Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatdaky giň ýaýran işsizlik we beýleki sosial problemalar esasan ýaşlary iş ýa-da okuw üçin daşary ýurtlara çykmaga mejbur edýär:
“Ýaşlaryň arasynda uly kynçylyk bilen bolsa-da okuw ýa-da iş gözleginde daşary döwletlere çykmak üçin Visa bank kartlaryna ýa-da biometriki pasportlara bolan talap köpelýär” diýip, habarçy welaýatdan habar berýär.
“Häzirki wagtda pasport almakçy bolýan lebaplylara Migrasiýa edarasy 2020-nji ýylyň iýun aýynda nobatyň ýetjekdigini aýdyp, žeton berýär” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Onuň sözlerine görä, welaýatyň migrasiýa edarasy ilatyň 'biometriki pasport' almak boýunça edýän talaplaryny wagtynda kanagatlandyryp bilmeýär. Uzaga çekýän pasport çykarmak prosesiniň sebäpleri barada welaýatyň ýaşaýjylaryna resmi düşündiriş berilmeýär.
Ýurt raýatlary 2013-nji ýyldan bäri diňe ‘biometriki pasport’ bilen daşary ýurtlara syýahat edip bilýär. Bu pasporty Türkmenistanda hereket edýän içerki pasport esasynda Döwlet migrasiýa gullugy çykarýar.
Lebabyň çäginde Migrasiýa gullugynyň iki edarasy ýerleşýär. Olaryň biri welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda beýlekisi Kerki etrabynyň etrap merkezinde ýerleşýär.
Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, Kerkiniň migrasiýa gullugy häzirki wagtda pasport bermeýär, welaýatyň ýaşaýjylary 'biometriki pasport' üçin diňe Türkmenabatdaky migrasiýa edarasyna ýüz tutmaly bolýarlar.
Ýöne “ol ýerde nobatlaryň uly bolmagyna pasportyň diňe bir ýerde berilmegi däl-de, pasport çykartmakdaky korrupsiýa” diýip, lebaply bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, welaýat migrasiýasyndan “pasport çykartmakdaky giň ýaýran korrupsiýa köp lebaply üçin indi syr däl”
Ol pasportyny täzelän ençeme lebaplynyň sözlerine salgylanyp, paranyň möçberi barada maglumat berýär:
“500 dollar paranyň hasabyna 2 hepdäniň içinde biometriki pasportyny täzeleýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, pasport çykartmak üçin migrasiýa edarasyna para berýänleriň aglabasy daşary döwletlerde hemişelik ýaşaýyş rugsady esasynda ýaşaýanlar ýa-da daşary ýurduň raýatyna durmuşa çykanlardyr.
“Türkmenistanda bolýan her bir güni olaryň özleri üçin maddy we ruhy zyýan” diýip, bir lebaply efirde atlandyrylmazlyk şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçynyň malgumatlaryna görä, raýatyň 'biometriki pasporta' eýe bolmagy onuň ýurtdan goýberilmeginiň kepili bolup durmaýar. Ýerli ýaşaýjylar ýurtdan çykmak üçin hem migrasiýa işgärleriniň para soraýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Lebap welaýatynyň Döwlet migrasiýa gullugyna tassykladyp bilmeýär.
Beýleki tarapdan habarçymyz häzirki wagtda aýal maşgalalaryň ýaşyna garamazdan Türkiýä gatnaýan uçarlara goýberilmeýändigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň ýurduň daşyndaky çeşmeleri soňky bir aýyň dowamynda azyndan 4 aýal maşgalanyň ýurtdan çykmagy başarandygyny tassyklady. Ýöne çeşmeler olaryň nähili ýagdaýda ýurtdan çykandygy barada özlerine maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.
“Pasport almakdan başlap, ýurtdan çykyp tä uçara münýänçäler migrasiýa işgärlerine berilýän paranyň mukdary 4-5 müň dollar” diýip, Azatlygyň habarçysy sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler dilden görkezme esasynda raýatlaryň köpçülikleýin ýurtdan çykmagynyň öňüni almaga synanyşýar.
Synçylar Türkmenistanyň soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.