Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda raýatlaryň gije hereketi çäklendirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda hususy dükanlaryň ýapylýan wagtyna gözegçilik güýçlendirip, raýatlaryň gije sagat 22:00-dan soň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri munuň sebäplerini ýetip gelýän baýramçylyklaryň öň ýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen düşündirýärler.

“Hepdäniň birinji gününden bäri Marynyň etraplaryndaky we şäheriň içindäki dükanlar sagat 21:30-a çenli işlemeli edildi. Polisiýa işgärleri şondan soň açyk bolan dükanlara jerime salýarlar. Öň dükanlar sagat 22:00-a, hatda ondan-da gijräk wagta çenli açyk bolýardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 10-njy dekabrda gürrüň berdi.

Mundanam başga, gije sagat 22:00-dan soňra şäherde aýlanyp ýören ýa-da goňşy-golamlary bilen jaýyň daşynda oturan raýatlara hem gözegçilik güýçlendirildi.

“Gije goňşylary bilen jaýyň daşynda oturan 3-4 adam bolsa, polisiýa işgärleri olara ‘öýüňize giriň’ diýip aýdýar. Ýanýodalarda ýöräp barýan bolsaň, polisiýa maşyny golaýyňa gelip, içindäki işgärler ‘aýlanyp ýörmäň, öýleriňize gidiň’ diýýärler. Ýogsam jerime salynjakdygyny duýdurýarlar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, polisiýa işgärleri ýolda ýöräp barýan içgili ýa-da içgilidir öýdülýän raýatlary PÝGG-niň şäher bölümine alyp gidip, jerime ýazýarlar.

“Adamlar az ýa-da kän içen bolsun, tapawudy ýok, olary alyp gidýärler. Şol adamyň hossarlarynyň biri onuň pasportuny eltip, 100 manat jerime töläninden soňra ony goýberýärler. Öňler beýle däldi. Häzir kafe-barlaryň gapysynda hem polisiýa işgärleri dur. Adamlar ‘nirä seretsek, polisiýa bolup dur’ diýýärler” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň birnäçesi güýçlendirilen howpsuzlyk çärelerini 12-nji dekabrda belleniljek Halkara Bitaraplyk güni we 31-nji dekabrda belleniljek Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrýar.

“Bu çäreleriň baýramçylyklardan soň, gowşadyljakdygy ýa-da şu bolşuna galdyryljakdygy heniz belli däl” diýip, polisiýa işgärleriniň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi “howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine nähili zerurlygyň bolandygyna özleriniň düşünmeýändigini” aýdyp, öz nägileligini bildirýär.

“Adamlar jerime ýazaýmasynlar diýip, hatda zerur bolanda-da, gije daşary çykmaga çekinýär. Sebäbi olar 'aýlygymyz öň hem özümize ýetenok’ diýip aýdýarlar” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Türkmenistanda bellenilýän ýa-da geçirilýän uly baýramçylyklaryň we halkara çäreleriň, şeýle-de döwlet baştutanynyň regionlara edýän saparlarynyň öň ýanynda, adatça howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär. Adamlaryň we awtoulaglaryň hereketi çäklendirilip, köçelerdäki polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň sany artdyrylýar.

Beýleki tarapdan, Marydaky howpsuzlyk çäreleri welaýatda polisiýa we ýangyn söndürijileriň sanynyň artdyrylyp, şäheriň köçelerine we desgalaryna gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu howpsuzlyk çäreleri barada kelam söz aýtmaýar. Azatlyk Radiosynyň bu barada Mary welaýat häkimliginden ýa-da polisiýasyndan kommentariý almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG