Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda ýörite ‘gözegçiler’ ýerleşdirildi; welaýatlara gidýän ulaglar barlanýar


Aşgabadyň "Älemgoşar" bazary
Aşgabadyň "Älemgoşar" bazary

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda, Aşgabadyň söwda nokatlarynda has köp harydyň peýda bolmagy bilen, türkmen häkimiýetleri bazarlarda we döwlet eýeçiligindäki dükanlarda polisiýanyň gözegçiligini güýçlendirdiler. Şeýle-de, olar paýtagtdan welaýatlara gidýän awtoulaglary barlap, olarda azyk önümlerini gözläp başladylar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky biri-birinden garaşsyz ençeme habarçysynyň tassyklamagyna görä, paýtagtyň “Älemgoşar” we “Teke” bazarlarynda hem-de beýleki söwda nokatlarynda polisiýanyň we ýörite gulluklaryň işgärlerinden düzülen “gözegçiler” ýerleşdirildi.

Bu “gözegçileriň” bir topary bazarlarda harytlaryň kesgitlenen bahadan satylmagyna, beýleki bir topary nobatlaryň surata ýa-da wideo düşürilmezligine gözegçilik edýär.

“Bazarlarda her bäş satyjya bir gözegçi bellenilipdir. Olaryň käbiri polisiýa, käbiri raýat egin-eşigindäki adamlardyr. Olar söwda tekjeleriniň aralygynda uzakly gün aýak üstünde durup, gözegçilik edýärler. Söwdegärler şol gözegçileriň arasynda maýor, hatda podpolkownik çinindäki ofiserleriň hem bardygyny aýdýarlar” diýip, anonim şertde maglumat beren paýtagtdaky habarçylarymyzyň biri aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky azyk harytlaryna gözegçiligi diňe munuň bilen hem çäklenmeýär. Soňky üç-dört günüň dowamynda Aşgabatdan çykan ýeriňde, welaýatlara gidýän asfalt ýoldaky Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýörite barlag postlarynda welaýatlara gidýän awtoulaglar ýeke-ýekeden saklanyp, barlanyp başlandy.

“Bu barlag postlarynda öň diňe bir ýa-da iki sany polisiýa işgäri durýan bolsa, häzir olaryň sany azyndan alty adama ýetipdir. Olaryň dört sanysy raýat eşigindäki adamlar bolup, olaryň ýanynda ýörite tälim berlen itler hem bar. Polisiýa işgärleri ulagda bir hojalyga niýetlenenden has köp azyk önümleri, mysal üçin, 1 gutydan köp ýumurtga ýa-da 5-10 sanydan has köp banan bolsa, onda olary dessine aktlaşdyrýarlar we harytlary raýatlaryň elinden alýarlar. Käte “jenaýat işinde ulanylan serişde” diýlip, raýatlaryň awtoulaglaryny hem elinden alyp, olary yzyna bermeýärler” diýip, habarçy belledi.

Habarçy edil şeýle ýagdaýyň welaýatlardan paýtagta gelýän ulaglara hem degişlidigini, regionlardan balyk, et ýa-da gyş gawunlaryny alyp gelýän raýatlaryň harytlarynyň elinden alynýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Raýatlar gawunlary öz kärende ýerimizde ýetişdirdik diýip, ýalbaryp-ýakarsada diňlemeýärler. “Kärende ýeriň bardygy, onda ýetişdirilen hasyly satyp bilýändigiň hakyndaky resminamalary görkez” diýýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Barlag postlaryndaky Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň käbir işgärleri bu çäräniň sebäplerini paýtagtdan welaýatlara ýumurtgany, daşary ýurtlardan getirilen towuk butlaryny we gök-bakja önümlerini uly mukdarda alyp gidýän söwdegärleriň köpelendigi bilen düşündirýärler.

Şeýle-de, anonim şertde maglumat beren polisiýa işgäri döwlet tarapyndan önümleriň her sebite ýörite paýlanýandygyny aýdyp, harytlaryň welaýatlardan we paýtagtdan çykarylmaly däldigi barada ýörite görkezmäniň bardygyny hem belledi.

Türkmenistanda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy, ýumurtga we towuk eti ýaly azyk önümleriniň gytçylygy indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

24-nji dekabrda Azatlyk Radiosy türkmen telewideniýesiniň Aşgabadyň bazarlarynda azyk bolçulygy hakynda reportažlary taýýarlaýandygyny, munuň bilen bir wagtda söwda tekjelerinde öňküsinden has köp azyk önümleriniň peýda bolandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçylary bazarlarda harytlaryň köpeldilip, gözegçiligiň güýçlendirilmegi netijesinde azyk nobatlarynda uruş-dawalaryň azalandygyny, ýöne söwdegärleriň tekjelerde hili pes harytlary satyp başlandygyny aýdýarlar.

“Bu çäre söwdegärleriň harytlary gymmat bahadan satmagynyň öňüni almaýar. Sebäbi satyjylar ýokary hilli harydy soran alyjylara, şeýle harydyň bardygyny, ýöne onuň bahasynyň azyndan iki esse ýokarydygyny aýdýarlar. Alyjylar ýokary hilli haryt almak üçin nalaç iki esse bahany tölemeli bolýarlar. Söwdegärler hem, tekjäniň aňyrsynda gizlenen önümi ölçäp berýär” diýip, habarçy 25-nji dekabrda gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi mediasy ýurtda azyk bolçulygyny mahabatlandyrýan reportažlary ýygy-ýygydan görkezse-de, bazarlarda we barlag postlarynda gözegçiligiň güýçlendirilmegi hem-de azyk harytlarynyň gytçylygy barada dymyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG