Protestleri basyp ýatyrmak, jogapkärçilikden gaçmak üçin sudlaryň garaşsyzlygyny gowşatmak bilen, Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky hökümetler adamlaryň hukuklaryny bozýarlar diýip, Halkara günä geçiş guramasy, Amnesty International 2019-njy ýylda regionyň ýurtlary boýunça çap eden ýyllyk hasabatynda aýdýar.
Şeýle-de gurama, regionyň hökümetleriniň adam hukuklaryny bozmagy garawsyz dowam etdirýän wagtynda köçelere çykyp, hem özüniň, hem başgalaryň hukuklaryny goraýan batyr adamlary öwýär.
2019-njy ýylda adam hukuklaryny goramagyň halkara ulgamyna abanýan howp-hatarlar has güýçlendi, Orsýet we Hytaý, Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň esasy syýasy we ykdysady oýunçylary bolmak bilen, halkara adam hukuklary ulgamyny we ony goramaly guramalary barha beter ysgyndan gaçyrmaga çalyşdylar diýip, hasabatda bellenýär.
Belarusdan Gazagystana çenli, ýygnanyşmak azatlygy gazaply çäklendirildi, Azerbaýjanda we Orsýetde parahatçylykly ýygnanyşyklar polisiýa zoňtarlygy we jenaýat jogapkärçiligine çekmek bilen garşylandy, sebitdäki ýurtlaryň hiç birinde söz, pikir aýtmak azatlygyna garşy edilýän hüjümler kemterlik etmedi.
Mysal üçin, hakykatda media köpdürlüliginiň hözirini görýän Ukrainada žurnalistler yzygiderli zorlukly hüjümlere sezewar edildi we bu ýagdaýlar hiç wagt netijeli derňelmedi.
Türkmenistanda häkimiýetler has öte geçdiler we adamlaryň öz watanlaryna "şyltak" atmaklarynyň öňüni almak üçin olaryň daşary ýurtlara syýahat etmeklerine hem gadaganlyk girizdiler, bileleşmek azatlygyny bogup sakladylar.
Täjigistanda hökümetden aýry guramalar Adalat ministrligine berlen täze we has giň ygtyýarlyklardan, öz tankydy sesleriniň has gazaply basylyp ýatyrylmagynda ulanyljak çärelerden howatyr etdiler.
Ykdysady we has giň özgertmeleriň alnyp barylýan ýurdy bolan Özbegistanda adamlaryň gynalmagy we beýleki nädogry çemeleşmeler dowam etdirildi, bu ýagdaýa garşy çykýanlar öz guramalaryny hasaba aldyrmakda býurokratik bökdençliklere sezewar edildi.
Gyrgyzystanda sudlar etniki özbek, adam hukuklaryny goramak ugrunda eden tagallalary üçin adalatsyz sud edilen we 2010-njy ýyldan bäri türmede oturan hukuk goraýjy Azimjan Askarowy ýene bir gezek ömürlik tussaglyga tassyklady.
Adam hukuklary düşünjesini kemsitmegi dowam etdirmek bilen, Orsýet sebit üçin howply görelde boldy.
“Daşary ýurt agentleri” we “islenmeýän guramalar” baradaky kanunlar, jenaýat işlerini açmak we hökümet gözegçiligindäki media arkaly şyltak atmak netijesinde, adam hukuklary we beýleki jemgyýetçilik guramalaryna garşy ulanyldy.
Orsýetdäkiden tapawutlylykda, sebitdäki beýleki ýurtlaryň kanunlary adam hukuklaryny goraýjylary gönüden-göni kemsitmese-de, olaryň alyp barýan işleri özlerini uly şahsy howp astyna saldy.
Özbegistanda raýat aktiwistleriniň häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagy dowam etdi, protestler hakynda ýazýan zenan bloggeriň zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilmegi bolsa gorkunç, üýşendiriji bir yşarat boldy.
Täjigistanda gorkuzmalaryň we esassyz tussag etmeleriň, adam gynalmagynyň, aklawçylara garşy ulanylýan beýleki ýowuz çemeleşmeleriň dowam etdirilmegi öňdebaryjy hukuk goraýjylaryň howp astynda galýandygyny ýene bir gezek tassyk etdi.
Şeýle-de, hasabatda aýdylmagyna görä, häkimiýetleriň başgaça pikirlenişiň islendik görnüşinini gazaply basyp ýatyrmagy netijesinde, Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak işini açmak mümkin däl.
Gazagystanda raýatlaryň parahatçylykly syýasy protesti we häkimiýetleriň ulanan repressiw çäreleri köçe protestçileriniň sanynyň köpelmegine alyp geldi.
Bu köpeliş hususan-da Nursoltan Nazarbaýew öz prezidentligini Kasym-Žomart Tokaýewe geçirmegi kanunlaşdyrmak üçin irki saýlawlary çagyryp, esasy ygtyýarlyklaryň ählisini öz elinde alyp galanda görnetin boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.