Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda kaskasyz welosiped sürýänlere jerime salynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň polisiýasy kaskasyz welosiped sürýän ýaşaýjylary polisiýa merkezine ýygnap, olara köpçülikleýin görnüşde jerime ýazyp başlady. Bu barada jerime tölemäge mejbur edilen maryly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

"Geçen hepdäniň ahyrynda, hususan-da ýekşenbe güni Mary şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän şäher polisiýa müdirligine welosiped sürüp barýan mahaly saklanan onlarça adam eltildi. Olaryň her birine 50 manat möçberinde jerime ýazyldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Polisiýa edarasyna eltilen welosiped sürüjileriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar ilkibada hiç zada düşünmändirler. Hat-da olaryň arasynda "indi welosiped sürmek üçin-de sürüjilik şahadatnamasyny almalymyka ýa hökümetde synag tabşyrmalymyka?" diýenler hem bolupdyr.

"Polisiýa işgärleriniň biri saklanan ähli welosiped sürüjisine jerime ýazyp bolansoň, olara "kelläňizde kellä geýilýän kaska ýok. Biz şonuň üçin jerime ýazdyk" diýip jogap berdi" diýip, welosiped sürüjileriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, polisiýa işgäri birinji gezekde 50 manat jerime salnan bolsa, ikinji gezekde 150 manat, üçünji gezekde 250 manat jerime salynjakdygyny aýdyp, her gezekde üstüne 100 manat goşuljakdygyny hem duýdurypdyr.

Habarçynyň we welosiped sürüjileriniň sözlerine görä, bu täze talap barada öňünden hiç hili bildiriş ýa-da duýduryş edilmändir. Şol sebäpli adamlaryň arasynda muňa nägilelik bildirenler hem bolupdyr.

"Jerime ýazylan adamlaryň biri "Hiç kim bu talaby bilenok we hijimiz öň eşitmedik. Bu barada hiç ýerde bildiriş hem edilmedi. Şol sebäpli biz arkaýyn gezdik. Siz öňünden duýduryş berip, jerime ýazman goýberseňiz bolmadymy? Biz indikide kasgaly sürerdik. Hökümetden hemme zada garaşybermeli. Basym prawaň bolmasa, welosiped sürmek bolanok diýmegiňiz hem mümkin. Biz 3 ýaşly çagamyza-da welosiped sürdürýäris. Siz ol çagalara-da jerime ýazarsyňyz" diýdi. Şonda ýokary wezipeli bir polisiýa işgäri bu adamy tussag etdirip, bir otaga äkitdirdi" diýip, welosiped sürüjisi aýtdy.

Onuň sözüne görä, şondan soň polisiýa işgärleri jerime salnan beýleki adamlara" "Indi bilýärsiňiz we siz beýleki adamlara hem duýdurarsyňyz" diýdiler. Şondan soň olaryň ählisini polisiýanyň derwezesinden çykaryp goýberdiler.

"Adamlaryň arasynda "Iýmäne çörek pulumyz ýok. Hökümet bolsa, ajyň goltugyndan çörek gözläp başlady" diýenler hem boldy" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu täze talap we aýdylanlar, şeýle-de tussag edilen adamyň ykbaly barada Mary şäher polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Ýöne bu Türkmenistanda ilata öňünden bildiriş ýa duýduryş edilmezden, täze talaplaryň we çäklendirmeleriň girizilmegi barada peýda bolan ilkinji habar däl.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň sentýabrynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlyk çäre geçirilýär. Munuň dowamynda polisiýa işgärleri ýurtdaky magistrallarda, ýollarda, köçelerde we ýodalarda köçe-ýol hereketine gözegçiligi güýçlendirýärler. Ýöne Azatlyk Radiosy welosiped sürüjilerinden edilýän täze talabyň bu biraýlyk bilen baglanyşyklydygyny ýa-da däldigini hem anyklap bilmedi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçeli bäri sagdyn durmuşyň wagyzçysy hökmünde çykyş edýär. Onuň inisiatiwasy boýunça ýurtda her ýylyň aprelinde saglyk aýy bellenilýär.

2018-nji ýylda her ýylyň 3-nji iýuny Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynda “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edildi. Döwlet baştutanynyň welosipedli gezelençleri wagtal-wagtal döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Ýurduň media we metbugat serişdelerinde welosiped sporty giňden wagyz edilýär.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda ýiti ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 30 metrlik welosiped heýkeli açyldy. Şu ýylyň 3-nji iýunynda açylan bu heýkel, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 7 müň 500 adamyň gatnaşmagyndaky welosiped ýörişi bilen utgaşdyrylypdy.

Ýurtda üç ýyl bäri, has takygy her ýylyň aprel aýynda bellenilýän saglyk aýynyň we iýunda bellenilýän welosiped gününiň dowamynda ählihalk welosiped ýörişleri hem geçirilýär. Gatnaşyjylaryň sürýän welosipedleri we sport geýimleri üçin ilatdan, şol sanda býujet işgärlerinden, studentlerden we okuwçylardan pul toplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG