Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy türkmenistanly geý erkegiň ykbalyndan çuňňur alada bildirýär.
“Türkmenistanda bir erkegiň öz jynsy ugruny jemgyýetçilige aýan edenden soň ýitirim bolmagyndan alada edilýär” diýip, HRW 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.
“Türkmen hökümeti Kasymberdi Garaýewiň tussaglykdadygyny ýa däldigini gyssagly aýdyňlaşdyrmaly we, eger ol tussagda bolsa, derrew boşatmaly hem-de onuň näme üçin saklanandygyny düşündirmeli” diýip, beýanatda nygtalýar.
“Biz Kasymberdi Garaýewiň, öz jynsy ugruny aýan edeninden soň, hiç kime görkezilmän saklanylmagyndan çuňňur alada galýarys” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.
“Türkmenistandaky adam hukuklarynyň hopukdyryjy ýagdaýy, şol sanda zorlukly ýitirim edilmeler sebäpli, bizde onuň howpsuzlygy we aman-esenligi babatda alada galmaga ähli esas bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
AÝ/AR 21-nji oktýabrda Garaýewiň öz jynsy ugry barada beren gürrüňini çap etdi. Başda neşir, howpsuzlyk aladalary sebäpli, onuň şahsyýetini açmady.
Garaýewiň 24-nji oktýabrda Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, özi hakyndaky makala çap edilenden soň, ol polisiýa tarapyndan gözlenip başlandy we birazdan soraga çagyryldy.
AÝ/AR onuň bilen aragatnaşygy polisiýa stansiýasyna barmazyndan 30 minut öň ýitirdi we şondan bäri Garaýewiň nirededigi bilinmeýär.
“Türkmen hökümeti şol bir jynsdaky adamlaryň öz aralarynda ylalaşmagy esasynda edýän gatnaşyklaryny jenaýat hasaplamagyny bes etmeli we LGBT adamlaryny zorlukdan we kemsitmeden goramak çärelerini görüp başlamaly” diýip, Denber aýtdy.
“Olar derhal Garaýewiň nirededigini we aman-esendigini anyklamak çärelerini görmeli” diýip, HRW-nyň resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.