Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPG global ösüşiň 'uly petikleniş' sebäpli 3% aşak gaçjakdygyny çaklaýar


HPG dünýä ykdysadiýetiniň 2021-nji ýylda ýene ösjekdigini çaklaýar.
HPG dünýä ykdysadiýetiniň 2021-nji ýylda ýene ösjekdigini çaklaýar.

Merkezi Aziýada Özbegistan, Türkmenistan we Täjigistan ýaly, şu ýyl dünýäde 1% bilen 1.8% aralygynda ortaça ösüşi üpjün etjek az sanly ýurt bar diýip, HPG aýdýar.

Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) soňky çaklamalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti koronawirus we Ýer togalagynyň köp böleginde bolan petiklenmeler sebäpli, 1930-njy ýyllaryň Uly depressiýasyndan bäri ýüz beren iň erbet ýylyny başdan geçirýär.

14-nji aprelde iki ýyllyk Bütindünýä ykdysady hasabatyny çap eden global karz beriji 2021-nji ýylda 5,8% ösüşe gaýdyp gelmezden ozal, dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,1% pese düşjekdigini çaklady.

"Bu Uly petiklenişi Uly depressiýadan bäri iň erbet çökgünlige öwürýär we 2009-njy ýyldaky global maliýe krizisinden has erbetdir" diýip, HPG-nyň baş ykdysatçysy Gita Gopinath aýtdy.

Bu HPG-nyň häzir şu ýylyň başynda, koronawirusyň bütin dünýä ýaýramazyndan ozal beren 3,3% global ösüş çaklamasyndan takmynan 6% aşak düşendigini görkezýär.

Eger-de häzirki petikleniş ýene birnäçe çärýek dowam etse we şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýyl täze ýokanç keseller ýüze çyksa, bu çaklamalar has hem erbetleşip biler diýip, HPG duýdurdy.

Hasabatda pandemiýanyň we onuň döretjek ykdysady çökgünliginiň nähili boljakdygy baradaky nämälimlikleriň kändigi aýdylyp, "has erbet ösüş netijeleriniň hem bolup biljekdigi, hatda munuň ähtimaldygy" hem bellenip geçilýär.

Şäherleriň petiklenmegi, işleriň ýapylmagy, sosial aralygy saklamak we syýahat çäklendirmeleri dünýä ykdysadyýetini durnuksyz ýagdaýa saldy, söwdany bozdy we millionlarça iş ýitgisine sebäp boldy. HPG-nyň maglumatlaryna görä, dünýä söwdasy şu ýyl 11% peseler we 2021-nji ýylda 8,4% öser.

“Bu dünýä uly petiklenişe düşdi" diýip, Gopinath žurnalistlere aýtdy. "Bu mundan öň görlen krizislere meňzemeýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hasabatda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň şu ýyl 5,9%, ÝB-niň ýewro ulanýan 19 ýurdunyň ykdysady ösüşiniň bolsa, 7,5% peseljekdigi çaklanylýar.

Orsýetiň ykdysadyýeti, geçen ýyldaky 1,3% ösüş bilen deňeşdirilende, 5,5% pese gaçar diýlip çaklanylýar. Rus ykdysadyýetiniň soň, 2021-nji ýylda 3,5 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Goňşy Belarusda geçen ýyldaky 1,2% ösüş bilen deňeşdirilende, ykdysady ösüşiň 6% peselmegine garaşylýar.

Ýurduň gündogaryndaky konflikt sebäpli 2014-15-nji ýyllarda ykdysady ösüşi 16 göterimden gowrak peselen Ukrainada ykdysadyýetiň 2020-nji ýylda 7,7% aşak gaçmagyna garaşylýar.

Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada geçen ýyldaky 1,2% ösüş bilen deňeşdirilende, ykdysady ösüş 2,8% peseler diýip çaklanylýar. HPG soň, 2021-nji ýylda ykdysady ösüşiň 4% ýokarlanjakdygyny çaklaýar.

Merkezi Aziýada Özbegistan, Türkmenistan we Täjigistan ýaly, şu ýyl dünýäde 1% bilen 1.8% aralygynda ortaça ösüşi üpjün etjek az sanly ýurt bar diýip, HPG aýdýar.

Emma muňa garamazdan, goňşy Gazagystan we Gyrgyzystan degişlilikde 2,5 we 4% pese gaçar. Bu ýurtlaryň hersinde geçen ýyl 4,5% ösüş bolupdy..


Bu ýyl Owganystanyň we Pakistanyň ykdysadyýeti, geçen ýyldaky 3 göterime golaý ösüş bilen deňeşdirilende, degişlilikde 3% we 1,5% peseler.

Günorta Kawkazda 2019-njy ýylda bolan 7,6% ösüşden soň Ermenistanyň ykdysadyýeti şu ýyl 1,5% pese gaçar; energiýa baý Azerbaýjanyň ösüşi bolsa, geçen ýyldaky 2,3% ösüşi bilen deňeşdirilende, negatiw 2,2 göterime çenli peseler diýip, HPG çaklaýar.

Soňky üç ýylda 5% töweregi berk ösüşde bolan Gürjüstanyň ykdysadyýeti 2020-nji ýylda 4% pese gaçar diýip, HPG-nyň hasabatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG