözlerine görä, öňki gezek barlag iki hepde öň bolupdyr.
Mundan öň Azatlygyň habarçylary welaýatlarda polisiýa işgärleriniň paýtagta iberilýändigi, ýangyn söndürijileriň polisiýa derek köçelerde gözeçgilik edýändigi, şeýle-de internetiň çäklendirlendigi we VPN ulanmagyň öňüni almak boýunça çäre görülýändigi barada habar beripdi.
Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk gününi belleýär. COVID-19 pandemiýasynyň fonunda bu ýyl baýramçylygyň nähili geçiriljekdigini ýurduň häkimiýetleri habar bermediler. Adatça ýurduň häkimiýetleri baýramçylyga howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek we ilatyň ähli gatlaklarynyň gatnaşdyrylmagynda köpçülikleýin ýörişler üçin maşk geçirmek bilen taýýarlanýardy. Bu ýyl uly repetisiýalar göze ilmeýär.
Häzirki howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi, ykdysady ýagdaý ýaramazlaşýarka häkimiýetleriň ilatyň problemalaryna we zerurlyklaryna äsgermezlik edýändigine halk tarapyndan nägileliginiň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. Ýurt içinde Ilatyň azyk gytçylygyndan we bankomatlarda pul ýetmezçiliginden nägileligini artdyrýar, daşary ýurtlarda türkmen aktiwistleri hökümetiň işinden aýrylmagyny talap edip guramaçylykly demonstrasiýalary geçirýärler we ýurduň içinde protest geçirmäge çagyrýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar we aktiwistler Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegini daşary ýurtlardaky oppozisiýa hereketiniň işjeňligi we häkimiýetleriň ýurtda bolup biljek köpçülikleýin tolgunmalardan gorkusy bilen baglanyşdyrýarlar.
"Häkimiýetlerimiz indi köpçülikleýin tolgunmalaryň ýa-da hatda köçelerde nägilelikleriň döremeginiň ähtimallygy barada has aladalanýarlar. Bu alada birnäçe faktor bilen baglanyşykly. Olaryň arasynda türkmen emigrasiýasynyň we 'täze' oppozisiýanyň Türkiýede, ABŞ-da we beýleki ýurtlardaky aktiwligi, ilatyň COVID bilen bagly ýagdaýdan nägileligi, ýurtdan çykmak kynçylygy, işsizlik we beýleki sosial problemalar. Häkimiýetler Belarusdaky ýagdaýlaryň bolup biljek täsirinden hem gorkýarlar "- diýip, graždan aktiwistiniň "Memorial" merkezi we Türkmen Helsinki fondy tarapyndan 11- nji sentýabrda çap edilen maglumatynda aýdylýar.
Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň websaýtynda çap bolan bu maglumatda soňky wagtda polisiýa güýçleriniň Aşgabada ýygnanýandygy hem aýdylýar.
“Ýaňy-ýakynda mälim bolşy ýaly, bir aýdan gowrak wagt bäri ýörite merkezde Türkmenistanyň welaýatlaryndan bolan OMON bölümleri intensiw taýýarlanýar. Olary bolup biljek köçe protestlerini dargatmak üçin işjeň türgenleşdirýärler. Bu merkez 2008-2010-njy ýyllarda Aşgabadyň gündogarynda Manyş şäherinde Belarusly hünärmenleriň gönüden-göni gatnaşmagynda gurlupdy. Şondan bäri ol birnäçe gezek giňeldildi we kämilleşdirildi. Hut şu merkezde prezidentimiz dürli görnüşli ýaraglardan ok atýar. Şeýle-de bolsa, sebitlerden bolan OMON igärlerini taýýarlamak prosesiniň garaşsyzlyk gününe (27-nji sentýabra) çenli ýa-da ondan soňam dowam etmek mümkinçiligi aradan aýrylmaýar"- diýlip, graždan aktiwistiniň hatynda aýdylýar.
Belläp geçsek, satellitler arkaly hödürlenýän kartalarda Aşgabadyň günorta-gündogar sebitindäki ozalky Kalinin sebitiniň häzir Manyş däl-de, eýse Bagabat atlandyrylýandygyny görse bolýar. Şeýle-de, kartalarda häzir Manyş diýlip ozalky Kasym jülgesiniň atlandyrylýandygyny synlasa bolýar.
"Memorial" merkeziniň maglumatynda iki hepde ozal Türkmenistanda internet we telefon aragatnaşygyna gözegçilik etmek boýunça täze ulgamyň, şeýle hem Aşgabatda adamlaryň ýüzlerini hem awtoulag belgileri tanamaga ukyply adamlary we ulaglary yzarlamaga gönükdirilen “akylly şäher” ulgamynyň ornaşdyrylandygy bellenlýär.
Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanda VPN hyzmatlary kesildi, internetdäki petiklemelerden geçmäge mükinçilik berýän bu VPN-ni ulanmakda we gurup bermekde şübhe astynda alnan adamlar yzarlandy. Daşary ýurtlardaky nägilelik hereketlerine gatnaşýan aktiwistleriň garyndaşlary we tanyşlary, şeýle hem olar bilen arabaglanyşygy güman edilýän raýatlar basyşlara, tutuha-tutluklara sezewar edilýär.
Dört aý bäri ýurduň daşyndaky türkmen raýatlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinden aýrylmagyny talap edip, ABŞ-da, Demirgazyk Kiprde we Türkiýede 20-den gowrak demonstrasiýa geçirdi.
Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar, Türkmenistanda demonstrantlar bilen baglanyşykda şübhelenmek esasynda täze tussag edilmeler barada yzygiderli habar berýär.
Adam hukuklary boýunça "Memorial" merkeziniň we Türkmen Helsinki fondunyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda agşam, Balkanabadyň polisiýasy Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň Nebitdagneft bölüminiň aklawçysy 48 ýaşly Pygamberdy Allaberdýewi tussag etdi. Häkimiýetler tussagyň protest hereketiniň aktiwistleri bilen arabaglanyşygyny güman edipdir. 8-nji sentýabrda sud galp aýyplamalar bilen tussag edilen aklawçyny deslapky tussaghana geçirmegi karar etdi diýilip, maglumatda aýdylýar.
Adam hukuklaryny goraýjylar Allaberdiýewiň tussag edilmeginiň sosial dartgynlygyň we oppozisiýanyň Türkmenistanda demonstrasiýa geçirmek baradaky çagyryşynyň fonunda ýüze çykandygyny belleýälr.
Mundan başga-da, “Memorialyň” web sahypasynda çap bolan maglumatda Türkmenistana girmäge we çykmaga gadagan edilenleriň “gara sanawynyň” giňeldilendigi habar berilýär. Oňa jemgyýetçilik çärelerine we demonstrasiýalara gatnaşanlaryň garyndaşlaryň, jemgyýetçilik işjeňligini görkezenleriň, şol sanda Türkiýede kyn ýagdaýa düşen watandaşlary üçin haýyr-sahawat işlerini geçirýänleriň girizilendigi bellenýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň daşary ýurtlara migrasiýa prosesine berk gözegçilik edýärler, raýatlaryň ýurduň daşyna gitmegine we gaýdyp gelmegine yzygiderli çäklendirmeleri girizýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda yzygiderli uçuşlaryň ýoklugyna garamazdan, pendemiýa döwründe watanynyň daşynda galyp, indi ewakuasiýa çäreleriniň çägine ýurda getirilýän adamlaryň hem barlagdan geçirilýändigini habar berýär.
Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýän wagtynda aktiwistler ýurtda tas 14 ýyl bäri höküm sürýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ygtyýarlyklarynyň hasam giňelmeginden howatyr edýärler.
"Häzir Aşgabatda 'konstitusiýany kabul etjek Halk Maslahatynda delegatlar turup, prezident Berdimuhamedowyň ýurdy ömürlik dolandyrmagyny talap etjegi; prezidentiň "Arkadag" adyna resmi status beriljekdigi; munuň konstitusiýada kepillendiriljekdigi ýa-da bu barada aýratyn kanunyň kabul ediljekdigi; prezidentiň täze milli geňeşiň iki öýüniň birine ogly Serdary belläp, bu organyň prezidentiň hassalyk sebäpli döwleti dolandyryp bilmese ornuna geçip biljekdigi barada gürrüňler edilýär. Prezidentiň garyndaşlary hem täze Milli Geňeşiň ýokarky palatasynda resmi status alarlar we ş.m zatlar barada gepleşýärler" diýip, türkmenistanly raýat aktiwistiniň adam hukuklaryny gorýajy "Memorial" merkeziniň web sahypasynda 11-nji sentýabrda çap edilen maglumatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçen ýylyň güýzünde başlandy we munuň üçin ýörite organ döredildi. Resmi maglumatlarda parlamentiň iki oýli boljagy habar berildi, emma girizilýän üýtgetmeleriň jikme-jiklerini köpçülige mälim edilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär