Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eksklýuziw: Pompeo belarus halky üçin “gowy netije” getirjek ABŞ çärelerini wada berýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Belarusda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlary we onuň yzýany parahat protestçileri polisiýanyň basyp ýatyrmagy barada çykyş edip, “Biz belarus halky üçin gowy netije isleýäris hem-de biz muňa laýyklykda çäreleri göreris” diýdi.

Awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkany yzly-yzyna altynjy möhlete bu wezipä getiren saýlawlaryň geçirilişini mundan ozal ýazgaran Pompeo 12-nji awgustda Pragada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren giňişleýin interwýusynda “biz zorluga we onuň netijelerine syn etdik, parahatçylykly protestçilere olara mynasyp däl usullar bilen çemeleşildi” diýdi.

Oppozisiýanyň “galp” atlandyran 9-njy awgustdaky saýlawlar tapgyr üç agşam geçirilen köpçülikleýin protestlere ýol açdy, polisiýanyň zorlugy we müňlerçe tussag etmeler protestlere kölege saldy.

Pompeo Birleşen Ştatlaryň heniz takyk jogaby kesgitlemändigini, ýöne görüljek çäreler babatynda Waşingtonyň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlejekdigini aýtdy.

Saýlawyň we onuň netijeleriniň ABŞ-Belarus gatnaşyklarynyň geljegine, şol sanda wada berlen ABŞ nebitiniň iberilmegine täsir edip-etmejekdigi barada soralanda, Pompeo: "Biz munuň üstünde işlemeli bolarys... saýlawlar bizi gaty aladalandyrdy we munuň has erkin hem-de adalatly däldigine çuňňur gynandyk" diýdi.

ABŞ-nyň Owganystandaky Goşuny

Merkezi Ýewropa ýurtlaryna, şol sanda Sloweniýa, Awstriýa we Polşa amala aşyrjak bäş günlük saparynyň başynda Çehiýa respublikasynyň paýtagty Praga gelen Pompeo başga-da birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdy.

Olaryň arasynda ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerine hüjüm etmek barada Russiýanyň "Talyban" söweşijilerine baýrak teklip edendigi hakdaky öňe sürmeler, BMG-niň Eýrana garşy ýarag embargosyny uzaltmak üçin Waşingtonyň näme etmegine garaşylýar, Birleşen Ştatlarda demonstrantlara garşy zorlugyň Waşingtonyň daşary ýurtlardaky abraýyna ýetiren täsiri diýen meseleler bar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Birleşen Ştatlaryň esgerlerini öldürmek üçin Russiýanyň "Talybana" we onuň Owganystandaky wekillerine pul teklip edendigi barada ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň habar berendigi hakky habarlara ynanýandygy ýa-da ynanmaýandygy soralanda, Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy baradaky meseleleri hiç haçan kommentirlemeýändigini aýdyp, bu barada maglumat bermekden saklandy.

"Biziň aýdanlarymyz şular: Eger ruslar amerikanlary ýa-da beýleki günbatarlylar öldürmek üçin pul teklip edýän bolsa, onda munuň tölenmeli gaty gymmat netijesi bolar. Men [Russiýanyň] daşary işler ministri [Sergeý] Lawrow bilen hem şuny paýlaşdym. Harbylarymyzyň olaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen gürleşendigini hem bilýärin. Biz muňa çydamlylyk görkezmeris. Biz muňa ýol bermeris" diýip, Pompeo aýtdy.

Ýewropaly ýaranlaryň arasynda ABŞ-nyň Eýrana garşy ýarag embargosynyň näbelli möhlete uzaltmak baradaky tagallalaryna garşylyk görkezmek ähtimallygy barada Pompeo "haýsydyr bir ýewropa ýurdunyň eýranlylaryň ýarag edinmek mümkinçiligini goldamagynyň manysy ýok" diýdi.

"Meniň pikirimçe, olar munuň nämedigini anyk bilýärler" diýip, ol häzirki wagtda 15 agzaly Howpsuzlyk Geňeşinde çözülýändigi habar berilýän rezolýusiýa taslamasy, ýagny ABŞ-nyň teklibi barada aýtdy.

"Men olar Birleşen Milletler Guramasynda şeýle ses bererler diýip umyt edýärin. Men olar muny görerler diýip umyt edýärin" diýip, Pompeo aýtdy.

"Biziň hödürlejek bolýan rezolýusiýamyz ýarag embargosynyň uzaldylmagyny ýene bir wagta goýmagy soraýar. Bu şeýle gönümel" diýip, ol belledi.

Eýranyň ýaranlary Russiýanyň we Hytaýyň şeýle teklibe weto goýup biljekdigi baradaky soraga ABŞ-nyň döwlet sekretary: "Biz ony yzyna getireris. 2231-nji rezolýusiýa laýyklykda, biziň muny etmäge hukugymyz bar we biz muny ederis" diýdi.

BMG-niň 2231-nji rezolýusiýasy 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi we resmi taýdan Hereket etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn plan (JCPOA) diýlip atlandyrylýan Eýranyň ýadro şertnamasyny tassyklady.

2018-nji ýylda Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almaga gönükdirilen howpsuzlyk kepillikleriniň deregine Tährana garşy sanksiýalary ýeňilleşdirýän şertnamadan ýüz öwürdi.

Russiýanyň Metbugat Basyşy

Şeýle-de, Pompeo Russiýanyň bu ýurtda işleýän daşary ýurt habar beriş serişdelerini nyşana almak ugrundaky soňky tagallalaryny ara alyp maslahatlaşdy. Mundan ozal döwlet sekretary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna we Amerikanyň Sesi radiosyna Russiýa tarapyndan "täze agyr talaplaryň" giriziljekdigini duýdurypdy.

Pompeo 10-njy awgustda ýaýradan beýanatynda ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän iki habar beriş serişdesiniň Russiýada eýýäm "möhüm we esassyz çäklendirmelere" duçar bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol Russiýanyň döwlet metbugat düzgünleşdirijisiniň "daşary ýurt agentleri" hökmünde bellige alnan ähli habar beriş serişdelerinden özlerini şeýle bellige almagy ýa-da 5 million rubla ($70000) çenli jerime tölemegi talap edýän soňky taslama kararynyň Waşingtony "çuňňur aladalandyrandygyny" hem belläpdi.

Pompeo 12-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş edarasynda eden çykyşynda "Biz hakyky basyş edip, edilmeli dogry işiň metbugat azatlygyna ýol bermekden ybaratdygyna ynandyryp bileris diýip pikir edýärin" diýdi.

"Biz muny ýazgardyk. Şeýle-de, biz Russiýanyň betniýetli hereketleriniň beýleki elementleri üçin hem uly göwrümli sanksiýalar girizdik. Biz bu babatynda dünýäniň beýleki ýurtlary hem bize goşular diýip umyt edýäris. Biz metbugat azatlygyna sarpa goýýan, käte ýolbaşçylar halamasa-da, garaşsyz habarçylaryň sorag bermegini isleýän ýurtlar-da bize goşular diýip umyt edýäris" diýip, Pompeo belledi.

Pompeo ABŞ-da soňky döwürde sosial adalatsyzlyga garşy geçirilen protestleriň dolandyrylyşynyň, şol sanda parahat ilata we žurnalistlere garşy polisiýa güýçleriniň ulanylmagynyň Waşingtonyň abraýyna zyýan ýetirip-ýetirmändigi we onuň awtoritar režimleri tankytlamakdaky ahlak abraýyny gowşadyp-gowşatmandygy baradaky soragy "kemsidiji" diýip atlandyrdy.

Ol "ABŞ bilen bu awtoritar režimleriň arasyndaky tapawudyň mundan has aýdyň bolup bilmejekdigini" aýtdy.

"Bizde kanunyň hökmürowanlygy bar, metbugat azatlygy bar, şol adamlaryň her biri degişli kanuny proseduralar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bizde parahatçylykly protestçiler bolanda, biz olaryň öz pikirlerini, sözlerini aýtmagy üçin giňişlik döredýäris" diýip, Pompeo belledi.

"Muny awtoritar režimlerde bolup geçýän wakalar bilen deňeşdiriň. Hatda olary deňeşdirip başlamak, polisiýa güýçlerimiziň, hukuk goraýjy işgärlerimiziň Amerikanyň hemme ýerinde edýän ajaýyp işi sebäpli Amerikanyň ahlak abraýyny sorag astyna almak -- Men açyk aýtsam, soragyň özüni düşnüksiz we kemsidiji hasaplaýaryn" diýip, ol aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG