Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda çäklendirmeden soň, etrap we oba ilatynyň pul nagtlaşdyrmagy has-da kynlaşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Marynyň häkimiýetleriniň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen soňky çäklendirmesinden soň, etrap we oba ýaşaýjylarynyň öz bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagy has-da kynlaşdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän baýramalyly habarçysy etraplaryň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýandygyny, her hepde-de diňe 20-30 çemesi adamyň öz aýlygyny nagtlaşdyryp bilýändigini aýdýar.

"Indi welaýat merkezindäki bankomatlardan diňe şäher ýaşaýjylary pul nagtlaşdyryp bilýär. Ýöne etraplarda ýaşaýan halk öz etraplarynyň bank şahamçalaryndaky bankomatlardan hem pul çekip bilmeýär. Köp etrabyň bankmatlaryna hepdede bir ýa-da iki sapar pul salynýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bankomatlara salynýan puluň möçberi 7-8 müň aralygynda bolup, bu serişde talon berlen adamlaryň diňe 10-15 sanysyna ýetýär.

Galyberse-de, etraplarda ýerleşýän banklaryň işgärleri diňe etrap we etrap merkeziniň ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat berýärler. Olar obalardan gelen ýaşaýjylardan öz obalarynda ýerleşdirilen bankomatdan peýdalanmagy talap edýärler.

"Bankomat hemme obada ýok. Her 4-5 obanyň birinde bankomat ýerleşdirilen. Oba ýerlerinde talon berilmeýär. Ýaşaýjylar öňküsi ýaly bankomadyň ýanynda adyny belledip, şol ýerde gijesi bilen, nobaty ýetýänçä garaşmaly bolýarlar. Eger ol ýerden gaýtsalar öz nobatlaryny ýitirýärler" diýip, habarçy belledi.

Habarçy köp obadaky bankomatlara düýbünden pul salynmaýandygyny aýdyp, olaryň arasynda Garagum etrabynyň Ak altyn obasynyň we Türkmengala etrabynyň "Zähmet", "Kemine" daýhan birleşikleriniň bardygyny hem belledi.

"Şäherdäki nobatlary aýyranlary bilen halka hiç hili peýda bolmady, gaýta ilat indi puluny nirede nagtlaşdyrjagyny bilmeýär. Oba adamlary öňküden-de beter çykgynsyz ýagdaýa düşdüler. Köp adam çagalaryna okuw eşiklerini we esbaplaryny satyn alyp bilmeýär. Sebäbi kartdan diňe 100-200 manat möçberde söwda edip bolýar" diýip, etrap we oba ýaşaýjylarynyň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bankomatlarda nagt ýetmeçiligi barada agzalan etraplaryň we obalaryň hakimiýetlerinden kommentariý alyp bilmedi.

12-nji awgustda Marynyň ‘Senagat’ we ‘Daýhanbank’ banklarynyň işgärleri kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran ýüzlerçe adamyň öňüne çykyp, mundan beýläk beýleki etraplardan gelen ýaşaýjylaryň diňe sebitlerindäki degişli banklaryndan pullaryny alyp biljekdiklerini yglan etdiler.

Azatlygyň habarçysy, bank işgärleriniň bildirişinden soň, ýüzlerçe adamyň şäheriň merkezi ‘Mollanepes’ köçesini baglap, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler çözülmese, sebiti terk etmejekdiklerini aýdandygyny gürrüň berdi. Sebite gelen resmiler we howpsuzlyk güýçleri adamlara haýbat atyp, olaryň käbirini tussag etdiler. Soňra adamlar durmakda hiç hili peýdanyň ýokdugyny aýdyp, lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar.

Bellesek, mundan ozal welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde bankomatlarda pullaryň ýoklugy sebäpli, ol ýerleriň ýaşaýjylary pullaryny nagtlaşdyrmak umydy bilen, onlarça kilometr ýol söküp sebitiň administratiw merkezlerine gelýärdiler.

14-nji awgustda Azatlygyň ýerli habarçysy Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde öňkülerden tapawutlylykda adamlaryň sanynyň göz-görtele azaladygyny aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, welaýatyň etraplaryndaky bankomatlaryň öňünde adamlaryň sany köpelip, häkimiýetler ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edip başladylar.

Bu aralykda, Azatlygyň ýerli habarçysy "gowy tanyş" tapsaň, kartdaky puly hatda şäherde-de nagtlaşdyryp bolýandygyny, ýöne munuň üçin ýaşaýjylaryň 50 manat tölemelidigini habar berýär.

"Karty adama öňünden bermeli. Ol polisiýa işgäri bilen gepleşip, karty polisiýa ýa-da bank işgärine berýär. Bir gün geçensoň jaň edip, aýlygyň talonsyz we "propiskasyz", ýagny şäherde ýazgyda durmazdan nagtlaşdyrylandygyny aýdýarlar. Iň esasy zat, olar kartdaky puly irden sagat 4:30 töweregi çekýärler. Sebäbi puluň nagtlaşdyrylandygy barada SMS gelýär" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, şol sanda maliýe ýetmezçiligini we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG