Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly žurnalist Gyrgyzystanda gynalandygyny aýdýar


Bobomurod Abdullaýew
Bobomurod Abdullaýew

Gyrgyzystanda saklanyp, Özbegistana gaýtarylyp berlen žurnalist Bobomurod Abdullaýew Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň (MHDK) wagtlaýyn gabawhanasynda bolanynda, gynalmalara duçar edilendigini aýdýar.

Özüne Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHDK) işgärleriniň ýowuz daraşandygy üçin, ol Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasyna arz etdi. Ekspertler žurnalistiň arzasyny ünsli barlamagy talap edýärler.

Daşkentden gowşan arza

Özbegistanyň kanun goraýjylary Bobomurod Abdullaýewden öýden çykmazlyk barada dilhaty alyp, ony tussaglykdan boşadandan soň, ol bu beýanaty mälim etdi. Azatlyk Radiosynyň «Настоящее время» telekanalyna interwýu bereninde, Gyrgyzystanda saklanyp, Bişkek şäheriniň Birinji maý raýon sudy ony tussag astyna almaly diýeninden soň, ýagny 11-nji awgustda özüniň gynalandygyny aýtdy.

Aýtmagyna görä, MHDK-nyň sülçüsi ekstradisiýa edilmegi baradaky karara gol çekdirjek bolup, ony gynapdyr. Ol synag netijesiz bolansoň, žurnalisti kamera gabapdyrlar. Şondan soň wagtlaýyn tussaghananyň işgärleri oňa başgaça çemeleşipdirler. Ýöne şol karara onuň gol çekmelidigini sülçiniň hem-de türme ýolbaşçysynyň talap edýändigini aýdypdyrlar.

‒ Men düýpden garşy boldum. Olaryň bu edýänleri başa barmansoň, kamera girip, gaty haýbat bilen karara gol çekmegimi talap etdiler. Olardan uzyn boýly biri meni demir krowatda ýatyrdy-da, ýaşyl polotensa bilen bogup başlady. Men gutuljak bolup dyrjaşanymda, iki krowatyň aralygyna ýykyldym. Şonda meniň ýüzümden gan gitdi. Gaşymyň golaýyndan ýaralandym. Megerem, olar gaty gorkan bolsalar gerek, derrew kameradan çykdylar.

Bobomurodyň bu aýdan sözüni Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy hem gaýtalady. MHDK-nyň sülçüsiniň adyny bolsa Rawşan Tokonow diýip tutdy.

Özbek žurnalisti bu açyk ýüzlenmäni öz aklawçysynyň üsti bilen ýaýraty hem Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasyna arza ýollady.

Öz arzasynda MHDK işgäriniň oňa aklawçysy bilen duşuşmaga rugsat bermedigini, güýç bilen mobil telefonyny elinden alandygyny, hiç bir protokol ýazylmadygyny, bu işe adwokatyň gatnaşdyrylmadygyny ýazýar hem-de özüniň Özbegistana ekstradisiýa edilmegi baradaky karara adwokatsyz ýagdaýda gol çekmäge mejbur ediljek bolnandygyny, kanuny däl ýagdaýda ýaşaýan jaýynda barlag geçirilendigini görkezýär. Şeýle hem ol dokumente gol çekdirjek bolup, gullukçylardan biriniň polotensa bilen özüni bogandygyny ýazýar. Žurnalist ýörite gullugyň işgärleriniň zorluk hereketine protest hökmünde 12-15-nji awgust aralygynda, açlyk yglan edipdir.

Bobomurod Abdullaýewiň aklawçylaryndan biri Timur Karabaýew onuň hatynyň baş derňew organyna 27-nji awgustda gowşurylandygyny aýdýar.

‒ Biz kanun bozmalaryň hem gynamalaryň bolandygy barada resmi suratda Baş prokuratura arza ýoladyk. Entek olardan jogap ýok. Ýöne olar biziň arzamyza ähmiýet bermediler. Biz mümkin bolan çäräni görüp, MHDK işgäriniň hereketi barada Baş prokuraturanyň jogabyny almakçy hem bolan ýagdaý barada jenaýat işiniň açylmagyny talap etmekçi – diýip, aklawçy aýdýar.

«Parlament faktlary hökman öwrenmelidir»

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat-gullugyndan Bobomurod Abdullaýewiň aklawçylaryndan gowşan arza barada kommentariýa soranymyzda, ýagdaý anyklanyndan soň aýtjakdygyny mälim etdi.

Özbek žurnalistiniň arzasy barada MHDK hiç zat aýtmady. Bu edaranyň resmi wekili Rahat Sulaýmanow bilen baglanyşmak mümkin bolmady.

MHDK-nyň maglumatyna görä, Bobomurod Abdullaýew 8-nji awgustda saklanypdyr, onuň aklawçysy bolsa 9-njy awgustyň agşamynda saklandy diýipdi. 10-njy awgustda Bişkek şäheriniň Birinji maý raýon sudy ony 2020-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli MHDK-nyň wagtlaýyn kamerasynda tussaglykda saklamak barada karar çykardy. Şondan 14 gün geçensoň, 22-nji awgustda žurnalist Daşkende berlipdir.

«Özbek žurnalisti ekstradisiýa edilende, Gyrgyzystan Respublikasynyň hem-de halkara ylalaşyklarynyň kanun aktlarynda görkezilen çäreleriň ählisi nazarda tutuldy. Özbegistan hem öz gezeginde Bobomurod Abdullaýewe özüni goramak üçin ähli mümkinçilikleri berjekdigine, şol sanda ýuridiki ýardam üçin aklawçy tutmaga, gynamalara, gödek hem adamçylyga sygyşmajak synaglara tutulmajakdygyna kepil geçdi. Zerur bolan halatda, oňa medisina kömeginiň beriljegine söz berdiler» diýip, MHDK-nyň resmisi Rahat Sulaýmanow mundan öň aýdypdy.

Daşkende geleniniň ertesi güni, ýagny 23-nji awgustda Bobomurod Abdullaýewden dilhaty alyp, ony tussaglykdan boşadyp, öýden çykmazlyk şerti bilen galdyrdylar.

Bobomurod Abdullaýewiň aklawçysy onuň Özbegistana berilmegi meselesinde, Bişkegi hem-de MHDK gullugyny tankytlaýar. Sebäbi mundan öň Abdullaýew özüne bosgulyk statusynyň berilmegini sorap, Bişkege resmi ýagdaýda ýüz tutupdy. Garaşsyz žurnalistiň ekstradisiýa edilmegini birnäçe halkara guramalary hem ýazgardylar. Indi bolsa onuň gynamalara sezewar edilendiginiň üsti açylýar.

Gyrgyzystandaky gynamalara garşy Milli merkeziň ýolbaşçysy Bakyt Rysbekow žurnalistiň öz arzasynda görkezen faktlaryny diňe bir kanun goraýjylar däl, eýsem ýurduň Žokarky Keneşi hem öwrenmeli diýen pikiri öňe sürýär.

‒ Bu ilkinji tötänlik däl. Daşary ýurtlular Gyrgyzystanda adam hukuklarynyň goralýandygyna ynanyp, bu ýere gelenlerinden soň, ýurtda gynamalaryň hem bardygyny görýär. Muňa bir mysal, geçen ýylda Bişkekde saklanan gazak aktiwisti Muratbek Tungyşbaýew soňra yzyna ekstradisiýa edildi. Aslynda Gyrgyzystanyň öz üstüne alan halkara borçlary, şol sanda gynamalara garşy BMG-niň konwensiýasy bar. Şol protokollara gol çeken ýurtlar kanuna laýyklykda syýasy gaçybatalda soran adamy şol ýurtda gynamalara ýa-da başga bir zorluga duçar bolar diýip hasaplasa yzyna ýa-da başga bir döwlete gaýdyp bermeli däl. Biziň ýurdumyz ol protokoly ratifikasiýa etse-de, şeýle hereketlere ýol berýär. Bu ynsan hukuklarynyň bozulmagydyr. Bobomurod Abdullaýew bolsa Gyrgyzystanda gynalandygyny aýdýar. Men gynamalara garşy milli merkeze 19-njy awgustdan bäri ýolbaşçylyk edýän, häzir özbek žurnalistiniň saklanmagy hem bolan ýagdaýy öwrenýän. Ýöne koronawirus gadagançylyklary bilen baglanyşykly ýapyk edaralara girmek kyn, onuň üçin medisina analiziniň netijeleri gerek. Şol sebäpli ol aýdylýan fakty men häzirlikçe tassyklap hem, ýalana çykarybam biljek däl. Eger jebir çeken bu barada aýdýan bolsa, ol fakty owaly bilen ýörite komissiýa döredip, parlamentiň öwrenmegi gerek. Bu barada Baş prokuraturanyň hem adalatly çözgüdi möhüm – diýip, Bakyt Rysbekow aýdýar.

Mundan öň Bobomurod Abdullaýewe Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji («Özbegistan Respublikasynyň prezidentine kast etmek») hem-de 159-njy («Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýa gurluşyna kast etmek») maddalary boýunça günä bildirilipdi.

Ol Amerikan Merkezi Aziýa uniwersitetiniň çakylygy bilen dört aýlyk okuw geçmek üçin, 2020-nji ýylyň fewralynda Gyrgyzystana gelipdi. Ýöne žurnalist koronawirus pandemiýasy sebäpli yzyna uçup bilmedi.

Bobomurod Abdullaýewi Bişkek şäheriniň Birinji maý raýon suduna getirenlerinde, bildirilýän aýyplamalary boýun almady hem özüniň saklanmagyny kanunsyzlyk hasaplady. Özbegistanda bolsa ol oppozisiýa garaýyşlary bilen tanalýar.

Geçen 13 ýylyň dowamynda ol Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Kerimowy hem onuň ýöredýän syýasatyny tankytlap geldi. Öz makalalaryny Usman Haknazarow diýen lakam bilen berýärdi. 2017-nji ýylda güýç ulanyjylar Usman Haknazarow diýen adyň yzynda Bobomurod Abdullaýewiň gizlenýändigini aýan etdiler hem ony Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýa gurluşyna kast etmek isleýär diýen aýyplama bilen sakladylar. 2018-nji ýylyň maýynda žurnaliste şertli ýagdaýda 1,5 ýyl iş kesip, suduň zalyndan boşatdylar. Ol tä Gyrgyzystana gelýänçä, Germaniýada ýaşady.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG