Türkmenistanda bankomatlarda pul ýetmezçiligi saklanýar. Häzirki wagtda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ilaty döwlet tarapyndan plastik kartlaryna geçirilýän pullaryny alyp bilmän kösenýärler.
"Maryda pensiýalary we maýyplaryň kömek pullaryny eýýäm kartlara geçirdiler, emma bankomatlar boş dur, olarda nagt pul ýok. Etrap bankomatlarynda pul düýpden ýok, pensionerler öz pullaryny almak üçin ähli şäher bankomatlaryna aýlanýarlar" diýip, Marydaky habarçymyz 4-nji noýabrda habar berdi.
Emma onuň sözlerine görä, adamlar bankomatlaryň öňünde duran adamlary görüp, nobata durýarlar, emma köplenç hasabyndaky pulunyň möçberini görüp bilýärler.
"Şu gün "Belent" söwda merkeziniň oňündäki "Türkmenistan" bankynyň daşyndaky bankomatlarda 40 golaý adam durdy, emma nagt pul ýokdy. Adamlar diňe kartlaryny salyp içindäki pullaryny görýärler we 20 manat ýaly ownuk pul almakçy bolsalar, bankomat hiç bir pul bermeýär" diýip, habarçymyz habar berýär.
"Daşary sowuk, ýagyn ýagýar, agtyklar mekdebe gidenlerinde üşeýär, şolara pensiýamdan aýaklary üşemez ýaly ädik aljak bolýaryn" diýip, nobatda duran zenanlaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
"Nobatda duranlaryň ýene biri goşulup, özüniňem çagalara geýmäge ýyly geýim gerekdigini, geçen ýylky ekişleriniň kiçi bolýandygyny aýtdy. Adamlar hökümetden nägiledigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Maryda ähli bankomatlaryň öňünde polisiýa işgärleri nobatçylyk edýär.
Bankomatlardaky pul ýetmezçiligi Türkmenistanyň beýleki regionlarynda hem dowam edýär.
4-nji noýabrda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Garabekewul we Hojambaz etraplaryndaky ýagdaýy gürrüň berdi.
"Lebap, Garabekewul we Hojambaz etraplarynyň pensionerleri, esasan-da Gyzylaryk, Tölekguýy, Gazanaryk, Gultak obalarynyň bankomatlardan häzirki kösenji indi söz bilen düşündirerden geçendir. Şu etraplaryň merkezlerinde nagt puluň ýokdugy sebäpli adamlar Kerki etrabynyň, ýa-da Türkmenabat şäherine barmagy dogry bilýärler" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar we "Halk" hem-de "Daýhan" banklarynyň wekilleriniň bankomatlarda puluň ýokdugyny pagta ýygym we daýhanlar bilen hasaplaşyk bilen düşündirýändigini belleýär.
"Emma bu etraplarda pagtaçy kärendeçiler ýygym başlanaly bäri kart hasaplaryna kör-köpük hem düşmändigini aýdýarlar. Şu ýyl täze oba hojalyk düzgünlerine görä, döwlet planynyň azyndan 60%-niň ýerine ýetirilen ýagdaýynda kärendeçiniň ýygan hasyly üçin pul onuň hasabyna geçmeli edilipdir" diýip, habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, kärendeçileriň ençemesi hasylyň şu ýyl pesligi sebäpli öz hasabyna puluň geçmejeginden howatyrlanýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň banklaryndan resmi kommentariý alyp bilmedi.
Şol bir wagtda-da, ençeme wagt bäri öz puluny almakda kynçylyk çekýän ilatyň ertirki güne bolan ynamynyň gowşaýandygyny habarçylarymyz belleýärler.
"Pensionerleriň, posobiýa alýanlaryň hasaplaryna pul geçen hem bolsa, ony indi nädip almaly diýen pikir pensionerleri gynaýar, adamlar lapykeç bolýar, ertirki güne ynamlary ýok" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.
Şu günler Daşoguzda bankomatlaryň öňünde nobatlar göze ilýär.
Garaşsyz Turkmen.news neşriniň 1-nji noýabrda habar bermegine görä, günde bir kartdan 800 manat puluň çekmegine rugsat berýän düzgüne garamazdan, bir gezekde bu mukdardaky puly çekip bolmaýar, sebäbi bankomatlar diňe maýda pul berýär. Munuň bilen baglylykda adamlar kartalaryny her gezek gaýtadan salyp, 6-8 gezekden soň agzalan möçberdäki puly çekip bilýärler.
Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary, stipendiýalar we daýhanlaryň gazanjy plastik kartlaryna geçirilýärkä, bankomatlardan pul çekmek ilatyň öz girdejisini eline almagy üçin ýeke-täk ýol bolup durýar.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň hökümeti ýurtda iki ýyl bäri dowam edýän nagt pul ýetmezçiligini ilkinji gezek gytaklaýyn boýun aldy. Türkmen prezidenti şonda “ýurduň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.
Munuň yzýany türkmen häkimiýetleri bankomatlaryň öňünde nobatlaryň döremeginiň önüni almak boýunça çäre görüp başladylar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýa bankomatlaryň öňünde duran adamlary saklady we soraga çekdi. Üstesine, döwlet edara-kärhanalarynda işgärler bilen söhbetdeşlik geçirilip, olaryň nobatlarda görünmezligi talap edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.