Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident mediadan nägile, pudak ýolbaşçylarynyň işiniň 'düýpli seljeriljekdigini' duýdurýar


Hökümet başlygynyň metbugat we medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa geçirilen medeni çäreler barada hasabat berýär. Türkmen TW-sinden alnan surat.
Hökümet başlygynyň metbugat we medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa geçirilen medeni çäreler barada hasabat berýär. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Berdimuhamedow, täze orunbasar hökmünde, Mämmedowanyň “wezipesiniň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň işini seljermekden”, “kemçilikleri düzetmekden” we, “eger zerur bolsa, täze ýolbaşçylary bellemekden ybaratdygyny” ýatlatdy.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň işinden we ykdysady pudakda çözülmeýän meselelerden nägileligini bildirip, ýylyň dokuz aýyndaky işleriň netijelerine seredilende, ýolbaşçylar meselesine hem serediljekdigini, ýene bir gezek kadrlary täzelejekdigini duýdurdy.

Türkmenistanda kagyzdaky "uly ösüş" sanlarynyň yzyndan ýolbaşçy kadrlara käýinç, berk käýinç we soňky duýduryş bermek, olary işde goýberen “düýpli kemçilikleri” ýa ynanylan işi “oňarmandygy üçin” wezipesinden boşatmak garaşsyzlyk ýyllarynda adaty habara aýlandy.

Şol bir wagtda, döwlet baştutanynyň diňe özüniň karar bermeginde seçilip alynýan, jogapkär wezipä bellenilýän we uzak gitmän işden aýrylýan emeldarlaryň köpüsiniň soňky ykballary hem belli bolmaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabrda geçiren mejlisinde metbugat we medeniýet boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň hasabatyny diňläp, ýene bir gezek “üstünlikleriň” ýeterlik beýan edilmezliginden nägileligini bildirdi. Bu pudagyň öňki ýolbaşçylary hem şu hili nägilelik esasynda işlerini ýitiripdiler.

Türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, azyk gytçylygyny, maliýe meselelerini boýun almaýar we hökümet maslahatlarynda uly ösüş sanlarynyň getirilmegi, uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtamak dowam etdirilýär.

Ýurtda "durnukly saklanylýan" ösüş depginleri dünýäni aljyradan we ýurtlar arasyndaky ýük, ýolagçy gatnawlarynyň düýpli çäklendirilmegine getiren koronawirus pandemiýasy döwründe hem haýallamady.

Aşgabat keseliň ýaýramagyny haýallatmak üçin zerur bolan çäreleri belli bir derejede görse-de, Azatlygyň habarçylarynyň beren ölüm maglumatlaryna garamazdan, COVID-19 näsaglarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almady, ýokanç keseliň önümçilige, iş orunlarynyň ýapylmagyna ýetiren täsiri barada anyk maglumat bermeýär we ykdysadyýetiň ösýändigini ynandyrmaga çalyşýar.

Mysal üçin, hökümetiň sekiz aýdaky işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde ýanwar-awgust aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 4,4 göterim artandygy habar berildi, prezident indi, iş orunlaryny saklamak üçin, ýurt içinde öndürip boljak önümleri daşardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny belledi.

“Bu çäreler, ilkinji nobatda, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmäge, telekeçileriň we raýatlarymyzyň iş ýerlerini saklap galmaga gönükdirilmeli” diýip, prezident import edilýän önümleriň möçberiniň artmagynyň iş orunlarynyň ýapylmagyna ýetiren täsirlerini anyklaşdyrman aýtdy.

1991-nji ýyldan öň gök-bakja önümlerini eksport edýän ýurt bolan Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda, nädogry "oba syýasaty" zerarly, ýeralma, sogan, pomidor, azyklyk bugdaý, ýag öndürmek üçin zerur bolan pagta çigidi ýaly önümleri hem daşardan satyn almaga mejbur boldy.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky döwürde işini ýitirýän işçiler, şol sanda tejribeli mugallymlar hem köpelýär. Emma hökümet resmileri ilata we Azatlygyň habarçylaryna ýurtdaky işsizligiň derejesi, täze açylan iş orunlary, täzelikde işini ýitiren adamlaryň sany, olara edilýän döwlet kömegi hakynda maglumat bermeýär.

Habar serişdeleriniň işinden hemişe nägile bolýan Berdimuhamedow “üstünlikleri” beýan etmek meselesine awgustyň ortasyndan bäri ikinji gezek dolanýar.

Ol 14-nji awgustda “Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak” baradaky karara gol çekip, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Bu wezipe täze bellenen Mämmedowa, TDH-nyň ýazmagyna görä, metbugat sahypalarynda, teleradio ýaýlymlarda hem-de internet sahypalarynda “gazanylýan üstünlikleri, geçirilýän giň gerimli özgertmeleri” beýan etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy, emma hiç bir detal getirmedi.

Berdimuhamedow, täze orunbasar hökmünde, onuň “wezipesiniň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň işini seljermekden”, “kemçilikleri düzetmekden” we, “eger zerur bolsa, täze ýolbaşçylary bellemekden ybaratdygyny” ýatlatdy.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, “Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylary soňky ýyllarda döredilen kuwwatly maddy-tehniki mümkinçiliklerden ýaramaz peýdalanýar” we bu ýagdaýyň düzedilmegi gerek.

Azatlygyň döwlet habar gullugyndaky çeşmesiniň anonimlik şertinde aýdan çaklamasyna görä, prezidentiň bu tabşyrygy täze wise-premýeriň “bir topar kemçiligi ýüze çykarmagyna we netijede sentýabrdan soň pudakdaky ýolbaşçylaryň birnäçesiniň täzelenmegine alyp geler”.

Şu aralykda Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi hem hökümetiň düzüminde käbir ýolbaşçy kadrlaryň täzelenmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Mejlisde önüm öndürmegiň meýilnamasynyň 123,1 göterim ýerine ýetirilendigi habar berilse-de, prezident ykdysadyýetiň ýagdaýyny her gün seljermegiň, “täze iş orunlaryny döretmek baradaky meselelere gözegçilik etmegiň wajypdygyny” aýtdy.

“Gynansak-da, ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ençeme meseleler çözülmän gelýär” diýip, TDH Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär. Bu sözler ýurduň barha ýokarlanýan azyk gytçylygy, ilatyň ýerli un bilen hem ýeterlik üpjün edilip bilinmezligi barada çykan habarlaryň yz ýanyndan aýdylýar.

Döwlet baştutany bu meseleleriň çözgüdiniň pudak ýolbaşçylarynyň işine baglydygyny, ýylyň 9 aýynyň jemleri jemlenende, olaryň işiniň düýpli seljeriljekdigini we degişli netije çykaryljakdygyny aýtdy.

Synçylar Türkmenistanda üç onýyllyga golaý ulanylýan ýygy-ýygydan kadr çalyşmak we bir adamyň hökmürowanlygyny dowam etdirmek, ony hökümetiň işiniň netijelerine garamazdan öwmek praktikasynyň hiç bir üýtgeşiklik getirmeýändigini, ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG