Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar baglarynyň tölegleri gymmatlady, emma hyzmatlaryň hili 'gowulaşmaýar'


Türkmenistandaky çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi zenan we çagalar
Türkmenistandaky çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi zenan we çagalar

Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleriniň 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, çagalara berilýän bilimiň we iýmitiň hiliniň gowulanmaýandygyny, Azatlygyň okyjylary we ýerli çeşmeleri aýdýarlar.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri Aşgabatda 10 manatdan we welaýatlarda 8 manatdan 80 manada duýdansyz ýokarlandyryldy.

Ene-atalaryň ençemesi bahalaryň gymmatladylandygyny, emma aradan üç aý çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, çagalar baglarynda berilýän hyzmatlaryň we naharlaryň hiliniň gowulanmaýandygyny aýdyp, tölegleriň nämäniň hatyrasyna artdyrylandygyna akyl ýetirip bilmeýändiklerini belleýärler.

Özüni Murgap etrabynyň ýaşaýjysy diýip tanyşdyran okyjymyz obalardaky çagalar baglarynyň mundan azyndan 50 ýyl ozal bina edilendigini we ondan bäri oba ýaşaýjylarynyň ortaça dört esse köpelendigini aýdyp, jaýlara çagalaryň sygmaýandygyny, olaryň juda darlyk edýändigini aýdýar.

“Çagalar baglarynyň bir otagynda 20-25 çaga bolmaly bolsa, olarda 30-32 çaga bolýar. Gyşyna ýyladyş sistemasy tas asla işlänok diýen ýaly. Şonuň üçinem çagalar baglarynda ýerli ussalaryň elde ýasan gaz peçleri ýakylýar ýa-da split kondisionerleriniň ýyladyjysy bilen otaglary azda-kemde ýyladyp gün görýäris. Tomus paslynda bolsa, bu tersine bolýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran murgaply okyjymyz aýdýar.

Bu ýagdaýyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Uzynsuw obasyndaky, Marynyň Tagtabazar etrabynyň Marçak obasyndaky we bu welaýatyň Murgap etrabynyň Şordepe obasyndaky çagalar baglarynda hem gaýtalanýandygyny, Azatlygyň biri-birinden garaşsyz çeşmeleri aýdýar.

Aşgabatly ýazyjy we synçy Amnamyrat Bugaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan bu çeşmelerimiz agzalýan obalardaky çagalar baglarynda işlemeli ýörite bilimli kadrlaryň hem ýetmezçilik edýändigini, munuň bolsa çaga berilýän terbiýäniň we öwredilmeli ilkinji endikleriň hiline ýaramaz täsir ýetirýändigini gürrüň berdiler.

“Çagalar bagynda işleýän işgär 10 çemesi adam bolsa, olaryň bolup bilse 3-4-sinde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda işlemek boýunça ýörite bilimleri bar. Galan 6-7 terbiýeçi obadaky mekdebi, ýagny umumy orta bilimi tamamlanlar diýip aýdýarlar. Ylaýta-da, çagalar baglarynyň programmasyna laýyklykda, aýdym-saz sapaklary geçilmeli, olara surat çekmek endikleri öwredilmeli, saz çalmagyň ilkinji başarnyklary öwredilmeli. Ynha, bu zatlar umuman amal edilenok. Sebäbi spesialist, kadr ýok diýip aýdýarlar” diýip, Bugaýew maryly we balkanly ýaşaýjylara salgylanyp aýtdy.

Galyberse-de, agzalýan etraplardaky çagalar baglarynda çagalara berilýän naharyň hilinde hem gowulyga tarap üýtgeşmäniň görünmeýändigine, olarda aşpezlik ugrundan ýörite hünärli adamlaryň işlemeýändigine hem üns çekilýär.

“Pul almaly bolanda, iki elläp alýarlar. Ýöne çagalara berilmeli hyzmatyň hili hiç üýtgemeýär” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran maryly ýaşaýjy aýdýar.

Ýatlap geçsek, ýurtda çagalar baglarynyň tölegleriniň 10 esse ýokarlandyrylmagyna ene-atalaryň köpüsi nägilelik bildirip, Daşoguz welaýatynda bolsa perzentleri çagalar bagyna gatnaýan raýatlaryň ençemesi protest ýörişi geçiripdi.

Çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlandyrylmagy, Türkmenistanda ilata “mugt” berilýän ýeňillikleriň ýatyrylan, saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň 50% gymmatladylan, jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň nyrhlarynyň 30 teňňeden 50 teňňä çykarylan mahalynda bolup geçdi.

XS
SM
MD
LG