Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Marynyň polisiýasy öýsüz adamlary gözläp, olary buky ýerlerinden alyp gidýär


Türkmenistanda köp gatly jaýyň basgançagynyň aşagynda ýatan öýsüz adam. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda köp gatly jaýyň basgançagynyň aşagynda ýatan öýsüz adam. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Mary welaýatynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, polisiýa işgärleri ýörite ulaglar bilen Mary şäheriniň köçelerine aýlanyp, öýsüz adamlary gözleýärler. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu çäre soňky birnäçe gün bäri amala aşyrylýar.

“Mary şäheriniň içinde polisiýa işgärleri köneje, uly, yzy butgaly awtoulagda şäheriň ähli dworlaryna aýlanyp, jaýlaryň girelgelerini we ýerzeminlerini barlaýarlar. Ýaşaýjylardan ‘Öýsüz adam barmy ýa-da gördüňizmi?’ diýip soraýarlar. Bar ýa-da gördüm diýseň, ‘Hany nirede?’ diýip soraýarlar. Öýsüz adamlary tapsalar, ulaga mündirip alyp gidýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 25-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri munuň sebäplerini “ýurt garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlap, şäherde arassaçylyk çärelerini geçirýäris” diýip düşündirýärler.

“Polisiýa işgärleri öýsüz adamlaryň Baýramaly şäherinde alkogol endigine garşy göreşýän adamlaryň saklanýan merkezinde saklanjakdygyny we Garaşsyzlyk baýramy geçenden soňra goýberiljekdiklerini aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy soňky ýyllarda Mary şäherinde öýsüz adamlary köp görse bolýandygyny, olaryň köplenç köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde ýatyp turýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

“Öýsüz adamlar iýmit gözleginde mekdepleriň töwereklerinde aýlanýarlar. Olar mekdep okuwçylaryndan suw, pul, iýmäne zat soraýarlar. Kiçi klas okuwçylar olardan gorkýarlar. Uly okuwçylaryň arasynda olara zat berýän hem tapylýar. Öýsüz adamlar ýolda durýan maşynlardan hem pul soraýarlar. Şeýle-de, olar zir-zibilleri hem dörýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Maryly habarçy bilen söhbetdeş bolan öýsüz adamlaryň birnäçesi ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da halkara çäreleriň öňüsyrasynda, özleriniň polisiýa tarapyndan alnyp gidilmegi bilen bagly ýagdaýyň mundan öň hem bolandygyny gürrüň berdi.

“Öýsüz adamlary Murgap etrabynyň ‘Hyrslan Juma’ daýhan birleşigindäki Garrylar we maýyplar öýi hem kabul etmeýär. Sebäbi bizi öň birnäçe gezek şu öýe alyp gitdiler. Şonda bu öýüň resmileri ‘adam sanymyz köp’ diýip, bizi kabul etmediler we bizi Daşoguzdaky Garrylar we maýyplar öýüne iberjek boldular. Biz Daşoguza gitmejekdigimizi aýdanymyzdan soň, polisiýa işgärleri bizi nirä ýerleşdirjeklerini bilmän, Mary şäherine düşürip gitdiler. Bizi kabul eden bolsalar, biz şol ýerde galardyk. Biziň garnymyz doýsa bolany” diýip, habarçy maryly öýsüz adamyň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosyna bu barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden hem-de polisiýasyndan kommentariý almak häzirlikçe başartmady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da çäreleriň öňýanynda, polisiýa işgärleriniň öýsüz adamlary, dilegçileri tutup, alyp gidilýändigi barada mundan ozal hem habar beripdiler.

Şu ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy welaýatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlyk görülýändigini aýdyp, polisiýa ýa-da raýat egin-eşigindäki kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň şäheriň we etraplaryň köçelerindäki öýsüz adamlary, şol sanda dilegçileri we serhoşlary ýygnaýandygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri öýsüz-öwzarsyz ýa-da hossarsyz raýatlary goramak we olary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek baradaky meseleler hakda tas gürrüň etmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we türkmenistanly synçylaryň birnäçesi ýurtda öýsüz-öwzarsyz ýa-da hossarsyz raýatlaryň mundan ozal hem bolandygyny, ýöne soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, bu meseläniň ýitileşendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG