Türkmenistanyň prezidenti 30-njy martda oba hojalyk toplumyny ösdürmek hakynda maslahat geçirip, wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe hem-de oba hojalyk we daşky gurşaw ministri Magtymguly Baýramdurdyýewe käýinç we berk käýinç yglan etdi.
Bu käýinçler global koronowirus aladalary sebäpli goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetleriň ýapylan we bazarlardaky azyk önümleriniň has gymmatlan wagtyna gabat geldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji martda geçiren iş maslahatynda hem obasenagat toplumynyň işinden nägiledigini bildirdi we içerki bazarlary haryt bilen üpjün etmegi tabşyrdy, şonuň bilen bir wagtda ol ýurtda azyk bolçulygyny döretmek üçin uly işleriň edilendigi baradaky tassyklamalaryny hem ýatdan çykarmady.
TDH-nyň maglumatyna görä, iş maslahatynda topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu aralykda, ýurduň regionlaryndan we paýtagtdan un, ösümlik ýagy ýaly, ilatyň esasy ulanýan azyk önümleriniň barha gytalýandygy we gymmatlaýandygy barada aladaly habarlar gelip gowuşýar.
Döwlet baştutany maslahatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny artdyrmak barada görkezme berdi diýip, döwlet eýeçiligindäki neşir habar berýär, emma bu maksat üçin goşmaça näçe ýeriň beriljekdigi aýdylmaýar.
Azyklyk önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeltmek baradaky tabşyryk gowaça ekiljek meýdanlaryň artdyrylan we pagta planynyň öňki ýyllarda garanda köpeldilen ýylyna gabat gelýär.
Şeýle-de, önüm öndürijiler üçin ähli şertiň döredilendigini gaýtalaýan prezident bugdaýyň, gowaçanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin, daýhanlary zerur mineral dökünler bilen üpjün etmegi tabşyrýar.
Bu tabşyryk prezidentiň ýurtda bir milliard dollardan gowrak serişdä gurlan kaliý dökünleri kärhanasynyň işiniň üç ýyl bäri ýola goýlup bilinmeýändigini, "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden garaşylan netijeleriň çykmaýandygyny boýun almagynyň yz ýanynda berildi.
Ýerli synçylar we Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän daýhanlar onlarça ýyl gowaça ekilen, suwuň bisarpa ulanylmagy, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokaryk galmagy, sowet ýyllarynda gazylan zeýkeşleriň ýeterlik arassalanmazlygy netijesinde, oba hojalygyndaky problemalaryň juda çuňlaşdyrylandygyny aýdýarlar.
Şeýle-de synçylar, şol sanda ozalky suw gurluşykçysy Nurmuhammet Hanamow, tebigaty goraýjy aktiwist we hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin Garagum kanaly we we beýleki uly suw desgalary, şor suwlary bir ýere toplamak boýunça edilen işlere, halkara ekspertlerine ýüzlenip, täzeden seredilmelidigini, bu pudakdaky zyýanyň ýaryndan gaýtmagyň peýda boljakdygyny öňe sürýärler.
Olaryň pikiriçe, bu meselede ilki dogry-düzüw plan işlenip düzülmeli, soň ol işleri amala aşyrmak üçin milliardlarça dollar serişde goýberilmeli, şonsuz oba hojalygyndaky ýagdaýyň üýtgemegine garaşmak kyn.
Bir ýyl öň, 2019-njy ýylyň aprelinde pajygaly ýagdaýda aradan çykan ýazyjy we žurnalist Amanmyrat Bugaýew ömrüniň soňky ýyllarynda baryp görmek, hünärmenler, daýhanlar bilen gürleşmek esasynda ýurtdaky suw desgalarynyň düşen ýagdaýyny, ulanylan ekerançylyk suwlarynyň ekologiýa ýetirýän zyýanyny hemme taraplaýyn öwrendi we Azatlyga ençeme interwýu berdi.
Onuň pikiriçe, ýurduň ekerançylyk we maldarçylyk, şol sanda balykçylyk pudagyndaky problemalary diňe azyk däl, eýsem milli howpsuzlyk meselesi bolup durýar. Tebigaty goraýjy F.Tuhbatullin hem bu pikir bilen ylalaşýar.
Emma türkmen hökümeti Azatlyk radiosynyň üsti bilen pikirini aýdýan hünärmenleriň ýer, suw, daýhan hukuklary, mejbury zähmet baradaky belliklerine açyk reaksiýa bildirmeýär.
Birinji gün geçirilen maslahatda hem bu problemalar agzalmady we, Berdimuhamedow anyk san ýa delil getirmezden, suw serişdelerini rejeli ulanmak üçin "köp şertleriň döredilýändigini" aýtmak bilen çäklendi.
Şeýle-de ol daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygyny sözüne goşdy.
Dogrudanam, Türkmenistan soňky ýyllarda Birleşen Ştatlardan gymmatbaha oba hojalyk tehnikalarynyň onlarçasyny satyn aldy. Şol bir wagtda, Aşgabat Özbegistanyň oba hojalyk maşynlaryny satyn almagy hem ýygjamlatdy.
Emma muňa garamazdan, bu işleriň netijesi bazarlarda az görünýär we resmileri göni gelen käýinçden, berk käýinçden we işden boşadylmadan häzire-bu güne çenli gorap bilmeýäne meňzeýär; Döwlet habar gullugynyň sözleri bilen aýdylsa, "bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmek depginleri pes bolmagynda" galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.