Türkmenistanly geý oglanyň tussag edilen bolmagy güman edilýär. Azatlyk Radiosy onuň ýagdaýy barada 10 gün mundan öň gürrüň beripdi. Ýaş ýigit bilen 24-nji oktýabrdan bäri aragatnaşyk ýok. Şol gün ony Aşgabadyň polisiýa bölümine gürrüňdeşlige diýip çagyrypdylar.
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň güýç edaralaryna ýakyn çeşme Milli howpsuzlyk ministrliginiň şol ýigidi gözleýändigini Azatlyk Radiosyna habar berdi.
21-nji oktýabrda çap eden makalamyzda biz şol ýigidi Kämil diýip tanadypdyk. Onuň hakyky ady Kasymberdi Garaýew, 24 ýaşynda, kardiolog lukman. Onuň hakyky howp astyna düşen bolmagynyň töwekgelçiligi sebäpli biz onuň adyny çap edýäris.
Ýatlatsak, Kasymberdi Garaýew Azatlyk Radiosyna sentýabryň aýagynda ýüzlenipdi. Ol Türkmenistanda gomoseksualizmiň häzire çenli jenaýat hökmünde yzarlanýandygyna garamazdan, ýurtda LGBT azlyklaryna bolan çydamsyz şertler sebäpli bu ädime aýgyt edendigini aýdypdy.
Makalanyň çap edilmeginden birnäçe gün geçensoň 24-nji oktýabrda Kasymberdini polisiýa bölümine çagyrdylar we muny "üç arka" barlagyny geçirmek zerurlygy bilen düşündirdiler. Türkmenistanda ähli döwlet guramalarynyň işgärleriniň ýakyn garyndaşlary barlanýar.
Şondan bäri Kasymberdi bilen aragatnaşyk kesildi. Biz onuň ýagdaýyny anyklamak üçin habarlaşmaga synanyşdyk. Emma 25-nji oktýabrda bize Türkmenistanyň güýç edaralaryna ýakyn çeşmämiziň beren maglumatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň Kasymberdini gözleýändigi we oňa howpuň abanýandygy mälim edildi. Çeşmämiziň sözlerine görä, howpsuzlyk organlary Kasymberdini başda atlandyryşymyz ýaly Kämiliň şekillendirilmegine gabat gelip biljek ähli ýaş lukmanlary barlapdyr.
Soňky hepdäniň dowamynda aragatnaşyk kesilensoň biz onuň ykbaly barada haýsy-da bolsa bir maglumat tapmaga synanyşdyk. Biziň Aşgabatdaky habarçylarymyz ony işleýän ýeri kardiologiýa merkezinden gözlediler. Emma şol ýerde bu adamyň mundan beýläk işlemeýändigini aýtdylar. Şeýle-de bize mälim bolşuna görä, onuň maşgalasy Aşgabatdaky öýünden göçüp gidipdir. Maşgalanyň öýünden öz islegi boýunça gidip-gitmändigi, ýa-da olaryň mejbur edilendigi entek mälim däl. Emma bu ýagdaýlar nazara alnanda Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýy çylşyrymly we oňa uly howp abanýar.
Geçmişde, Türkmenistanda adamlar syýasy sebäplerden tutulanda olaryň maşgala agzalarynyň hiç kim tapmaz ýaly, zor bilen göçürilen ýagdaýlary bolupdy.
Kasymberdi öz şahsyýetiniň anyklanan ýagdaýynda özüne howp abanjagyny duýupdy. Ol biz bilen gepleşen wagtynda ätiýaçlyk bilen öz ýakynlary üçin wideo ýüzlenmesini taýýarlapdy. Ol bu wideony 13-nji oktýabrda işleýän keselhanasynda gijeki nobatçylyk wagtynda düşüripdi. Azatlyk Radiosy bu wideony çap etmek kararyna geldi.
"Meniň ezizlerim, meni bagyşlaň! Men size soňky döwür ýaman kän ejir çekdirdim. Gözüňiziň ýaşyny dökdüm. Men bu zatlary size erbetlik isläp eden däldirin. Eger meni bir ýerlere äkiden bolsalaram, men günäkär däl. Meni bagyşlaň! Eger men ýok bolsam, meniň günämi geçiň! Razy boluň!", diýip ýigit öz wideo ýazgysynda aýdýar.
Ýatlatsak, Kasymberdi öz kakasynyň dogany öz agasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň gorag gullugynda işleýändigini gürrüň beripdi.
Ol bu maglumatyň esasynda özüniň Türkmenistanyň kanun goraýjy organlary tarapyndan anyklanmagyna getirip biljegine garamazdan, muny aýtmagyň möhümdigini hasap edipdi.
Kasymberdiniň sözlerine görä, onuň täsirli resmi bilen garyndaşlygy ony geý bolany üçin jenaýata çekilmekden bir gezek halas edipdir.
"Agamyň prezidentiň goragynda işlemegi meni türmeden halas etdi, emma gözenegiň aňrysyna düşýän men ýalylaryň ýene ençemesi bar" diýip, ol özüniň gelen kararyna delil getiripdi.
Kasymberdiniň gürrüň beren ýagdaýlarynyň birinde ol geçen ýyl Belarusdaky okuwyny tamamlap ýurduna dolanyp baranda ol internet üsti bilen bir ýigit bilen tanyşypdyr. Emma olar duşuşmak barada ylalaşanlarynda, bu polisiýanyň aldawy bolup çykypdyr. Ony sakladylar we polisiýa alyp bardylar. Şonda onuň kakasy we täsirli daýysy yzyndan baryp, ony alyp çykmagy başarypdyr, bolmasa Kasymberdä jenaýat jogapkärçiligine çekilmek garaşýardy.
Azatlyk Radiosyna şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda LGBT wekilleri babatynda görkezilýän zorluklar we ýowuzlyklar barada birnäçe habar gowuşdy. Emma agzalýan wakalary tassyklaýan goşmaça maglumatlary alyp bolmansoň, biz bu habarlary çap etmekden saklanypdyk.
Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň arasynda galýar. Şeýle ýurtlaryň sany 60 çemesi we olar gitdigiçe azalýar. Öňki sowet ýurtlarynyň arasynda Türkmenistandan başga-da geýleri yzarlaýan ýeke-täk ýurt goňşy Özbegistandyr. Beýleki postsowet ýurtlary jenaýat kodeksindäki bu maddadan esli wagt mundan öň el çekdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.