Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda 2019-njy ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky buýruga gol çekdi, geljek ýyldan pagta öndürmegiň 1 mln 250 müň tonna çenli artdyryljakdygyny aýtdy.
Emma ýerli synçylar sowet döwründen gelýän pagtaçylyk praktikasynyň saklanyp galmagyndan, şor suwlaryň toplanmagy bilen döreýän ekologiýa problemalaryna baş galdyrylmazlygyndan çynlakaý alada bildirýärler. Olaryň pikiriçe, pagtaçlygyň ozalky netijeleri, şol sanda geçen ýyldaky çal dumanlar oýlanmaga ýeterlik esas berýär.
Prezident Berdimuhamedow 1-nji fewralda üýtgedilip gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawyň goragy ministrligine hem täze ýolbaşçy belledi, emma mejlisde ekologlaryň Türkmenistanda pagtaçylyk, zeý suwlary we ekologiýa hakynda bildirýän aladalaryny agzamady.
Şu aralykda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli medianyň şor suwlary bir ýere toplamakdan gelýän “uly peýda” baradaky döwlet propagandasyny doly güýjünde dowam etdirýändigini habar berdi.
Onuň sözlerine görä, welaýatyň “Balkan” gazetiniň 29-njy ýanwardaky sanynda “Eşret köli” diýen at bilen çap edilen makalada awtor özi hem bilmän, bu köle toplanmagy planlaşdyrylýan suwuň hiç wagt toplanyp bilmejekdigini tassyklaýar.
“Hazir Garaşor çöketligine ýygnanan suwuň mukdary 580 mln kub metre ýetdi” diýip, gazetde aýdylýar.
“Garaşor çöketligine 10 ýylda 580 mln kub metr suw toplanan bolsa, ol ýerde göz öňünde tutulan 132 mlrd kub metr suwuň ýygnanmagy üçin ortaça 260 ýyl gerek” diýip Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ekolog aýtdy.
Ýerli synçylar ozal pagtaçylygyň, soňra şor suwlary zeýkeşlere toplap, uzak aralyga akdyryp, bir ýere toplajak bolmagyň, emeli köl gurmagyň, milliardlarça dollar çykdayjydan başga, daşky gurşawa, adamlaryň saglygyna-da uly howp salýandygyny öňe sürýärler.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistan bu ýyl hem, geçen ýyldaky ýaly, 1 mln 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar. Bu pagta hasylyny almak üçin 545 müň gektar ýeriň bölünip berlendigi aýdylýar.
Geçen ýyl Türkmenistanda gurakçylyk we suw desgalaryna ýeterlik ideg edilmezligi sebäpli pagta we beýleki ekinleriň hasyly gowy bolmady. Bu ýagdaý ýurtda un, çörek, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly önümleriň nobatlarynyň döremegine alyp geldi.
Emma muňa garamazdan, hökümet maslahatynda pagtaçylyk praktikasy we onuň getiren agyr netijeleri hakynda açyk gürrüň edilmedi. Şonuň bilen bir wagtda, geçen ýyllardan tapawutlylykda, indi kärendeçilere öz ýerleriniň 30 prosentine bugdaýdan we gowaçadan beýleki ekinlerie kmek rugsady berler.
Şeýle-de prezident gaýta-gaýta ýeralmany köp ekmegi maslahat berýär. Mundan başga,Türkmenistan indi ýag üçin günebakar ekerançylygyny hem ýola goýmagy planlaşdyrýar.
“Biz bu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmeli, geljek ýyl 1 million 400 tonna bugdaý öndüreris, pagtanyň öndürilişini bolsa, täze gurulýan fabrikler we eksport üçin 1 million 250 müň tonna ýetireris” diýip, prezident geljekde gowaça ekerançylygynyň has-da giňeldiljegini aýtdy.
Ýerleriň şorladylmagyndan, barha çylşyrymlaşýan ekologiýa problemalaryndan başga, nädogry pagtaçylyk praktikasy türkmenistanlylaryň bir topar nesliniň ýeterlik bilim alyp bilmezligine hem sebäp bolýar diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.
Bu pikiri pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy kampaniýa alyp barýan aktiwistler hem goldaýar. Olartürkmen hökümetiniň pagta hasylyny toplamak üçin mejbury zähmeti ulanýandygyny aýdyp, okuwçylara okuw, mugallymlara we saglygy saklaýyş işgärlerine magaryf we saglygy goraýyş bilen meşgullanmak mümkinçiliginiň berilmegine çagyrýarlar.
Ikinji tarapdan, Türkmenistan gowaça ekerançylygy bilen baglylykda sebitde suwy iň bisarpa ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde hem tankyt edilýär.
“Haýp, türkmenistan garaşsyz bolandan soň hem mejbury pagta ýetişdirmek, netijede çagalary sowatsyz goýmak, ýerleri zaýalamak praktikasyny dowam etdirdi” diýip, aşagabtly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Tebigaty goraýjylar tarapyndan ýazgarylýan “Altyn asyr türkmen kölüniň” gurluşygynyň dowam etmegi sowet pagtaçylyk praktikasynyň dowam etdirilmegi bilen bagly bolup görünýär. Birinji nobatdakysy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ulanmaga berlen kölüň “uzynlygy 103 km, ini 18,6 km, ortaça çuňlugy 69 metr” diýip, “Balkan” gazetinde aýdylýar.
Şeýle-de neşir “Altyn asyr Türkmen kölüniň” Garagumda 1 mln 300 müň gektar öri meýdanyny suwlandyrýandygyny, dowarlaryň, düýeleriň sanynyň ençeme esse köpeldilmegine şert döredendigini habar berýär.
Resmi metbugatdan tapawutlylykda, Türkmenistanda özara gürrüňçilikde hakyky pikirini aýdýan ýerli alymlar zeý suwlarynyň akabasynyň ugrunda bitýän ot-çöpleri iýýän mallardan hem uly alada galýarlar. Şeýle alymlaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde “zeýkeşleriň boýunda, zäherli suwa biten otlary mal iýip ölse, begenmeli, emma mallar oňa uýgunlaşsa, şol mallaryň etini iýen adamlar islendik kesele uçrap biler” diýdi.
Mundan başga, ýerli synçylar mejbury pagtaçylyk, suwy bisarpa ulanmak praktikasynyň netijesi bolan şor suwlary bir ýere toplamak ideýasynyň Garagumyň ekologiýasyna howp salmak bilen bir hatarda,Türkmenistanda asyrlap saklanan taryhy ýadygärliklere hem ýok bolmak wehimini salýandygyny aýdýarlar.