2017-2018-nji ýyllar aralygynda Şinjiangyň «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde» bolanlar tussaglykdan azat edilenlerinden soň, mejbury zähmete çekilendiklerini aýdýarlar. Olar egin-eşik tikipdirler hem taýýar geýimleri ütükläpdirler.
«AÝDYLAN PULY TÖLEMEDILER»
42ýaşly Ýeržan Kurmanuly Hytaýyň Şinjiang welaýatynyň Kulja uýezdinde doglupdyr, häzir Gazagystanyň Almaty oblastynyň Ýenekşi gazak raýonynda ýaşaýar. Sözüne görä, ol 2018-njy ýylyň fewralyndan, noýabra çenli lager tussaglygynda bolupdyr. Lagerden çykanyndan soň, iki aýlap «gulçulykda işläpdir».
– Men 2015-njy ýylda Gazagystana geldim. 2017-nji ýylda gyzymy bejertmek üçin, Hytaýa alyp gitdim, ol 2-nji topara degişli maýyp. O ýerde ýerli polisiýa meniň dokumentlerimi elimden aldy-da, maňa yzyma dolanmaga mümkinçilik bermedi. Soňra meni hem 19 ýaşly maýyp gyzymy «lagere»iberdiler. Ol ýerden boşanymdan soňam, Gazagystana gaýdyp bilmän, iki aý gulçulykda işledim – diýip gürrüň berýär.
Kurmanulynyň sözüne görä, ol ellik, egin-eşik hem trikotaždan bolan eşikleri tikýän sehde işläpdir.
– Üç gatly ol jaýda 250 çemesi adam işleýärdi. 1-nji gatda 75 adam bardy. Biz taýýar bolan ellikleri ütükleýärdik. Iki aýlyk zähmet hakyma men diňe 300 ýuan ($43 çemesi) aldym. Biz ertir 8-den, agşam sagat 6-a çenli işleýärdik. Günortan naharyna bir sagat wagt berilýär. Işe baryp-gelmegiň ýol harjy hem iýip-içjegiň öz jübiňden bolmaly. Bu eýsem gulçulyk dälmi? – diýip, ol ýüzlenýär.
Ýeržan Kurmanulynyň aýtmagyna görä, tikinçilik sehi Kulja uýezdiniň administratiw merkezinde ýerleşýär. Işe başlamazdan öň oňa administrasiýada her aýda 650 ýuan ($97 golaý) tölenjegini aýdypdyrlar, ýöne beren sözünde durmandyrlar.
– Men işe gidip gelmegim üçin otlynyň hakyny, ýagny 300 ýuan almak üçin, birnäçe arza ýazdym. Ýöne Gazagystana gaýtjak bolanymda, sehiň ýolbaşçysy maňa ‘sen 300 ýuan bergili’ diýip, meni goýbermedi. Kulja uýezdiniň administrasiýasyna ýüz tutmaly boldum. Şeýdip, meni zordan işden goýberdiler. Ahyrky demde özümi Gazagystana atdym – diýip, ol ýatlaýar.
Mundan öň Awstraliýanyň Syýasy strategiki instituty (ASPI)açyk çeşmelere, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hem kosmosdan alnan suratlara salgylanyp taýýarlan dokladynda, Şinjiangyň ilatynyň mejbury zähmete çekilmegini «Hytaýdaky uýgurlara garşy syýasatyň täze bir etapy»diýip häsiýetlendirdi.
Institutyň maglumatyna görä, 2017-2019-njy ýyllar aralygynda Şinjiangda 80 müň uýgury Hytaýyň dokuz welaýatynda bolan 27 zawoddaky «mejbury zähmetden»geçiripdirler. Ol Hytaý kärhanalary dünýäniň 87 önümçilik kärhanasyna öz harydyny çykarýar. Dokladda aýdylyşyna görä, hytaý hökümetleri uýrurlary Nike, Apple, Samsung, Sony, Cisco, HTC, Dell, Google, Microsoft, Adidas, Nike, H & M, Uniqlo, Zara, Mercedes-Benz, Volkswagen, Lenovo, Asus, HP, LG, Land Rover ýalybazarlar üçin işledýär. Şinjiangyň ýolbaşçylary bolsa ol ýerlerde işlediljek işçileriň sanyny ýene artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Şeýle hem ol dokladda uýgurlara az hak tölenýändigi aýdylýar.
«MEN BAGTLY ADAMYŇ ROLUNDA OÝNADYM»
Şinjiangdan Gazagystana gelen etniki gazak Seýsen Bazarali hem Hytaýda «lagerden»çykansoň, mejbury zähmet çekmeli bolupdyr.
–[Lagere]2018-nji ýylyň fewralynda düşdüm, 3-nji oktýabrda hem ol ýerden çykdym.Azatlykdan soň polisiýa maňa öýden çykmazlygy, hatda garyndaşlarymyň ýanyna-da gitmezligi tabşyrdy. Bir hepde geçensoň, meni ýerli polisiýa bölümine çagyrdylar, ol ýerdenem Kulja uýezdiniň administratiw merkezinde ýerleşýän tikin fabrigine ýolladylar. Meniň isleýänime ýa islemeýänime garamazdan, «gidip şol ýerde işle»diýdiler–diýip, Seýsen ýatlaýar.
Seýsen Bazarali tikin fabriginde işçiler üçin ýeňil eşikleri, erkek kişileriň köýnegini, aýal köýneklerini hem elde göterilýän torbalary tikipdir.
–Işe başlamazymdan bir hepde çemesi öň maňa tikinçilik işini öwretdiler. Ol fabrikde men üç aý çemesi işledim. Ilkinji aýymda maňa 200 ýuan ($29 çemesi) tölediler, ikinji aýda 700 ýuan ($100) aldym, üçünji aýymda 800 ýuan ($115) gazandym. Bu pul Hytaýda diňe birnäçe güne ýetýär – diýip, ol aýdýar.
Seýsen Bazarali 2019-njy ýylyň maýynda Gazagystana hemişelik gelipdir. Häzir ol Almaty oblastynyň Uzynagaş obasynda ýaşaýar. Ol Gazagystanyň graždanlygyny almak üçin arza beripdir.
28 ýaşly dizaýner Dina Nurdybaý hem «lagerden»çykandan soň, mejbury zähmete çekilendigini aýdýar. Ony 2017-nji ýylyň oktýabrynda eline zynjyr urup, «lagere»eltipdirler.
– Men syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş merkezde boldum, oňa halk arasynda«gara türme»diýilýär. Şol ýerde 11 aý bolup, 2018-nji ýylyň sentýabrynda azatlyga çykdym. Syýasy lagerde bolan tussaglaryň ählisine ýurduň içindäki zawodlara işe iberiljekdigini aýtdylar. O döwre çenli men durmuşa çykyp, göwreli boldum. Şonuň üçin meni öz raýonymyzda galdyrdylar. 2019-njy ýylyň sentýabrynda meni ýene-de syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş merkezine çekdiler, bu gezek Ili-Kazak awtonom oblastynyň Nylky uýezdindäki bölüme düşdüm. Men tussaglykda bolanymda, eşik tikmäni öwrenip başladym. Elbetde, menden ol işi etjek-etmejegini soran bolmady.Beýleki tussaglardan meniň bir aýratyn tarapym – erkin hereket edip bilýärdim – diýip, Dina aýdýar.
Dina Nurdybaýyň sözüne görä, «syýasy taýdan terbiýelenýänleriň lagerine daşary ýurtly komissiýa geleninde, ol mugallyma aýalyň eşigini geýipdir hem tussaglara eşigi nähili tikmelidigini öwredipdir».
– Bir gezek men kara-žorga tansyny oýnamaly boldum. Soňra bagtly adamyň sypatynda tans etdim – diýip, Dina ýatlaýar.
Ol 2019-njy ýylda Gazagystana geçipdir.
Hytaýdaky gazaklaryň hukuklary bilen iş salyşýan Serikžan Bilaşyň aýtmagyna görä, Hytaý Şinjiangyň musulman ilatyny 2018-nji ýyldan mejbury zähmete çekip başlapdyr.
– 2018 ýylda Hytaýyň içinde bahalar ösüp başlady. Netijede himiki zawodlarda, boýag öndüriji kärhanalarda işçi güýjüniň ýetmezçiligi duýuldy. Şondan soň gazaklary, gyrgyzlary hem uýgurlary mejbury zähmete çekip başladylar, ýöne olaryň hyzmatyna örän az – 150 dollar tölediler, ýagny hökümetler hem zawod eýeleri birleşip, adamlary ekspluatirläp başladylar – diýip, ol düşündirýär.
Köpçülikleýin habar serişdeleri hem Şinjiangdaky milli azlykdakylaryň mejbury zähmete çekilýändigini ýazýarlar. Meselem, The New York Times gazeti «lagerde»bolan tussaglaryň soňra zawod-fabriklerdäki mejbury zähmete çekilýändiginiýazdy.
2018-njiýylda BMG Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky «lagerlerde»şol sebitiň ýerli milletinden, esasan yslama uýýan milliona golaý adamyň saklanýan bolmagy mümkin diýdi.Owal başda Pekin şeýle «lageriň»bardygyny ret etdi, soňra bolsa munuň terrorizme we ekstremizme garşy göreş üçin döredilendigini öňesürüp,ony«tälim beriş merkez» diýip atlandyryp, ol ýerde hytaý dilini hem hünär öwredilýändigini aýtdy.
Pekiniň Şinjiangdaky musulmanlary yzarlaýandygy hem türmä basýandygy baradaky gizlin dokumentlerden birnäçesi aýan edildi.
Halkara žurnalistler-derňewçiler konsorsiumynyň (ICIJ) çap eden «gizlin dokumentlerinde»aýdylyşyna görä, «Şinjiangdaky musulmanlary yzarlamak çäreleri hytaý lideri Si Jinpingiň buýrugyna laýyklykda ýola goýlupdyr».
Geçen ýylyň noýabrynda New York Times neşirinde çap bolan «Hytaý hökümetleriniň gizlin dokumentlerinde», «musulmanlar ýaşaýan regionda yzygiderli barlaglaryň geçirilip durulmagynyň zerurlygy» aýdylýar.
Britaniýanyň ВВС telekanalyna hem-de Amerikanyň Associated Press informasiýa agentligine gowşan «gizlin dokumentlerde»Şinjiangdaky lagerlere salynmaly adamlaryň aýan ediliş usullary hem-de olary syýasy taýdan täzeden terbiýelemegiň düzgünlerigörkezilýär.
Material AÝ/AR-nyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.