Dünýä ýüzündäki koronawirus petiklenmeleri 20-nji aprelde ABŞ-nyň çig nebit nyrhlarynyň taryhy pese gaçmagyna sebäp bolandan soň, dünýä ykdysadyýeti ýene-de bir görlüp-eşidilmedik zarba sezewar boldy.
Käbir täjirleriň ABŞ-nyň geljekki nebit şertnamalaryny satyn alyp, hakykatda olaryň ýerlenmegi üçin başga birlerine pul tölemegi teklip etmekleri netijesinde, dünýäniň bir topar ýerindäki aksiýa bazarlary durnuksyz ýagdaýa düşdi.
Bu ýagdaý ABŞ-da öndürilen nebitiň bahasynyň sanawda taryhda ilkinji gezek $0 bahalanmagyna alyp geldi.
ABŞ-da ýüz beren negatiw nebit bahalaryndan soň, “Brent Crude”, ýagny "Brent" markaly çig nebitiň we Orsýetde öndürilen “Ural” nebitiniň bahasy hem ep-esli pese gaçdy.
Azatlyk ABŞ-nyň nebit bahalarynyň taryhy çöküşiniň sebäpleri hakyndaky esasy sowallara jogap bermegi makul bildi.
Eýsem, global nebit bahalarynyň taryhy aşak gaçmagyna näme sebäp boldy?
Koronawirus pandemiýasy, üpjünçiligiň aşa ýokarlanmgy we ammarlarda uly artykmaçlygyň döremegi bilen, dünýä ýüzündäki nebit desgalaryny tas soňuna çenli doldurara getirip, dünýädäki nebit talaplaryna uly başagaýlyk saldy.
Esasy bazar güýçleri bolan talap we isleg sebäpli, söwdagärler indi maý ýa-da iýun aýlarynda çig nebit ýerlemek üçin geljekki şertnamalary satyn almak isleýän alyjylary tapyp bilmän kösenýärler.
Bu ýagdaý nebitiň geljek üçin baglaşylmaly şertnamalarynyň bahasyny aşaklady.
21-nji aprelde Demirgazyk deňziniň “Brent Crude” markaly nebitiniň ugur alyş nyrhy bir gijede, iýun aýynda ýerlenmeli nebit üçin, barreli 12 dollara golaý arzanlap, 18 ýyl içinde iň pes nyrhdan, barreli 17 dollardan satyldy.
Bu şu ýylyň ýanwar aýynda bolan iň ýokary derejeden 60 göterimden gowrak pese gaçylmagyny aňladýar.
“Brent Crude” nebitini onuň ABŞ-daky görnüşinden has aňsat we arzan usulda gerek ýerine aşyryp bolýar, sebäbi ol göni Demirgazyk deňzinden alynýar.
Günbatar Tehsas aralyk bahasy (WTI), ABŞ-nyň ýeňil çig mal nyrhlary hem 20-nji aprelde, maý aýynda eýerlenmeli nebitiň bahasynyň her barrele aýyrmak 40 dollardan satylmagy bilen, taryhda ilkinji gezek negatiw ýagdaýa düşdi.
Gysgaça aýdylanda, islegiň uly bolmazlygy bilen bir hatarda, dünýä bazarynda nebitiň has kän artykmaçlygy emele geldi we nebit kompaniýalarynda indi olary saklara artyk ýer galmady.
Eýsem, gelejekki nebit şertnamalary näme?
Nebitiň gelejekki şertnamasy söwdagärler tarapyndan geljekde belli bir wagtda belli bir bahadan nebit satyn almak ýa-da satmak üçin baglaşylýan kanuny ylalaşyk bolup durýar.
Geljekki ylalaşyga girýänler, şertnama laýyklykda, öz üstlerine ylalaşygy görkezilen bahada we senede ýerine ýetirmek borçnamasyny alýarlar.
Bu täjirleriň hakykatda nebitiň geljekde boljak bahasyna bil baglap, jedel eden ýa humar oýnan ýaly bir işe baş goşýandyklaryny aňladýar.
Olar geljekki nebit şertnamasynda görkezilen baha bilen söwdanyň bellenen senesindäki nebitiň hakyky bahasynyň arasyndaky tapawutdan girdeji gazanmak umydyny edýärler.
Nebitiň bahasy nädip negatiw bolýar?
“Bu ozal hiç wagt bolmandy, hatda muňa ýakyn hem gelinmändi” diýip, Tehsas ştatyndaky Dallas şäheriniň “GuideStone Capital Management” edarasynyň dolandyryjysy Tim Braý aýtdy.
"Biz nebit üçin geljekki şertnamada hiç wagt negatiw bahanyň bolanyny görmedik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
WTI-niň negatiw bahasy maý aýynyň geljekki nebitlerini satyn alan söwdagärleriň indiki aýda ýerlenmeli nebit üçin başga birlerine hem töleg tölenmegini teklip edýändigini görkezýär.
Emma analitikleriň köpüsi nebitiň negatiw bahasyny tehniki mesele hökmünde häsiýetlendirýär we munuň geljekdäki şertnamalaryň ýazylyşy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Olar alyjylaryň köpüsiniň nebiti maý üçin däl-de, iýun aýynda ýerlemek üçin satyn alýandyklaryny bellediler.