Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 1192 raýatyň, 210 daşary ýurt raýatynyň günäleri geçildi.
TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň günäsi geçilen raýatlary mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatmak baradaky karara 15-nji maýda gol çekendigini habar berdi.
Wise-premýer, Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlaýan toparyň başlygy Çarymyrat Amanowyň hasabatynda günäsi geçiljek adamlaryň sanawynyň haýsy esaslarda taýýarlanandygy anyklaşdyrylmady.
Günäsi geçilenleriň arasynda syýasy sebäpler esasynda, dini yzarlanmalar sebäpli ýapyk we adalatsyz hasaplanýan sud seljerişliklerinde ýyl kesilen diýip bilinýän, halkara hukuk toparlary tarapyndan wyždan ýesiri hasaplanan tussaglaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl.
Şeýle-de, günäsi geçilenleriň atlary, olara jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda ýyl kesilendigi, jezanyň näçe böleginiň çekilendigi baradaky maglumatlar metbugatda çap edilmeýär.
Halkara hukuk toparlarynyň onlarçasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýan “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň çap edýän maglumatlarynda Türkmenistanyň türmelerinde ýüzden gowrak tussagyň "mejbury ýitirim edilmäge" sezewar bolandygy, olaryň uzak ýyllar bäri dogan-garyndaşlaryna görkezilmän, agyr şertlerde bendilikde saklanylýandygy aýdylýar.
Bu tussaglaryň aglaba köplügini Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast kast etmek synanyşygynda aýyplanan tussaglar düzýär. Olaryň arasynda ozalky daşary işler ministri Batyr Berdiýew ýaly onlarça tussag, ozalky ýokary derejeli, işlän wagtynda uly döwlet sylaglaryny, orden-medal alan resmiler hem bar.
“Olary diri görkeziň” kampaniýasy 2002-nji 25-nji noýabr wakasy, şol wagtky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda uzak möhletli ýa ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen onlarça adamyň 17 ýyldan bäri jemgyýetden doly üzňelikde saklanylýandygyny, şol sand bu tussaglaryň otuza golaýynyň (azyndan 27) tussaglykda ýogalandygyny habar berýär.
1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda guralan hökümete garşy protestiň ýolbaşçylarynyň biri, ozal bir gezek uzak möhletli türmä basylan we, halkara guramalarynyň basyşlary esasynda azatlyga çykan, Norwegiýadan syýasy gaçybatalga alan hem-de 2007-nji ýylda ýurduna dolanan Gulgeldi Annanyýzaowyň bolsa, serhetden bikanun geçmekde aýyplanyp kesilen türme möhletiniň tamam bolandygyna garamazdan, şindi hem azatlyga goýberilmeýändigi aýdylýar.
Döwlet eýeçiligindäki media, öňki ýyllarda bolşy ýaly, döwlet baştutanynyňgünäsi geçilen adamlaryň iş bilen üpjün edilmegini hem tabşyrandygyny nygtady.
Hökümetden syzyp çykýan resmi maglumatlar ýurtdaky işsizligiň derejesiniň barha ýokarlanýandygyny aňladýar. Bu ýagdaý, käbir hasaplamalara görä, soňky on ýylda iki milliona golaý raýatyň daşary ýurtlara çykmagyna sebäp boldy.
Türkmenistanda uly baýramçylyklara gabatlanyp geçirilýän nobatdaky günä geçiş Berdimuhamedowyň koronawirus pandemiýasy we energiýa bahalarynyň global arzanlamagy sebäpli, ýurtdaky ykdysady ösüşiň haýallajakdygyny tassyklan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Şu aralykda, Lebapda we Maryda tebigy hadysadan ejir çekenlere berilmegine garaşylan hökümet goldawynyň gijikdirilmegi, hökümet başlygynyň bu hadysa bilen bagly hiç bir beýanat etmezligi halk içindäki nägilelikleriň güýçlenmegine, ýurt içinde we daşynda türkmen raýatlarynyň protest çärelerini gurnap, prezidentiň "öz işini oňarmaýandygyny, onuň wezipesinden gitmelidigini" açyk aýdyp başlamaklaryna alyp geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.