Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aýsultanyň ruhy Nazarbaýewleri entek köp wagtlap yzarlar". Eks-prezidentiň maşgalasynyň üstündäki gara bulut


Nursoltan Nazarbaýew prezident wagtynda Almatyda açylan güýmenje-oýunlar merkezinde, aýaly Sara hem agtygy Aýsultan (sagda) bilen. Almaty, 1997-nji ýyl.
Nursoltan Nazarbaýew prezident wagtynda Almatyda açylan güýmenje-oýunlar merkezinde, aýaly Sara hem agtygy Aýsultan (sagda) bilen. Almaty, 1997-nji ýyl.

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Aýsultan Nazarbaýewiň ýogalmagy ýurduň iň ýokary maşgalasynyň içindäki garşylygy has ýitileşdirip biler.

Aýsultan Nazarbaýew 30 ýaşynyň dolmagyna iki hepdeden az wagt galanda ýogaldy. Ol aşa uly mümkinçiliklerden peýdalanan, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygydy. 16-njy awgustda ýogalan Aýsultanyň ölüminiň sebäbini ýürek durmagynyň netijesinde diýip habar berdiler.

Nursoltan Nazarbaýew agtyklary Aýsultan (çepde) hem Altaý bilen. 1992-nji ýyl.
Nursoltan Nazarbaýew agtyklary Aýsultan (çepde) hem Altaý bilen. 1992-nji ýyl.

Aýsultan aşa hökümli hem awtoritar prezident bolan N. Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewanyň hem-de örän täsirli şahsyýet saýylan Rahat Aliýewiň kiçi ogludyr. Asyl käri wraç bolan Rahat Aliýew ýurduň iň ýokary maşgalasyna goşulyp, öz geljekki ösüşini kepillendirdi hem şahsy baýlygyny artdyryp bildi.

Aýsultan mälim bolşuna görä, soňky ýyllarda neşe belasyna ýolukdy. Ölmezinden öň gazak syýasatçylaryny hem öz maşgalasyny paş edýän ençeme maglumat ýaýratdy. Olardan birnäçesi gulaga geň eşidilse-de, arasynda örän dogruçyl, inkär edip bolmajak hakykatlaram bardy. Bu ýokary derejedäki çinownikler hem öz maşgalasy üçin ýakymsyzdy.

Gazagystandaky iň täsirli maşgala – Aýsultan Nazarbaýewiň ölümi hakda:

Kakasynyň ölüminden bäş ýyl geçenden soň Aýsultanyň birden aradan çykmagyna köpler şübhe bildirýärler.

IKI ÖLÜM

Iki çaganyň atasy bolan Aýsultanözüniň neşä ýolukmagyny 2015-nji ýylyň ýanwar hem fewral aýlarynda, owaly atasy Muhtar Aliýewiň, soňra kakasy Rahat Aliýewiň ölüminden soň başlanandygyny aýtdy. Aýratyn-da, kakasynyň ölümini ýatlap, munuň öz durmuşynda öwrülişik bolandygyny ýatlady.

Gazagystanyň prokuraturasynyň tassyklamagyna görä, Aýsultanyň kakasy şeýle täsirli bolup, köp ýyllap prezident bolup oturan gaýynatasyny häkimiýet başyndan çetleşdirmäge synanyşypdyr.

Rahat Aliýewi 2002-nji ýylda Ýewropa döwletlerine ilçi belläp, ýurduň daşyna çykardylar, ýöne ýurduň içinde onuň şahsyýetiniň töweregindäki dawalar artyp başlady. Üç ýyldan soň ol Gazagystana geldi, ony Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellediler.

Ýurtda emele gelen nobatdaky dawa-çekişmeden soň, 2007-nji ýylda Rahat Aliýewi ýene ýurduň daşyna iberdiler. Şonda Dariga onuň bilen nikasyny bozdy hem Rahat ähli döwlet mümkinçiliklerinden mahrum boldy, onuň Gazagystanda bolan aktiwleri konfiskasiýa edildi. Soňra-da gaýybana sud edilip, korrupsiýada, galp pullary ýuwmakda, adamy fiziki gynamakda hem adam ogurlygynda, adam öldürmekde, döwlet agdarylyşygyny geçirmekde aýyplandy.

Gazagystan hökümeti Rahat Aliýewi ýurda gaýtaryp getirmek üçin iş alyp bardy, ýöne ol ýedi ýyllap Ýewropada erkin ýagdaýda galmagy başardy. Ol Nazarbaýewi hem onuň töweregindäkileri tankyt etdi. Rahat Aliýew kitap çykardyp, onda ýurduň lideri baradaky hakykaty aýan edýändigini aýtdy hem gazak hökümetleri tarapyndan özüne bildirilýän aýyplamalar şekilli aýyplamany Nazarbaýewe bildirdi.

2014-nji ýylda Rahat Aliýew özüni Awstriýa hökümetine tabşyrdy. Ol türmä ýerleşdirilip, bir bankiri ogurlamak hem öldürmek aýyplamasy boýunça Wenada boljak sud diňlenişigine garaşdy. 2015-nji ýylyň fewralynda ony öz kamerasyndan öli tapdylar. Käbir barlagçylaryň aýtmagyna görä, ol boglup öldürilenem bolsa, resmi ýagdaýda özüni öldüripdir diýdiler.

ÝOKARY ÝEŇILLIKLI TERBIÝE

Dariga bilen Rahatdan üç çaga boldy, Aýsultan olaryň ikinji çagasy. Kakasy ýamanatly bolandan soň, Aýsultan Beýik Britaniýadaky Korollyk harby akademiýada okady hem 2009-2010-njy ýyllarda Sandherstde ýaşady. Soňra Gazagystana dolanyp gelip, 2012-nji ýyldan Goranmak ministrliginiň Baş razwedka uprawleniýesinde işe başlady. 2017-nji ýylda Gazagystanyň Futbol federasiýasynyň wise-prezidenti wezipesine bellendi.

Şol wagtlarda Aýsultanyň neşä ýolugandygy ýüze çykdy. Bu barada ol 2017-nji ýylyň fewralynda Facebook sahypasynda ýazdy hem atasy bilen kakasynyň şübheli ölüminden soň, neşe ulanýandygyny mälim etdi.

Merhum akademik Muhtar Aliýew bilen hoşlaşyk. Aýsultan Nazarbaýew (çepden birinji), Nurali Aliýew (çepden ikinji). Almaty, 2015-nji ýylyň 13-nji ýanwary.
Merhum akademik Muhtar Aliýew bilen hoşlaşyk. Aýsultan Nazarbaýew (çepden birinji), Nurali Aliýew (çepden ikinji). Almaty, 2015-nji ýylyň 13-nji ýanwary.

Owal başda babasy Nursoltan Nazarbaýewiň ýardamy bilen Aýsultan neşe belasyndan saplanypdyr diýildi, soňra neşä baglylykdan aýrylyşyp bilmeýändigi, onuň şahsy meselesiniň bardygy aýdyldy.

2018-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Aýsultan Facebooksahypasynda Russiýanyň Baş prokuraturasyna, içeri işler hem daşary işler ministrliklerine, şeýle-de Federal howpsuzlyk gullugyna minnetdarlygyny bildirip, özüniň «ýene azatdygyny» aýdyp, ýazgy galdyrdy.

2019-njy ýylyň ýanwarynyň aýagynda, Facebook’daky beýleki bir habarynda, ol Gazagystanyň Migrasiýa gullugyny hem Içeri işler ministrligini tankytlap, «pasportsyz adam bolup»galandygyny ýazdy.Ol maglumatda ýene şeýle diýilýär:«Russiýadaky şahsy türmeden çykmagy başaranymdan soň, men öýüme dokumentsiz geldim – bar zadymy ogurladylar hem ýok etdiler».

Ol sözüni şeýle dowam etdirdi: «meniň ýüz tutara adamym bar – men prezidentiň agtygy». Şonuň bilen birlikde ol:«Munuň özi dowzah, biziň döwlet organlarymyzda nämeler bolýar»diýip, ýazgy galdyrdy.

