Mary şäherinde ýaş çagalary üçin döwletden pul kömegini alýan ýaşaýjylar bank hasaplaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakda kösenýär. Şäheriň döwlet banklaryna degişli bankomatlarda pul nagtlaşdyrmak üçin garaşýan adamlaryň uly nobatlary döredi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy 8-nji ýanwarda şäheriň käbir bankomatlaryna aýlandy.
Onuň maglumatlaryna görä, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şäher şahamçasyndaky 4 bankomatdan çarşenbe güni diňe 2-si işledi. “Olarda-da günortan sagat 12:00-ä ýetmän pul gutardy. Pul nobatyna garaşýan adam gaty kän” diýip, habarçy aýtdy.
Ol “Senagat” bankyndan soň, “Garagum” bankynyň Mary şäher şahamçasyna bardy. “Onda-da diňe 1 bankomat işleýär, nobat gaty uly” diýip, habarçy aýtdy.
Ol beýleki bankomatlardan habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Mary şäher şahamçasynda-da çarşenbe güni diňe 1 bankomat işledi.
Ol “Türkmenistan” hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklarynyň şäher şahamçalaryndaky bankomatlarynda 8-nji ýanwarda nagt puluň umuman tapdyrmaýandygyny tassyklady.
“Türkmenistan bankynyň daş ýüzünde 6 sany bankomat bar, emma gynansak-da olaryň hiç haýsysy işlemeýär” diýip, habarçy maglumat berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň beýleki etraplaryndaky bankomatlarda-da pul ýok. Bu ýagdaý etrap ýaşaýjylaryny pully bankomat gözleginde welaýatyň paýtagtyna barmaga mejbur edýär.
Habarçy aýlanan banokmatlarynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndan hem-de Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginden şäheriň bankomatlaryna gelip pul nagtlaşdyrmak üçin nobata garaşýan ençeme maryla duşandygyny habar berdi.
Ýöne uzak aralykdan şähere gelip pul nagtlaşdyrmaga synanyşýan adamlaryň arasynda bankomat nobaty ýetende heniz aýlyk haklarynyň öz bank hasaplaryna geçmändigini bilip galýan ýaşaýjylar bar.
Ýöne döwlet kömek pullary üçin ýagdaý başgaça. Mary welaýatynda çagalara tölenýän döwlet kömek pullary sişenbe güni raýatlaryň bank hasaplaryna geçirildi. Muny Azatlygyň ýerli habarçysy 7-nji ýanwarda tassyklady.
Ýöne 7-nji ýanwarda şäheriň bankomatlaryndan nagt puluň tapdyrmandygyny, muňa garamazdan bankomatlardaky uly nobatlaryň saklanandygyny habarçy habar berdi.
“Mary welaýatynda çagalaryň döwlet kömek pullary plastik kartlara şu gün (7-nji ýanwarda – red.) geçirildi” diýip, habarçy maglumat berdi.
“Ýöne bankomatlarda pul ýok. Adamlar puluň gözleginde ol bankdan bu banka aýlanýarlar” diýip, ol belledi.
Habarçynyň sözlerine görä, pul nobatyna garaşýan adamlar bankomatlarda puluň çalt gutarmagyna ynjalyksyzlyk bildirýär.
“Adamlar entek döwlet kömek pullary, pensiýalar tölenende bankomatlardan pul tapmaýar. Aýlyklar dagy tölense bankomatlar nädip pul ýetişdirerkä!?” diýip, bankomat nobatyna garaşýan bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aladalaryny beýan etdi.
Türkmenistanda raýatlaryň aýlyk haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we pensiýalarynyň olaryň bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky 6 ýyldan gowrak wagt bäri tapgyrlaýyn esasda ýola goýuldy.
Ýurt resmileri bankomatlardaky uly nobatlar we nagt ýetmezçiligi barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.