Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sakarçägede ýeke bankomat işleýär, Lebabyň dermanhanalarynda töleg terminallary işlemeýär, adamlar soraýar: “Plastik kart nämä gerek?”


Maryda bankomat nobatyna garaşýan adamlar, sentýabr, 2019-njy ýyl.
Maryda bankomat nobatyna garaşýan adamlar, sentýabr, 2019-njy ýyl.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ilatyň bankomatlardan öz bank kartlary arkaly maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmaklary bilen bagly problemalar dowam edýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

8-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde beren maglumatynda Mary welaýatynda ilatyň bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi.

“Şu günler Maryda ýene-de nagt pul gytaldy” diýip, habarçy işleýän bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigini habar berdi:

Maryda bankomat nobatyna garaşýan adamlar, oktýabr, 2019-njy ýyl
Maryda bankomat nobatyna garaşýan adamlar, oktýabr, 2019-njy ýyl

“Tutuş Sakarçäge etrabynda diňe ýekeje bankomat işleýär, onuň öňünde 88 adam nobata ýazylypdyr. Mary şäherinde ýagdaýlar gowy däl. Meniň özüm Marynyň “Belent” söwda merkeziniň öňündäki bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin iki sagada golaý garaşdym” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, raýatlar öz kartlaryndan bir saparda 200 manada çenli pul nagtlaşdyryp bilýär.

“Bir günde kartyňdan 800 manat çekip bolýar” diýip, habarçy belledi.

Ol ençeme maryly ýaşaýjy bilen geçiren gürrüňdeşliklerine salgylanyp, Mary şäheriniň Otly menzilinde ýerleşýän bankomatyň öňünde 8-nji oktýabr güni 100-den gowrak adamyň nobata ýazylandygyny habar berdi.

Lebap welaýatynda hem ýerli ýaşaýjylar bankomatlar bilen bagly problemalara duçar bolýarlar, hassahanalarda, dermanhanalarda we beýleki möhüm döwlet edara-kärhanalarynda nagt däl hasaplaşyga degişli mümkinçilikleriň ýokdugy ýerli ýaşaýjylaryň dürli kösençlikleri başdan geçirmeklerine sebäp bolýar. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 9-njy oktýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde beren maglumatynda agzalýan problemalar, şol sanda ilatyň nagt ýetmezçiligi, nagt däl hasaplaşyga degişli enjamlaryň oturdylmazlygy we beýleki sosial-ykdysady meseleler ençeme lebaplynyň gazanç gözleginde has köp daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn etmeklerine getirýär.

“Lebapda bankomatlarda pul bolmansoň, adamlar nagt ýetmezçiliginden kösenýär” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, zerur döwlet edara-kärhanalarynda nagt däl hasaplaşyga degişli mümkinçilik ýok.

“Hatda welaýat hassahanasynyň kassalarynda hem töleg terminallary ýok, nagt däl hasaplaşyk geçirip bolmaýar. Dermanhanalarda ‘aragatnaşykda problema bar’ diýlip, töleg terminallary kassalardan doly aýrylypdyr” diýip, habarçy maglumat berdi.

Maryda bankomat nobatyna garaşýan adamlar, oktýabr, 2019-njy ýyl.
Maryda bankomat nobatyna garaşýan adamlar, oktýabr, 2019-njy ýyl.

Onda bar bolan maglumatlara görä, derman zerurlygy çekýän raýatlar nagt pul tapmakda kynçylyk çekýär, sebäbi bankomatlar öz güýjünde işlemeýär.

Lebaply bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şertlerinde geçiren gürrüňdeşliginde zeýrendi:

“Bankomatlar işlemese, töleg terminallary işlemese plastik kartlar (bank kartlary – red.) nämä gerek? Halkyň arzyny diňleýän ýok, meseläňi çözýän adam ýok” diýip, lebaply ýaşaýjy arzyny Azatlyga aýtdy.

“Häzir adamlar, hatda mugallymlar we lukmanlar işlerini taşlap, daşary döwletlere işe gidip başladylar” diýip, habarçy soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň arasynda giň ýaýran meýil barada gürrüň berdi.

“Türkmenistanda baş lukmanyň 1 ýylda alýan aýlygyny Türkiýede bir öýde hyzmatkär bolup 1 aýda gazanyp bolýar. Üstesine, aýlygyňy nagtlaşdyrmak üçin aýlanyp bankomat gözlemek gerek däl” diýip, lebaply bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertlerinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, Türkiýä baransoň hem Türkmenistandaky käbir problemalar türkmenistanlylaryň yzyndan galmaýar:

7-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde Türkiýeden habarlaşan türkmenistanly bir student mundan beýläk daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentlere Türkmenistandan Western Union arkaly pul ugratmak üçin täze çäklendirmeleriň girizilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň käbir regionlarynda Western Unionyň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentleriň hossarlaryndan studentlere pul ugratmak üçin olaryň okaýan ýurtlarynyň bilim ministrliklerinden okuw barada güwähat talap edýär.

Türkmen resmileri bu maglumatlar boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG