Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bag, kartoşka, nowruz. Balkanyň býujetçilerinden pul talap edilýär


Býujet edaralarynyň işgärlerinden ýyllarboýy alynýan tutumlaryň sany barha artýar. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Býujet edaralarynyň işgärlerinden ýyllarboýy alynýan tutumlaryň sany barha artýar. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynda býijet edara-kärhanalarynda işgärlerden we okuw jaýlarynda studentlerden dürli maksatlar üçin pul toplamak işi alnyp barylýar. Martyň başyndan bäri talap edilýän puluň mukdary artýar we ujypsyz aýlyklaryna zordan maşgala dolandyrýan adamlaryň aladasyny güýçlendirýär.

"Ähli býujet edaralarynda we okuw jaýlarynda işgärlerden we studentlerden dürli maksatlar we çäreler üçin ýygnalýan puluň mukdary artýar. Golaýda 8-nji mart üçin ýygymlardan ýadan býujetçiler indi ýazky bag ekmek we Gyzylarbat etrabynda ýazky kartoşka ekmek üçin tohumlyk kartoşka satyn almak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär" diýip, türkmenbaşyly çeşmeleriň biri 14-nji martda gürrüň berdi.

Döwlet tarapyndan dolandyrylýan bahar bag ekiş kamaniýasy we kartoşka ekmek ýaly işlerini maliýeleşdirmek üçin ilatdan alynýan pul tutumlaryna Tükmenbaşy şäheriniň we etraplaryň döwlet edaralarynda işleýänler, deňiz inistitutynyň studentleri we mekdep okuwçylary sezewar edilipdir.

Türkmenbaşy şäherine we Hazar şäherçesine degişli býujetçiler Gyzylarbatdaky kartoşka ekilýän meýdanlar üçin tohum satyn almaga pul tabşyrýan bolsalar, Balkanabat şäheriniň edara jaýlarynda ýygnalýan pula Bereket we Magtymguly etraplarynda ekilýän kartoşka üçin tohum satyn almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan birnäçe balkanly çeşme gürrüň berdi.

Bu ýagdaý býujet işgärlerini örän aladalandyrýar.

"Mart aýynda býujet işgärlerine agyr bolýar. 8-nji mart, irki kartoşka, bag ekmek ýaly çäreler, soň bolsa, Nowruz baýramy çäreleri üçin pul bermeli bolýarys. Bu aýlykdan öýümize pul galmady. Tutumlar ýadatdy" diýip, Türkmenbaşy şäheriniň býujet edaralarynyň birinde işleýän balkanly öz nägileligini bildirdi.

Çeşmeleriň ýene biri şäher hassahanalaryň birinde işgärlerden her aýda alynýan tutumlaryň arasynda edara jaýyny bejermek we ýolbaşçynyň günortanlyk naharyny üpjün etmek üçin pul alynýandygyny gürrüň berip, şu aýda tutumlaryň 600 manatdan, ýagny aýlygyň dörtden bir böleginden aşandygyny aýtdy.

"Bir aýda 100 manat remont üçin, 100 manat baş lukmanyň günortanlyk nahary üçin, 100 manat 8-nji mart üçin, 100 manat bag ekmek üçin, 70 manat kartoşka tohum satyn almak üçin, 150 manat Nowruz baýramy üçin alyndy" diýip, medisina edarasynyň işgäri aýtdy.

Türkmenistanda medisina işgärleriniň ortaça aýlygy 2500 manat töwereginde bolýar, diýip habarçymyz aýdýar.

Balkanly medisina edaralarynyň işgärleri öz zähmet haklaryny tutuşlygyna alan we öýlerine elten wagtynyň ýatlaryna düşmeýändigini gürrüň berdiler.

"Halk bizden närazy bolýar 5 manat sanjym üçin pul sorasak. Biz hem öýümize aýlygymyzy doly alyp baranymyz ýadymyza düşenok. Baş lukmanyň hyzmat ulagy döwülse-de hassahananyň işgärleri pul çykaryp bejerdip, berýärler. Ýolbaşçylar hassahanalarda öz adamlaryny işgärlerden pul ýygnamak üçin ulanýarlar" diýip, balkanly býujet işgäri gürrüň berdi.

Şu günler Balkan welaýatynyň orta mekdeplerinde okuwçylardan bahar bag ekiş kampaniýasy üçin 20 manatdan toplanýar.

Balkanabatda bolsa, mekdep okuwçylaryny her gün guramaçylykly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatryna alyp barýarlar. Munuň üçin okuwçylaryň her birinden 7 manat töleg etmek talap edilýär.

Geçen hepde Aşgabadyň orta mekdeplerinde ählihalk bag ekişlik üçin her okuwçydan 60 manat mukdarda pul toplanýandygy habarçylaryň maglumatlarynda aýdylypdy. Türkmen hökümeti her ýyl iki gezek ýazda we güýzde guramaçylykly millionlarça agaç ekilýändigini yglan edýär. Bu bag ekişlikde ulanylýan nahallar üçin ilatdan pul alynýar.

Türkmenistanda ilatdan, şol sanda mekdep okuwçylaryndan dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnamak däbi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Azatlygyň habarçylarynyň ýurtdan berýän maglumatlaryna görä, hususan-da, býujet işgärlerinden her aýda milli metbugat, prezidentiň suratlary, döwlet şygarlary we baýdaklary, bag, arassaçylyk, medeni we sport çäreleri, şeýle-de oba hojalygy üçin tutumlar aýlygyň 10%-ne barabar bolýar.

Pul tutumlary ýyllarboýy yzly-yzyna alynýar.

Garşylyk bildiren işgärlere işden kowulmak haýbaty atylýar. Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň ýolbaşçylary tutumlara garşy çykmazlygy maslahat berýärler, bolmasa işden boşadyljagyny açyk duýdurýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG