Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda polisiýa gözegçiligi uçdantutma güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty. Ýol polisiýasy.
Illýustrasiýa suraty. Ýol polisiýasy.

Mary welaýatynda düýn agşam (27-nji awgustda) sagat 18:00-de polisiýa tarapyndan “usileniýa” başlady diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Güýçlendirme çäreleriniň çäginde polisiýa awto ulag sürüjileriniň dokumentlerini barlamagy ýygjamlaşdyrdy, “çem gelen sebäpleri” delil getirip, olara jerime ýazdy, dükanlary ýapdyrdy, giç agşam köçede adamlaryň hereketini çäklendirdi we giçden soň köçä çykan adamlary soraga çekip, olardan düşündiriş aldy.

“Agşam sagat 21:00-da ähli dükanlary ýapdyrdylar, mundan ozal dükanlara 22:00-a çenli işlemäge rugsat berilýärdi. 21:00-den soň polisiýa işgärleri köçede gezip ýören adamlary kowmaga başladylar. 22:00-den soň köçede adam görseler, polisiýa bölümine alyp gitdiler we ‘näme işläp ýörsüň’ diýip, sorag berdiler, düşündiriş aldylar we indi tutulsalar uly jerime salynjakdygyny duýdurdylar” diýip, habarçy aýtdy.

Welaýatyň çäginde polisiýanyň güýçlendirme çäreleri 28-nji awgustda hem dowam etdi. Günüň birinji ýarymynda güýç edarasynyň işgärleri Mary welaýatynda maska režimine gözegçiligi has pugtalandyrdy, ony berjaý etmeýän adamlara çäre gördi.

“Şu gün irden polisiýa işgärleri awtobusly çet ýerlere aýlanyp, maskasy ýok adamlary çöplediler” diýip, habarçy maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri şäher ýerlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň aralaryna-da aýlanyp, adamlaryň agyz-burun örtüklerini geýip-geýmeýändiklerine gözegçilik etdi.

Türkmenistanda häkimiýetler ýurtda boýun alynmadyk koronawirus ýokanjynyň fonunda adamlardan maska geýmegi berk talap edýär we bu talaplaryny “howanyň düzüminde tozanyň birnäçe prosent ýokarlanmagy” bilen düşündirýärler.

“Ähli etraplaryň obalarynyň köçelerine aýlanyp, köçede maskasy ýok adamlary awtobusa mündürip, polisiýa alyp gidýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Ýörite awtobuslara mündürilen agzy örtüksiz raýatlaryň polisiýa edaralaryna alnyp gidilmegi bilen, Marynyň şäher polisiýa edarasynda maskasyz ele salnan adamlaryň sany köpeldi.

“Polisiýa edarasynda adam gaty köp şu gün (28-nji awgust). Mary şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän şäher Polisiýa müdirliginiň arka ýüzündäki derwezesinden adamlary içeri saldylar, ýöne olary binanyň içine salman daşarda sakladylar” diýip, habarçy malgumat berdi.

Maskasyz tutulan adamlaryň polisiýa bölüminden çykmak üçin hödürleýän sebäpleri başga-başga.

“Ol adamlaryň arasynda ‘men öýden goňşyma çykdym’, ‘çilim çekmek üçin işige, podýezde çykdym’, ‘meniň öýümde 2 sany çaga galdy, meni goýberiň’ diýişip, adamlar gygyryşýarlar emma olaryň hiç birini hem goýberenoklar. Düşündiriş almazdan öň, polisiýa adamlardan pasport soraýar. Adamlaryň ýanlarynda pasport ýok, köp adamyň öýlerinde-de pasport ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Ol polisiýa işgärleriniň pasportlaryny görkezmedik adamlary polisiýa edarasynda näçe gün saklamaly hem bolsa, saklamaga döwtalapdygyny aýdýandyklaryny, olardan öýlerine jaň edip, pasportlaryny getirtmeklerini talap edýändiklerini gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, polisiýanyň ele salan adamlarynyň arasynda, pasportlaryny girewine goýup, pul karz alan adamlara-da duşmak mümkin.

“Öň bir gezek maskasyz tutulan adamlary göni 60 manat jerime tölemeli edýärler emma ‘töleg geçir’ diýip, berýän kagyzlarynda hiç zat görkezilmedik; ‘banka görkez, özleri biler, soňra töleg kwitansiýasyny getir’ diýýärler. Banka 60 manat tölemäge barsaň, daşyndan 11 manat kagyz üçin töledýärler” diýip, habarçy aýtdy we polisiýa işgärleriniň adamlardan degişli tölegi gyssagly geçirmegi talap edýändiklerini sözüne goşdy.

Habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan ençeme maryly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň degişli tölegleri gyssagly talap etmegi, galyberse-de olaryň pagta çürtümi, pagta ýygymy ýaly “dürli bahanalar bilen” döwlet edaralarynda işleýän adamlaryň zähmet haklaryndan töleg talap etmegi, hususan-da, olary nagt talap etmegi köplerde nägilelik döredýär.

“Ine, geçen aý abuna ýazylmaly diýip, nagt 50 manatdan pul ýygnadylar, ýöne edaralara hiç hili gazet-žurnal paýlanmaýar” diýip, habarçy Mary welaýatyndan habar berdi, üstesine, onuň sözlerine görä, abuna üçin işgärlerden pul ýygnan edaralar, gazet-žurnallaryň gijikdirilýändigine garamazdan, ýygnan pullaryny yzyna gaýtaryp bermeýär.

Mary welaýatynyň polisiýa müdirligi welaýatyň çäginde yglan edilen güýçlendirme çäreleriniň haçana çenli dowam etjegi we onuň mümkin bolan sebäpleri barada beýanat bilen ýurduň ýerli ýa-da milli media serişdelerinde ilata düşündiriş bermeýär.

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitinde polisiýa gözegçiliginiň uçdantutma güýçlendirilmegi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG