Türkmenistan paýtagt Aşgabatda pandemiýada döwründe gurnalan dabaraly harby parad bilen ýurt garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny baýram edýär.
Syzyp çykýan maglumatlar ilat arasyndaky ölüm derejesiniň artýandygyny tassyklasa-da, Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Ikinji tarapdan, ýurtda ýokanç keselden goranmak üçin dürli çäklendirmeler girizildi we hatda indiki ýyldan saglyk işgärlerine biraz goşmaça töleg etmek wadasy berilýär.
Şol bir wagtda, hökümetiň Covid-19 pandemiýasynyň çuňlaşdyran ykdysady çökgünligine gaýtawul bermekde hiç bir çäre görüp bilmezligi Türkmenistanyň ozaldan hem dowam azyk krizisini has güýçlendirdi, subsidirlenen azyk önümleriniň ýetmezçiligi 2016-njy ýyldan bäri ýitileşip, özleri üçin elýeterli bolan azyk önümlerini satyn almak üçin ir sagatlardan nobata durýan adamlar köplenç öýlerine boş gaýtmaly bolýarlar diýip, Adam hukuklarynyň goraýan HRW-nyň golaýda çap eden hasabatynda aýdylýar.
2017-nji ýyldan öň Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramy 27-nji oktýabrda, 1991-nji ýylda ýurt garaşsyzlygynyň jar edilen gününde bellenýärdi we bu sene Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen, hiç bir düşündiriş bermezden we halka sala salynmazdan üýtgedildi.
Döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde prezidentiň Türkmenistanyň halkyna gutlagy çap edildi. Onda “Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr” diýilýär.
“Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap belent maksady - demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys” diýip, döwlet baştutany döwlet eýeçiligindäki metbugatda otuz ýyla golaý wagt bäri aýdylýan sözleri gaýtalap, ýene bir gezek gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri ýatlatdy.
Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri, “gazanylan üstünlikleri ýeterlik beýan etmezlikde” aýyplap, medeniýete we habar serişdelerine gözegçilik edýän orunbasarlaryny, media ýolbaşçylaryny, şol sanda beýleki uly derejeli resmileri ençeme gezek täzeledi.
Hökümet mejlislerinde we kadrlar çalşylanda, döwlet derejesindäki korrupsiýa faktlarynyň "üsti açylanda" bölekleýin tassyklanylýan problemalara garamazdan, ýurtda garaşsyzlyk ýyllarynda emele gelen agyr ýagdaý, işsizligiň derejesi, saglyk, bilim pudagyndaky, ykdysadyýetdäki çökgünlikler, jenaýatçylygyň artmagy we türme şertleri barada syzyp çykýan maglumatlar boýun alynmaýar.
Ýurtda esasy adam hukuklary we azatlyklary hemme taraplaýyn kemsidilýär, ne metbugat azat, ne sudlar garaşsyz diýip, daşary ýurtlara çykmaga mejbur bolan türkmenistanly hukuk goraýjylar aýdýar.
Soňky ýyllarda dünýäde energiýa nyrhlarynyň düýpli arzanlamagy, gümürtik we köp milliard dollarlyk döwlet taslamalaryna yzygiderli serişde goýberilip, sosial-durmuş meseleleriniň gözden düşürilmegi ilatyň durmuş derejesine agyr täsir ýetirdi we on müňlerçe adamyň ýurtdan gitmegine, daşary ýurtlarda gazanç edip, yzda galan maşgalalaryny eklemegine alyp geldi.
Bu ýyldaky garaşsyzlyk baýramy Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilen we Türkmenistanda iki palataly parlamentiň döredilen wagtyna gabat geldi.
Berdimuhamedowyň ozal ýatyran Halk maslahatyny dikeldip, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan girizilen durmuş ýeňilliklerini ýatyrmagy, ogly Serdary dürli wezipelere belläp, nobatdaky kanun üýtgetmelerini öňe sürmegi onuň häkimiýetde galmak möhletini soňsuz uzaltmaga çalyşýandygy baradaky çaklamalary döretdi we ykdysady kynçlyklaryň koronowirus pandemiýasy bilen baglylykda has çuňlaşmagy daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň biraz tijenmegine alyp geldi.
Olar dürli ýurtlarda protest çärelerini gurnap, Berdimuhamedowy hem-de daşary işler ministri Reşit Meredowy dürli jenaýatlarda aýypladylar we olaryň işden çekilmegine çagyrdylar.
Sosial ulgamlarda yzygiderli çykyş edýän türkmen aktiwistleriniň käbiriniň pikiriçe, Türkmenistanda ozal ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran syýasaty, soňra häzirki prezidentiň edýän işleri diňe adamlaryň durmuş şertlerini agyrlaşdyrman, Türkmenistany dünýä gülki edýär we türkmen döwletiniň gelejegine wehim salýar.
Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda çap edilen gutlagynda “...beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýar” diýdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.