Aýsultan 2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda London myhmanhanasynyň 8-nji gatdaky balkonyndan, özüni ýere oklajakdygy bilen haýbat atdy.

Iki gün geçenden soň ol Londonyň merkezinde kesekiniň kwartirasyna girdi. Ol ýerde öz zatlaryny goýup, goňşy kwartirany talamak isläpdir.

Aýsultan ýetip gelen poliseýlere garşylyk görkezip, bir ofiseriň elinden gaty berk dişläpdir. Onuň garşysyna elektroşoker ulanýarlar, ahyrynda ol polisiýa tabyn bolupdyr.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda London sudy Aýsultany jemgyýetçilik işlerinde işlemäge höküm çykardy hem ogurlyga giren kwartirasyna ýetiren zyýanyny tölemegi üçin jerime saldy. Şeýle hem neşä baglylykdan saplanmagy üçin, bejergi almagy buýurdy.

AISULTAN JESUS

Mälim bolşuna görä, 2020-nji ýylyň ýanwarynda Aýsultan LondonyňPriory Hospital Hayes Grovekeselhanasynda interwýu berip, Nursoltan Nazarbaýewiň öz babasy bolman, eýsem kakasydygyny mälim edipdir. Öz ejesiniň N. Nazarbaýewiň ölümini isländigini, şonuň üçinem Nazarbaýewiň 2019-njy ýylyň martynda otstawka çykmaga mejbur bolandygyny aýdypdyr. Sebäbi ony Dariga mejbur edipdir. Şeýle hem ol Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň adamlary özüne işletmek üçin, «magiýa»ulanýandygyny aýdypdyr.

Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň prezidenti we onuň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa wise-premýer wagtynda. Almaty, 2016-njy ýylyň 1-nji maýy.
Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň prezidenti we onuň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa wise-premýer wagtynda. Almaty, 2016-njy ýylyň 1-nji maýy.

Facebook sahypalarynda Aisultan Jesus Rakhatady bilen onuň goýýan ýazgylaryny görmek bolýar. Onda aýdylmagyna görä, Gazagystanyň hem Russiýanyň döwlet derejesindäki korrupsiýasy gazak halkyna«milliardlarça dollara»durýar.

Beýle ýazgylary goýýan awtoryň pikirine görä, öz babasyna garşy dildüwüşme gurnalýandygyny adamlara aýtmagy Hudaý Aýsultana tabşyrypdyr. Facebook’daky soňky maglumat 16-17-nji iýulda bolup, ol Bladimir Kime gönükdirildi. W. Kim Gazagystandaky mis öndüriji «Казахмыс»kompaniýasynyň eýesi bolan milliarderdir. Aýsultan oňa «bar zadyň ýok boljakdygyny»hem-de«dowzahyň[Kime]şu ýerde, Ýeriň üstünde başlanjakdygyny!»aýdýar.

Aýsultan mundan birnäçe ýyl öň durmuş ýoluny bulaşdyrana, golaýda bolsa halys petige ýetene meňzeýär.

OnuňFacebook’da goýan ýazgylarynda hem interwýularynda Gazagystanyň iň täsirli adamlaryndan, şol sanda ejesinden, özüne şeýle ýakymsyz ähmiýet berendigi üçin, razy däldigini aýdyp geldi.

Aýsultanyň ölüminiň resmi sebäbi nähili aýdylsa-da, Nazarbaýewler maşgalasynyň ýiti duşmanlaryndan biri oňa ölmäge ‘kömek eden’ bolaýmasyn diýjekler tapylar. Beýlekiler bolsa sosial ulgamlarda Aýsultanyň öldürilen bolmagynyň mümkindigini, şeýle boljagyny onuň öňünden aýdandygyny ýazýarlar.

Soňky ýyllarda Aýsultan örän çylşyrymly adama öwrüldi, hatda Nazarbaýewler maşgalasynyň abraýyna howp abandyrdy. Onuň kakasy Rahat hem Aýsultanyň ruhy Nazarbaýewler maşgalasyny ýene uzak wagtlap yzarlasa gerek.

Bu ýerde aýdylýanlar Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG