Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlaryň aradan aýrylandygy baradaky habarlaryň fonunda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dükanlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar.
Azatlyk Radiosynyň bu barada Baýramalydan habar berýän habarçysy nobatlaryň daňdan sagat 04:00-da emele gelip başlaýandygyny, ýöne polisiýa işgärleriniň nobata duran adamlary buky ýerlerde gizlemäge synanyşýandygyny aýdýar.
"Şu gün irden şäheriň köne bazarynyň golaýynda ýerleşýän 19-njy dükanyň öňünde polisiýa işgärleri nobata berk gözegçilik edip başladylar. Olar ýag nobatyna duran adamlara başga ýerde durmagy, uly ýoluň gyrasynda görünmezligi tabşyrdylar. Şeýle-de, olar dükan açylandan soň, her gezekde 5-6 adamyň gelmelidigini talap edip, nobata duran ilata haýbat atdylar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan baýramalyly habarçymyz 17-nji iýunda gürrüň berdi.
Ol ilatyň polisiýa işgärleriniň haýbatly gürleýşine gaharlanandygyny hem belläp, polisiýa işgärleri bilen nobata duran adamlaryň käbiriniň arasynda dawa-jenjeliň we ýakalaşygyň hem bolandygyny aýdyp, bir wakany gürrüň berdi.
"Ýaşuly bir adam "Sen bizi bärden kowup, öz tanyşlaryňa nobat belläp, iliň öňünden saljak bolýaňmy?! Onsuzam hepdede 1 sapar çigit ýagyny berýärler. Her gezek gije ukyny alman nobata durýaryn, emma nobat maňa ýetmänkä ýag gutarýar. Nobaty siz we ýolbaşçylar ýörite döredýär. Näme üçin her hepde adamlar nobata durmaly we 1 litr çigit ýagyny almaly? Aýda bir gezek durup, 4 litr berse bolmaýarmy? diýip, gygyryp başlady. Polisiýa işgärleri şol adamy ulaga salyp äkitmekçi bolanda, ol polisiýa garşylyk görkezdi. Netijede olaryň arasynda ýakalaşyk döredi" diýip, habarçy aýtdy.
Aýdylmagyna görä, şonda nobata duran beýleki adamlar ýerli-ýerden "Dogry aýdýar. Siz adam baryny köseýärsiňiz" diýip, ýaşuly adamy alyp galmaga synanyşýarlar, ýöne bu başa barmaýar.
"Ýaşuly adamy golaýda ýerleşýän şäher polisiýa merkezine eltip saldylar. Adamlaryň arasynda onuň halyndan habar tutmakçy bolanlar hem bar. Emma polisiýa merkeziniň derwezesindäki işgärler bu ýere baran adamlara "bilmedim" diýip jogap berýärler" diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar we ýaşulynyň ykbaly barada Baýramaly şäher polisiýasyndan kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.
Baýramalynyň ilaty döwlet dükanlarynyň öňünde çigit ýagyndan başga-da, çörek nobatlaryna hem ir bilen sagat 05:00-dan nobata durup başlaýar.
"Çagalaryň süýji ukuda ýatmaly wagty, maşgalalar daňdan turup, çagalary bilen bilelikde dükanlaryň öňünde nobata durýarlar. Her dükanda bir maşgala 2 çörek satýarlar. Käbir maşgalalar bir dükandan çörek satyn alandan soň, başga dükana gidip nobata durýarlar. Çöregiň her biri 50 teňňeden satylýar. Käwagtlar satylýan buhanka görnüşindäki çörekleriň içi çig bolýar. Şonda-da adamlar nobata durup, gohlaşyp, käte urşup, şol çöregi alýar" diýip, habarçy gürrüň berdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda gyt azyk önümleriniň söwdasy barha kynlaşýar we gymmatlaýar.
Şu hepde Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlaryň aradan aýrylandygyny, ýöne hyrydarlaryň öz satyn alýan iýmit önümleriniň gapdalyndan tüwi satyn almaga mejbur edilýändigini habar berdi.
Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden soň, Türkmenbaşydaky döwlet dükanlarynda hem iýmit önümlerini azyk kartlary boýunça satyn almak düzgüniniň girizilendigi mälim boldy.
Şu aýyň başynda Baýramalyda bir hepde arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykarylan gyt azyk önümleriniň ilata satylýan mukdarynyň azaldylandygy, ýöne bahalarynyň ýokarlandyrylandygy habar berildi.
Türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, azyk gytçylygyny we munuň bilen bagly ilatyň başdan geçirýän problemalaryny aç-açan boýun almaýar. Döwlet mediasynda-da "ýerli iýmit önümçiliginiň ösdürilip, ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigi" barada yzygiderli maglumatlar görkezilýär.
Bu habarlaryn fonunda, 11-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, harbylary gök, miwe öndürmekde we mürepbe gaýnatmakda ulanmak planyny yglan etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.