Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda bankomatlaryň hyzmat ediş tertibi üýtgeýär. Nobatdaky adamlaryň sany 400-e ýetýär


Maryda bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar.
Maryda bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar.

Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly uly nobatlar egsilmeýän mahaly, ýerli banklaryň käbiri şäher, käbiri etrap ýaşaýjylary üçin hyzmat edip başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz üç maryly habarçysy habar berýär.

""Türkmenbaşy" we "Daýhan" banklarynyň bankomatlaryndan diňe etrap ýaşaýjylary peýdalanyp bilýärler. Anna gününden başlap "Senagat" bank şäher ýaşaýjylaryna hyzmat etmeli edildi. "Halk" banky hem şeýle etjek bolýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Beýleki bir habarçymyz bolsa, "Türkmenistan" bankynyň şahamçasynda ýerleşýän bankomatlarda diňe şäher ilatynyň, beýlekilerde etrap ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat beriljekdigini aýdýar.

"Häzire çenli "Halk" bank hem şäher ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. Ýöne indi bu bankdaky bankomatlardan hem diňe etrap ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyryp biljekdigi aýdylýar" diýip, maryly habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz bank resmileriniň bankomatlardan etrap ýa-da şäher ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyryp bilýändigi barada öňünden maglumat bermeýändigini hem aýdýarlar.

"Köp adam ençeme sagatlap ýa-da gijeden nobata durandan soň, nobatlary ýetende ozleriniň bankomatdan pul alyp bilmeýändigini bilip galýar. Sebäbi bankomadyň golaýyna ýeteniňde, polisiýa pasportyňy barlaýar" diýip, habarçy aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Mary şäherindäki bankomatlaryň öňündäki nobatlar egsilmeýär. Olaryň her biriniň öňünde kartlaryndaky aýlyk we pensiýa haklaryny, kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlaryň sany 400-e ýetýär.

"Mollanepes köçesinde ýerleşýän "Daýhan", "Türkmenistan", "Garagum" we "Senagat " banklaryň bankomatlarynyň öňünde adamlar gije sagat 22:00-dan başlap öz atlaryny nobata ýazdyrýarlar. Olar öýlerine gitmän, bankyň ýanynda gijesini geçirýärler. Kimsi ýoluň gyrasynda oturýar, garry adamlar ýanlary bilen palas alyp gelýärler. Eger-de öýlerine gaýtsa, olaryň nobatlary gidýär we şol sebäpli olar gijelerini şol ýerde geçirýärler" diýip, beýleki bir habarçymyz aýtdy.

Onuň sözüne görä, nobatlarda garry erkek adamlar, garry aýal maşgalalar, elleri kiçijek bäbekli gelinler, göwreli aýallar we maýyplar hem köp. Bankamatlarda pul sagat 7:30-da berilip başlanýar. Her adam kartyndaky 100 manady nagtlaşdyryp bilýär. Eger-de nobata duran adamda iki kart bolsa, onda onuň ikinji kartdan pul nagtlaşdyrmagyna rugsat berilmeýär.

Habarçy duşenbe güni günortana ýakyn bank ulaglary "Türkmenistan" bankynyň daş ýüzündäki we "Daýhan" bankynyň arka ýüzündäki iki bankomada pul salmak üçin gelende, adamlaryň arasynda ýakalaşyklaryň hem bolandygyny aýtdy.

"Adamlar edil zombi kinolaryndaky ýaly ylgaşdy, nobat diýen zat ýatdan çykdy. Derwezäni gulpladylar, adamlar itekläp derwezäniň gulpyny döwüp içine girdiler. Şonda käbir adamlar ýaka tutuşdylar. Bank işgärleri bankomada pul goýandan soň, maşynlaryna münüp derwezeden çykmakçy bolup, adamlara signal berip gaçyň diýseler-de, adamlar gulak asmadylar we olar adamlardan ýaňa zordan çykdylar. Salynan pul göni 10 adama ýetdi, ondan soň ýene bankomatda pul ýok. Adamlar çäresiz, ýaş gelinleriň arasynda aglaşyp duranlary hem bar" diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bankomatlardan gysga wagtda pul nagtlaşdyryp berýän ýörite adamlaryň bardygyny, olaryň bu "hyzmat" üçin 50-80 manat talap edýändigini hem aýdýarlar.

"Eger 50 manat berseň 2 sagadyň dowamynda el nomeriňe aýlap, "puluňy çekdim, alyp git" diýýärler. 7-nji awgustda "Halk" bankyň öňünde aýallaryň bir topary nobat bellänleriň arasynda nobatlary satýanlaryň bardygyny aýdyp, nobata duran adamlar we polisiýa işgärleri bilen gohlaşdy" diýip, habarçymyz belledi.

Habarçy adamlaryň ýurtdaky ýagdaýlardan nägile bolup, döwlet syýasatyny aç-açan tankyt edýändigini aýdyp, töwerekde duran polisiýa işgärleriniň bu aýdylanlary eşitmeýän ýaly bolup durýandygyny belleýär.

"Bir ýyl öň hem adamlar gürlemäge, nägileliklerini aýtmaga çekinýärdiler. Häzir adamlaryň köpüsi döwlet öz halkyny goraman gaýta diňe köseýär, bizi hökümet halys gula öwürdi diýýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden, şeýle-de agzalan banklardan kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, bankomatlaryň öňündäki nobatlar we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada aç-açan çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG