Azatlyk radiosy: Gyrgyzystanda halk arasynda nägilelige sebäp bolan saýlawlar koordinasion geňeşiň döredilmegine getirdi, halk köçelere çykdy we ses berişligiň geçirilişine hem sanalmagyna nägileligini bildirdi. Bu wakalara reaksiýaňyz nähili?
Myrat Gurbanow: Meniň reaksiýam gaty ýönekeý. Gyrgyzystanyň halky örän işjeň. Men ol ýere bardym, türgenleşik geçirdim, adamlar bilen gürleşdim. Ýylda bir-iki gezek ol ýere gidýärin. Olar gaty sada. Olarda raýat jemgyýeti bar, raýat işjeňligi gaty ýokary. Olar elmydama azatlyk we adalat üçin göreşýärler, bütin ömri göreşerler. Bu olary öňe itekleýär. Bu işjeňlik, raýat gatnaşygy we raýat jemgyýeti Türkmenistanda ýok zat. Bizde tebigy baýlyk, gözellik, tebigy serişdeler bar, ýöne ne raýat jemgyýeti, ne-de raýat gatnaşygy bar. Olarda hiç zat ýok, ýöne kalbynda uly adalat, kalbynda işjeňlik bar. Bu bolsa olary hemişe halas edýär. Şonuň üçin men olary goldaýaryn. Olar elmydama işjeň, garaşsyz bolarlar. Olar hakykaty türmeden çykararlar, öňe sürerler we onuň üçin göreşerler.
Azatlyk radiosy: Siz ýaňy bir gyzykly zat aýtdyňyz, gyrgyz halkynda bolup, türkmen halkyna ýetmezçilik edýän zadyň - raýat işjeňligini bellediňiz. Näme üçin beýle boldy? Biziň hemmämiz bir sebitde ýaşaýan ýaly. Hawa, elbetde, mentalitetde käbir tapawutlar bar, belki däp-dessurlarda, ýöne esasan şol bir sebit, dilimiz hem meňzeýär.
Myrat Gurbanow: Bu soraga jogap bererin. Biz öň bir sistemada bolupdyk. 1992-nji ýylda diktatorymyz Nyýazow döwletimizi alanda, şol wagt Türkmenistanda işleýändigim ýadymda, islän zadyňyzy ediň, jenaýat ediň, korrupsiýa baş goşuň, salgyt tölemäň, bularyň hemmesi bagyşlanýar, ýöne syýasata goşulmarsyňyz. Diýmek, graždan aktiwlige baş goşmaly däl. Siz raýat jemgyýeti üçin söweşmersiňiz. 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistanda raýat jemgyýeti ýok edildi. 1992-nji ýyla çenli biz şol bir köpçülik bolupdyk. Gyrgyzystanda-da, Gazagystanda-da, Türkmenistanda-da adamlar birmeňzeşdi, işjeň, şol bir derejede aktiwdi. Käbiri birneme çalt, ýokary, kimdir biri birneme pesräk. Şol bir derejededi. Edil şol bir zatdy. Emma gyrgyzlarda, Gyrgyzystanda beýle basyş, sütem ýokdy. 1992-nji ýyldan başlap, bize başda zulum edip başladylar, 1994-1996-njy ýyllarda munuň üçin türmä basdylar. Hudaý saklasyn, bir ýerde raýat işjeňligini görkezdiň - türme garaşýar. Türmelerde köp adam ýitirim boldy, garyndaşlarymyz we beýlekiler. Ýagny, 28 ýyllap edilen iş netijesini berdi. Bizde doganlyga, adalata, işjeňlige we kanunlara daýanyp boljakdygyna ynamy öldürdiler. Gyrgyzystanda beýle däl. Ine, şu günki gün Türkmenistanyň Demokratik saýlawy - halk hereketi bu ýagdaýa garşy göreşýär. Adamlarda raýat gatnaşygyny, adalaty we erkinlige bolan islegi ýokarlandyrmaly. Gyrgyzystanlylarda bu zatlar örän köpdür.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.