Türkmenistanda her ýyl millionlarça agaç ekilýär, emma ýüzlerçe gektar meýdana ekilen baglar idegsizlikden we suwsyzlykdan guraýar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy şeýle ýagdaýy Aşgabadyň Berzeňňi we Bekrewe sebitleriniň çägindäki tokaý meýdanlarynda synlasa bolýandygyny aýtdy.
“Bu sebite soňky 3 ýyl çemesi wagtda ekilen arça we beýleki baglar görnüşinden ekileni bäri suw berilmän ýaly bolup görünýär. Şa ýollarda 3 metre çenli ýol gyralarynda ýerleşýän agaç nahallaryna ideg edilendigini, suwarylandygyny görüp bolýar. Şol sebäpli bu aralykdaky agaçlar gök öwsüp dur. Emma ondan aňyrsy, ýagny esasy tokaý meýdanlarynda baglaryň 30-35%-i gurapdyr” diýip, habarçy 25-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Agzalýan tokaý meýdanlaryna aýlanyp gören habarçymyzyň sözlerine görä, aşgabatlylaryň, hususan-da, Berzeňňiniň we Bekrewäniň ýaşaýjylarynyň onlarçasy ilatdan ýygnalan maliýe serişdesiniň hasabyna ekilen bu agaç nahallarynyň köpçülikleýin guradylmagyndan nägile bolýar.
“Baglar öz wagtynda ideg edilmeýändigi, suwarylmaýandygy sebäpli guraýar. Olaryň düýbi gurap, topragy jaýryk açyp dur. Bu agaçlary ekmek we olara ideg etmek üçin diýlip, býujet işgärlerinden her ýyl ýüzlerçe manat möçberinde pul ýygnalyp alynýar. Adamlardan ýygnalýan pula biperwaý çemeleşilýär. Iň esasy zat-da, ekilen ýaşajyk nahallar guradylýar” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly býujet işgäriniň sözlerini sitirledi.
Aýdylmagyna görä, agaçlar ýagşyň köp ýagýan möwsüminde-de ýeterlik derejede goralmaýar. Olary aşa köp ýagyş suwlaryndan goramak üçin hem hiç zat edilmeýär.
“Şu ýyl bahar aýlarynda Aşgabada sil gelende, dagdan gelýän sil suwlary agaçlara uly zyýan ýetirdi. Häzir ýagyş möwsümi ýene golaýlady, ýöne dagdan gelýän siliň öňüni almak barada henizem ýekejede işiň edilendigi göze ilmeýär” diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanda prezidentiň karary bilen her ýyl millionlarça düýp nahal oturdylýar. Fewral aýynda resmi metbugat Türkmenistanda bu ýyl ýurt boýunça 3 million düýp agaç nahallaryny oturtmagyň göz öňünde tutulýandygyny, oturduljak agaçlaryň 1,5 millionynyň Ahal welaýatynyň çäklerinde, galan 1,5 millionynyň ýurduň beýleki künjeklerinde ekiljekdigini habar berdi.
Bu çäre her ýyl iki gezek güýz we bahar pasyllarynda ählihalk ýowarlarynyň geçirilmegi esasynda amala aşyrylýar we onda býujet işgärleriniň, şol sanda studentleriň gatnaşmagynda agaç ekilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ekilýän agaç nahallary üçin edara-kärhanalaryň işgärlerinden her ýyl pul ýygnalýandygyny habar berýärler. Şeýle-de, býujet işgärlerinden agaçlara ýylyň dowamynda ideg edýän hakyna tutulan bagbanlaryň zähmet haky üçin hem pul ýygnalýar.
Şu ýyl bahar paslynda geçirilen agaç ekmek çäresiniň öňüsyrasynda, ýagny 21-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri agaç nahallary üçin döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärlerinden pul ýygnalýandygyny we onuň 5-10 manat aralygyndadygyny habar beripdi.
Resmi maglumatlarda ekmek üçin agaçlaryň satyn alynmagynyň we olary idemegiň maliýe çeşmeleri halk köpçüligine mälim edilmeýär. Ýöne resmi media “ýurduň gök oazisleriň, ajaýyp baglaryň we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülip barýandygyny” yzygiderli tekrarlaýar.
Geçen ýylyň iýul aýynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy şäheriň magistral ýollarynyň ýakalarynda agaçlaryň gök zolaklary döredendigini, ýöne görer gözden daşrak, dag gerişlerinde, baýyrlarda, esasan-da, Aşgabadyň demirgazyk çöllük böleginde ekilýän agaç nahallarynyň her ýylda üçden birisiniň hem düýp tutmaýandygyny gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.