Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrasiýa häkimiýetleri onlaýn hyzmatlary hödürleýärler, emma raýatlary ýurtdan goýbermeýärler


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabadyň aeroportunda raýatlaryň daşary ýurtlara barýan uçarlardan zor bilen düşürilmegine degişli ýagdaýlar dowam edýär. Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleri raýatlara daşary ýurt pasportyny almak üçin internet arkaly ýüzlenmek hyzmatynyň hödürlenýändigini aýdýarlar. Emma iş ýüzünde şeýle hyzmatlar elýeterli däl.

Hökümetçi Turkmenportal neşri 12-nji ýanwarda çap eden maglumatynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy ýurduň raýatlaryna daşary ýurt pasportyny internet üsti bilen almak hyzmatynyň elýeterlidigini dykgatyna ýetirýär diýip habar berýär. Maglumatda migrasiýa gullugynyň websaýtyna salgy berlip, daşary ýurt pasporty üçin onlaýn arza ýazmagyň jikme-jik instruksiýasy çap edilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, agzalan bu hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň websaýtynda dogrudan hem göz öňünde tutulýar, emma iş ýüzünde ne ýurduň içinde, ne-de daşynda işleýär. Synanyşyklaryň aglabasynda bu hyzmat asla açylmaýar, emma habarçylarymyzyň biri sahypany açmagy başardy, ýöne arzany dolduryp bilmedi.

"Bu saýty synap gördüm, maglumatlary dolduransoň, suraty ýüklemeli. Emma bu mümkin däl. Üç gezek synanyşdym, başa barmady" diýip habarçymyz, 13-nji ýanwarda habar berdi.

Daşary ýurt pasportyny almak meselesi türkmenistanlylaryň ençemesi üçin iňňän aktual mesele bolup durýar. Soňky ýylyň dowamynda ýurduň migrasiýa edaralarynda ägirt uly nobatlar saklanýar, daşary ýurt pasportyny almak üçin nobata ýarym ýyl öňünden ýazylmaly bolýar. Bu barada habarçylarymyz habar berýärler.

Ýurduň daşynda ýaşaýan türkmenistanlylar hem biometriki pasporty almakda uly kynçylyk çekýärler. Azatlygyň söhbetdeşleri Türkmenistanyň konsulhanalarynyň pasport bermekden ýüz öwürýändigini habar berýärler. Ukrainada ýaşaýan diňleýjimiz özüniň 21 ýaşly gyzynyň ýagdaýyny gürrüň berdi.

"Meniň gyzym henizem Türkmenistanyň raýaty bolup, öz dokumentlerini düzgünleşdirip bilmeýär, sebäbi onuň daşary ýurt pasporty ýok. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy daşary ýurt pasportyny bermeýär we özünde biometriki pasportlary taýýarlamak üçin enjamlaryň ýokdugyny aýdýar. Ukrainanyň migrasiýa gullugy bolsa, daşary ýurt pasporty bolmadyklaryň dokumentlerini bermeýär" diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik diňleýjimiz 11-nji ýanwarda habar berdi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportyny almakda çekýän kynçylyklary bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleri we garaşsyz habar serişdeleri raýatlaryň daşary ýurtlara goýberilmezligi bilen bagly täze ýagdaýlar barada habar berýärler.

13-nji ýanwarda Azatlygyň habarçysy soňky günlerde Aşgabadyň aeroportunda raýatlaryň uçardan düşürilmegine degişli bolan ýagdaýlar barada gürrüň berdi. Hususan-da, migrasiýa resmileri Lebap welaýatynyň iki ýaşaýjysyny Türkiýä barýan uçara goýbermändir we olara munuň sebäbini düşündirmändir.

12-nji ýanwarda Turkmen.news neşri Aşgabadyň aeroportunda Türkiýäniň howa ýollarynyň Stambula barýan uçaryndan 30-dan gowrak adamyň, şol sanda saglygyny bejertmek üçin barýan ýolagçylaryň düşürilendigini habar berdi. Bu ýagdaý 10-njy ýanwarda bolupdyr.

Maglumata görä, soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda ýolagçylar uçardan köpçülikleýin düşürilýär we günde azyndan 10-12 adam ýurduň daşyna gidip bilmän galýar. Aeroportuň işgärleri munuň sebäbini düşündirmeýärler.

​Häzirki wagtda Türkmenistan ýurduň raýatlarynyň öň görlüp eşidilmedik derejede ýurdy terk etmegi bilen bagly ýagdaýy başdan geçirýär. Ýurt häkimiýetleri resmi statistikany çap etmeýär. Emma Azatlygyň çeşmeleriniň türkmen hökümetiniň köpçülige mälim etmedik hasabatlaryna salgylanyp, habar bermegine görä, 2008-2018-njy ýyllaryň aralygynda Türkmenistany 2 milliona golaý raýat terk edipdir. Türkmen hökümeti bu maglumatlary şu çaka çenli ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Daşary ýurtlaryň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň onlarça müň raýaty her ýyl öz ýurduny terk edýär. Olardan müňlerçesi Türkiýede, Orsýetde we beýleki ýurtlarda işlemäge, okamaga we ýaşamaga hukuk alýar. Bikanun migrasiýa degişli sanlar elýeterli däl.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ýurduny terk edip, daşary ýurtlara gitmeginiň esasy sebäpleri, Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady krizisi we işsizlik bilen bagly.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG