Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM-niň başlygy Mulikow wezipesinden boşadyldy, harby çini peseldildi, döwlet sylaglaryndan mahrum edildi (WIDEO)


Isgender Mulikow 2009-njy ýyldan bäri IIM-niň ministri wezipesinde işleýärdi.
Isgender Mulikow 2009-njy ýyldan bäri IIM-niň ministri wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň (IIM) düzüminde arassalaýyş işleri geçirilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gün hökümet we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisini geçirip, içeri işler ministri Isgender Mulikowy wezipesinden boşatdy.

Prezidentiň kararynda onuň "işde düýpli kemçilikleri goýberendigi, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy, wezipe ygtyýarlyklaryny gödek bozandygy" aýdylýar. General-leýtenent Mulikowyň harby çini polisiýanyň maýory derejesine çenli peseldildi, ol döwlet sylaglarynyň ählisinden mahrum edildi.

IIM-niň başlygy Mulikow wezipesinden boşadyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Türkmen TW-siniň maglumatyna görä, içeri işler ministrini işden boşatmak we täze içeri işler ministrini bellemek hakynda Mejlisiň razylygy alnypdyr.


Içeri işler ministri wezipesine Mämmethan Çakyýew bellenildi, ol öň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Döwlet baştutany ýolbaşçylara ýene bir gezek korropsiýa we parahorlyga garşy berk göreşiň alnyp baryljakdygyny duýdurdy, korrupsiýa we parahorlyk esasynda iş kesilenleriň günäsiniň geçilmeýändigini belledi. Bu göreşiň çäginde, adatça bolşy ýaly, döwlet TW-si toý kerweninde köçe düzügnlerini bozandygy aýdylýan sürüjileriň aglap edýän tobalaryny görkezdi.

Baş prokuror Batyr Atdaýewiň hasabatynda aýdylmagyna görä, Mulikow korrupsiýa faktlaryna, mysal üçin, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri Azat Saparowyň, Kerimguly Çaryýewiň, Guwanç Meredowyň we beýlekileriň para almagyna göz ýumupdyr.

Bellesek, Azatlyk Radiosy “Ýol hereketiniň howpsuzlygyna” bagyşlanýan biraýlygyň dowamynda polisiýa işgärleriniň sürüjilerden para talap edendigi barada yzygiderli maglumatlary beripdi.

Para alan polisiýa işgärleri wideokamaranyň öňünde toba etdiler. Şeýle-de TW-de toý kerweninde köçe hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjileriň adminstratiw jogapkärçilige çekilendigi habar berildi, soňky döwürde adat bolşy ýaly, olar kameranyň öňünde aglap toba etdiler.

Mulikowyň işden aýrylmagy biraz öň 25 ýyl azatlykdan mahrum edilen telekeçi Ç.Gulowyň işi bilen hem baglanyşdyryldy. Ol Gulowyň Aşgabat pasport stolunyň başlygynyň orunbasary bolup işlän garyndaşy Didarmyrat Muhammedowyň Gulowyň eden işler barada hukuk goraýjy organlara habar bermezligine göz ýumupdyr.



Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu gün irden içeri işler ministri Isgender Mulikowyň sürüjisi – Maksat Amanowyň tussag edilendigini tassyklamagy başardy. Habarçy Amanowyň il içinde “Şatyr” ady bilen hem tanalýandygyny belledi.

Isgender Mulikowyň wezipesinden boşadylandygy baradakay maglumaty ilkinji bolup Turkmen.news neşiri habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mulikowyň sürüjisiniň tussag astyna alynmagynyň ýakynda aşgabatly iri telekeçi Çary Gulowyň we ozalky söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowyň tussag edilmegi bilen baglydygyny aýdýar.

Bu ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň habarçymyza aýtmagyna görä, geçen aý tussag edilen Çary Gulowyň içeri işler ministri bilen ýakyn gatnaşyklary bolupdyr. Gulowyň Mulikowyň biznes bähbitlerini dolandyrandygy hem aýdylýar. Mulikowyň sürüjisi bolsa bu bähbitleri ýola goýmakda möhüm roly oýnapdyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mulikowyň biznes bähbitlerine ençeme restoranyň, kafedir dükanlaryň girendigini aýtdy.

“Häzirki wagt ‘Okean’ restorany, ‘Aýperi’ kafesi, ‘Türk nygmatlary’ kafesi konfiskasiýa edildi. Bularyň ählisini Gulow dolandyrýardy. Gözegçiligi bolsa, Mulikowyň sürüjisi amala aşyrýardy” diýip, habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi.

“Mundan başga-da, Maksat Amanow dürli meseleler boýunça üçünji taraplar bilen ministriň arasynda araçy hökmünde hereket edýärdi” diýip, habarçymyz ýagdaýlardan habarly çeşmäniň sözlerini getirdi.

1-nji oktýabrda IIM-niň düzümindäki edaralaryň ençeme ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem wezipelerinden boşadylandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary IIM-däki arassalaýyş işleriniň Isgender Mulikow bilen beýleki täsirli güýç edarasynyň, ýagny Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň ministri Ýaýlym Berdiýew bilen täsir ugrundaky bäsdeşligiň netijesinde dörändigini çaklaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 44 ýaşly Mulikowyň 2017-nji ýyldan bäri wezipesinden meýletin gitmekçi bolýandygyny, bu barada azyndan bir gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan haýyş edendigini, emma soňkynyň muny ret etdendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Mulikowa prezidentiň ýakyn garyndaşlarynyň hataryndan biriniň howandarlyk edendigini hem nygtaýarlar.

Mulikow 2009-njy ýyldan bäri IIM-niň başlygy wezipesinde işleýärdi.

1-nji oktýabrdaky mejlisde prezident "Türkmen atlary" döwlet birleşiginde hem bidüzgünçiliň bardygyny aýtdy, birleşigiň başlygy Mergennepes Annanepesowy, "işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýip, wezipesinden boşatdy.

XS
SM
MD
LG