“Hawa-la, biziň her gün dükanyň öňünde daň bilen 4:00-de nobata durmakdan [başga aladamyz ýok]. Biz aladasyz ýaşaýarys” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde kinaýa bilen içini dökdi. Ol golaýda geçirilen Halk Maslahatynda resmileriň ýurt içinde bagtyýarlygyň we berkararlygyň höküm sürýändigi barada aýdan sözlerini teswirledi.
Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy Halk Maslahatynyň adamlarda galdyran täsiri barada hem-de ýurtda dowam edýän koronawirus çäklendirmeleri hakynda birnäçe ýerli ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy.
“Soňky geçen Halk Maslahatynda aýdylan sözler adamlaryň bir tarapdan gaharyny getirýär, beýleki tarapdan gülküsini tutdurýar” diýip, il içinde adamlaryň soňky syýasy waka baradaky pikir-garaýyşlaryny öwrenen habarçy aýtdy.
“Prezident öz aýdan sözlerine özi bir ynanýarmyka?” diýip, bir maryly Azatlygyň habarçysyndan sorady.
Eýsem, prezident näme diýdi? 25-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýä ölçeglerine gabat gelýändigini aýtdy:
“Amala aşyran işlerimiziň netijesinde, raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi” diýip, prezident mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi.
“Daň bilen dükanlar açylýança bir towuk buduny ýa-da iki sany çörek satyn almak üçin nobata durýarys. Biz ‘bolelin’ durmuşda ýaşaýarys” diýip, maryly ýaşaýjy bu sözleri teswirledi. Ol ýurtda döwlet dükanlaryndaky azyk harytlarynyň gytçylygyna salgylandy.
“Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär” diýip, prezident aýtdy.
“Hawa, ‘elimiz uzadan ýerimize ýetýär’. Ýöne öz aýlyk haklarymyzy alyp bilmeýäris” diýip, beýleki bir ýaşaýjy ýurtda pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklara salgylandy.
“Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi” diýip, prezident aýtdy.
“Çagalarymyzyň gündeki iýjek çöregi gaýgy” diýip, habarçynyň bir söhbetdeşi aýtdy.
“Dokdan açdan habarlary ýok” diýip, ýene bir raýat nägilelik beýan etdi.
Halk Maslahatynyň esasy gün tertibini täze konstitusion üýtgetmeler düzdi. Mejlisiň dowamynda oňa ýygnananlar türkmen parlamentini iki palataly ulgama geçirmek baradaky täze konstitusion özgertmeleri biragyzdan makullady.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar ýurtda dowam edýän koronawirus çäklendirmelerine häkimiýetleriň erk edişinden şikaýat etdi.
Onuň gürrüňdeşleri şu günler “polisiýa işgärleriniň manysyz jerimelerinden”, “olaryň wirus bahanasy bilen adamlardan pul çöplemeginden” nägile bolýandyklaryny aýtdylar.
Türkmen häkimiýetleri koronawirus pandemiýasynyň fonunda köpçülik çärelerine çäklendirme girizdi. Çäklendirmeleriň möhleti 15-nji oktýabrda çenli uzaldyldy.
Habarçy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar, çäklendirmelere garamazdan, özleriniň toý çärelerini geçirmek üçin polisiýa işgärlerine we toý dabarasy geçirilýän restoranlaryň eýelerine para bermäge “mejbur bolýandyklaryny” aýdýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, habarçynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri şäher ýerlerinde ýörite awtobuslarda aýlanyp, maskasyz adamlara we kaskasyz welosiped sürüjilerine jerime salýarlar. Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy 21-nji sentýabrda Mary şäherinde polisiýa işgärleriniň kaskasyz tigir sürýän ýaşaýjylara jerime salýandygyny habar berdi.
“Awtobusly polisiýa işgärleri maskasyzlary, kellä geýilýän kaskasyz welosipedçileri çöpläp, günüň dowamynda 50 adamy şäher polisiýa bölümine eltmeli we olara jerime ýazýarlar. Etraplarda işleýänler we ýaşaýjylar ýüz maskasyny, kelle kaskasyny geýmeýärler, hatda etrap polisiýa işgärleri hem maska geýmeýär. Haçan geýýär, haçan-da diňe uly ýola çykanlarynda, ýa-da şähere çykanlarynda geýýärler” diýip, habarçy Marydan habar berdi.
Ol welaýatyň beýleki etraplary bilen deňeşdirilende Mary we Baýramaly şäherlerinde maska we kaska talabynyň iňňän ýokarydygyny habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, pandemiýa döwründe köpçülik çäreleri çäklendirilýän wagty, koronawirusa garamazdan, ýaşryn toý etmek isleýän ýaşaýjylar toý dabarasyny geçirmek üçin polisiýa işgärlerine müňlerçe manat para berýärler. Habarçy toý mekanlarynyň eýeleriniň myhmanlary restoranlaryň baş gapylaryndan däl-de arka gapylaryndan kabul etmäge rugsat berýändiklerini aýtdy.
“Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri karantini biznese öwürdiler diýsek ýalňyşmarys” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.