Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden soň, Türkmenbaşydaky döwlet dükanlarynda hem azyk harytlaryny kartlar ýa-da kartoçkalar boýunça satyn almak düzgüni girizildi.
"Turkmen.news" neşiriniň 10-njy iýunda çap eden habaryna görä, azyk kartoçkalary adaty mekdep depderçesi görnüşinde bolup, onuň içine maşgala düzümi barada Öý dolandyryş edarasyndan alnan resminama berkidilýär. Onuň indiki sahypasynda bolsa şu aýda alnan azyk önümleriniň mukdaryny görkezýän tablisa ýerleşdirilýär.
"Bu önümleriň arasynda towuk eti, birinji sort un, şeker, günebakar ýagy we "Ahal" pagta ýagy bar. Şeýle-de, Öý dolandyryş edarasynyň ähli ýazgylary başlygyň möhri we goly bilen ätiýaçlandyrylýar" diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy hem tassyklap, soňky 2-3 aý bäri deňizýaka şäherleriň azyk meselesiniň ýitileşendigini aýtdy. Ol muňa ýurtdaky hereket çäklendirmeleriniň sebäp bolandygyny hem belledi.
"Balkana azyk önümleri diňe Mary we Lebap welaýatlaryndan, şeýle-de az mukdarda Gökdepe etrabyndan getirilýär. Azyk ýetmezçiligi sebäpli hususy dükanlaryň ençemesi öz işini duruzmaga mejbur boldy. Döwlet dükanlarynda bolsa, azygy kartoçkalar boýunça satyn almak düzgüni girizildi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji iýunda gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde azyk kartlary boýunça her ele 5 sany ýumurtga, 0,5 kilogram şeker, 1 kilogram un satylýar. Hatda käbir gök-bakja önümleri hem kartlar boýunça berilýär.
"Her adama 2 kilogram kartoşka, 5 kilograma çenli käşir, 1 kilogram tüwi, 2 kilogram sogan, 1 litr ösümlik ýagy we 1 kilogram düýäniň eti satylýar. Azyk kartlary bolmadyk adamlara bu önümler satylmaýar" diýip, habarçy belledi.
Ol häzirki wagtda şäherde deňiz balygynyň gadagan edilendigini, hatda käbir balyk bazarlaryna aprel aýyndan bäri gulp asylandygyny hem aýtdy.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşen, azyk we nagt ýetmezçiliginiň agyrlaşan mahaly, türkmen häkimiýetleri 30 ýyla golaý arakesmeden soň, azyk kartlary düzgünine täzeden geçdi.
Bu Türkmenistanyň 1990-njy ýyllaryň başyndaky düzgüne gaýtadan dolanandygyny aňladýar. Ýagny, türkmen hökümeti bu düzgünden soňky gezek garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýurt ýiti azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän mahaly peýdalanypdy.
Türkmenistanyň azyk kartlary düzgünine geçmek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada Azatlygyň habarçylary ilkinji gezek 2018-nji ýylda habar beripdiler.
Şu ýylyň martynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary döwlet dükanlarynda towuk budunyň kartlar esasynda çäkli möçberde satylýandygyny aýtdylar.
Geçen aý bolsa, "Turkmen.news" nesiri bu düzgüniň Balkanabat şäherinde güýje girizilendigini habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýitileşen azyk gytçylygy we olary kartlar boýunça satyn almak düzgünleri barada hiç zat aýtmaýarlar. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.