Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Sinjiangdaky "ýowuz hereketine" jogap. ABŞ-nyň kongresi sanksiýalary goldady


Sinjiangdaky«syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lageriniň» daşyndaky germew. 2018-nji ýylyň dekabry.
Sinjiangdaky«syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lageriniň» daşyndaky germew. 2018-nji ýylyň dekabry.

Hytaýyň Sinjiangda alyp barýan jeza beriji syýasatyna garşy jogap hökmünde girizilmeli sanksiýalar baradaky kanun proýekti Kongresde tassyklanyp, ABŞ-yň prezidentiniň gol çekmegine hödürlendi. Ol dokument hytaý çinowniklerine garşy personal sanksiýalary göz öňünde tutýar. Olaryň arasynda Hytaýyň Sinjiang-uýgur awtonomiýasynyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysy Çen Ssýango hem bar.

ABŞ-yň wekiller öýi 27-nji maýda sesleriň köplügi bilen prezident Donald Trampyň administrasiýasyny Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiang welaýatynyň ýerli ilatyna garşy alyp barýan gysyşy hem zorluk çärelerine jogap hökmünde sanksiýalar girizmäge çagyryş etdi.

Iki partiýaly senatda bu proýekt geçen aýyň başyndabiragyzdan goldaw tapdy, ahyrky netijede ýokary derejeli hytaý çinowniklerine garşy sanksiýa girizmäge mümkinçilik döredi. Ol çinownikler esasan musulman dinine uýýan uýgurlaryň hem şol ýerde ýaşaýan beýleki türki dilli milletleriň adam hukuklaryny depgilemekde dahylly saýylýarlar.

«Pekiniň uýgur halkyna garşy alyp barýan ýowuz hereketi bütin dünýäniň wyždanynyň tutuşlaýyn äsgerilmezligidir» diýip,kanun aktyny goldap geçirilen ýygnakda, wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi öz garaýşyny mälim etdi.

Kanuny 413 deputat goldady, 1 deputat garşy ses berdi. Indi ol proýekt ABŞ-yň prezidentiniň goldap gol çekmegi ýa-da oňa weto goýmagy üçin, Ak tama gowşuryldy.

Prezident Tramp mundan öňinçä, ol meselä «örän kesgitli derejede» garajakdygy hem kanuna gol çekjekdigini aýdypdy. Trampyň administrasiýasy mundan daşary-da Hoň Koňyň milli howpsuzlygy barada Pekine garşy birnäçe çäreleri girizmegi göz öňünde tutýar.

Birleşen Milletler Guranasy hem-de ynsan hukuklaryny goraýan toparlar Pekiniň «ekstremizme garşy göreş» diýilýän bahana bilen Sinjiangdaky milliona golaý uýgurlary hem türki dilli milletleri, şol sanda gazaklary konsentrasiýa lagerlerine salandygyny aýdýarlar.

Pekin bu aýyplamany ret edip, ol lagerleriň «professional taýýarlyk merkezidigini»öňe sürýär. Hamana, ol ýerde milli taýdan azlykda bolanlar hytaý dilini hem-de hünär öwrenýärler diýýär. Mundan öň Hytaý hökümeti Sinjiangdaky adam hukuklary bilen baglanyşykly ýagdaý boýunça ABŞ nähilidir bir çäre görse, Pekiniň muny ýurduň içki işlerine goşulyşmak hökmünde kabul etjekdigini aýdypdy.

Dokument (Uyghur Human Rights Policy Act– diýlip atlandyrylýar)Sinjiangdaky jeza beriş çärelerine dahylly bolan aýry-aýry hytaý çinowniklerine garşy sanksiýalary göz öňünde tutýar. Olaryň hatarynda regionyň Kompartiýasynyň sekretary Çen Ssýango, Syýasy Býuronyň beýleki täsirli agzalary bar.Çen Ssýangonyň Sinjiangdaky ýolbaşçy wezipä gelmegi bilen ýerli ilata garşy geçirilýän jeza çäreleri güýçlendi.

Täze kanun akty ABŞ-yň hökümetinden, Sinjiangdaky adam hukuklarynyň depgilenişi hem-de köpçülikleýin yzarlanmalar barada maglumat bermegi talap edýär.

Soňky aýlaryň dowamynda ABŞ – Hytaý gatnaşyklary ýaramazlaşdy. Tramp hem-de kongresiň käbir agzalary koronawirusyň dünýä ýaýramagynda, munuň netijesinde dünýä ykdysadyýetiniň ýaramazlaşmagynda hem-de ýüz müňden gowrak amerikanlynyň ölmeginde Hytaýyň jogapkärçilik çekmelidigini öňe sürýärler. Geçen ýylyň aýagynda koronawirusyň ilkinji ýüze çykan ýeri Hytaýyň Wuhan şäheri bolupdy.

Material AÝ/AR-nyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG