Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horezm polisiýasy pyýada aksiýa gatnaşyjylary saklady (wideo)


Geçen hepdäniň aýagynda Horezmiň içeri işler bölüminiň kanun goraýjylary Mahmud Rajaby saklamak islediler, ýöne garaşylmadyk ýagdaýda žurnalistiň ýaşaýan mähellesindäki adamlaryň berk garşylygyna duçar boldular.
Geçen hepdäniň aýagynda Horezmiň içeri işler bölüminiň kanun goraýjylary Mahmud Rajaby saklamak islediler, ýöne garaşylmadyk ýagdaýda žurnalistiň ýaşaýan mähellesindäki adamlaryň berk garşylygyna duçar boldular.

23-nji sentýabrda Horezm welaýatynyň kanun goraýjy organynyň işgärleri žurnalist Mahmud Rajaby hem onuň ýakyn hossarlary bilen pyýadalap Daşkende barýan topary saklady. Žurnalist hem onuň ýakynlary 22-nji sentýabrda Özbegistanyň Içeri işler ministri Pulat Babajanow bilen duşuşmak üçin, pyýadalap paýtagta tarap ýola düşüpdi. Olar ministre Horezmde barýan kanunsyz hereketler barada arz etmekçidiler. Ýöne diňe 50 km. ýol geçip bildiler. Soňra olary sakladylar-da, awtobusa ýükläp, näbelli ugra äkitdiler.

23-nji sentýabr agşamy Horezm welaýatynyň içeri işler bölümi pyýada ýöräp, Daşkende ýetmek islän žurnalist Mahmud Rajabyň hem onuň ýakynlarynyň saklanandygyny mälim etdi.

Maglumatda aýdylyşyna görä, olar polisiýanyň bir ýerli bölüminde saklanýar.

Welaýat polisiýasynyň maglumatyna görä, «Mahmud Rajabyň garşysyna gozgalan jenaýat işiniň ýatyrylmagyny gazanmak üçin» olar özbek paýtagtyna tarap pyýada ýörişi gurnapdyrlar.

Horezm polisiýasy pyýada aksiýa gatnaşyjylary saklady (wideo)
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:33 0:00

«Olar bilen Ürgenç şäheriniň häkimi duşuşdy. Pyýada ýörişe gatnaşyjylar häkimiň başgalaryň durmuş şertlerine päsgel bermez ýaly, beýle demonstrasiýany gurnamak üçin, ýörite rugsatnama almagyň zerurdygyny düşündirmegine we döwletiň kanuny talap edýän şertlerine garamazdan, öz ýurdunda raýatlaryň ynanjynyň bardygyny bilgeşlin öňe sürüp, jemgyýetiň ünsüni özüne çekmek maksady bilen öz aksiýalaryny sosial ulgamlarda beýan etdiler» diýip, metbugat-gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Resmi maglumatda aksiýa gatnaşyjylaryň häzirki ýagdaýy barada hiç zat aýdylmaýar. Pyýada ýörişe ýigrimi çemesi adamyň gatnaşýandygyny aýtmagymyz gerek. Olaryň arasynda kiçi ýaşly iki çaga hem bir sany dört aýlyk bäbek bar.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, saklanan žurnalist Mahmud Rajabyň bu aksiýa gatnaşan ýakynlarynyň ählisi Horezm oblastynyň içeri işler bölümine getirilipdir.

– Günortan ara Gürlen raýonyndan ýene 15 adam geldi. Olar welaýat polisiýa bölüminiň binasynyň alnyna geçip, polisiýa tarapyndan saklanan aksiýa gatnaşyjylaryň boşadylmagyny talap etdiler. Ýöne kanun goraýjylar ol gelenlere saklananlar bilen duşuşmaga mümkinçilik bermedi. Olaryň nähili şertde saklanýandygy barada bizde entegem hiç bir maglumat ýok. Olaryň arasynda dört aýlyk bäbek bilen iki sany kiçi ýaşly çaga bar – diýip, öz adynyň tutulmazlygyny soran Gürlen raýonynyň bir raýaty Azatlyga habar berdi.

Azatlygyň žurnalisti 23-nji sentýabrda Horezm welaýat içeri işler bölümi bilen aragatnaşyga çykjak bolup, birnäçe gezek synanyşdy, ýöne netije bermedi.

Žurnalist Mahmud Rajabyň bir garyndaşynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 23-nji sentýabrda takmynan sagat 12-lerde pyýada aksiýa gatnaşyjylaryň ählisini bir awtobusa salyp, näbelli ugra alyp gidipdirler.

– Şu gün aýallar pyýada ýöreşe gatnaşyjylary goldamak isläp, ýaňadan garşylyk bildirdiler. Olaryň mobil telefonlaryny almaga synanyşdylar, emma bu başa barmady. Soňra hökümetler ýolagçy awtobusy getirip, olaryň ýoluny saklady. Raýat egin-eşigindäki biri aksiýa gatnaşyjylara topulyp, olary awtobusyň gapysyna tarap itekleýär, şol sanda Mahmud Rajaby-da. Megerem, ol saklananlaryň ählisiniň telefonlary ellerinden alnan bolsa gerek, sebäbi olaryň hiç biri edilýän jaňa jogap berenok – diýip, žurnalistiň garyndaşy aýdýar.

Bu aralykda Azatlyk Radiosynda pyýada ýörişe gatnaşyjylaryň saklanyşy baradaky wideo ýazgy bar.

23-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen takmynan 11-ler töwereginde ýerli bloger Şabnam Olloşukurow tarapyndan ýollanylýan wideo habaryň yzy üzüldi.

Saklananlaryň häzirki ýagdaýy mälim bolmandygy üçin, Azatlyk Radiosy wakanyň barşyny yzarlap barýar.

Ýatlatsak, 21-nji sentýabrda Horezm welaýatynyň polisiýa gullukçylary žurnalist Mahmud Rajabyň öýüne baryp, ony alyp gitmäge synanyşandygyny Azatlyk Radiosy ertesi güni habar beripdi. Ony alyp gitmäge gelenler žurnalistiň ýaşaýan mähellesindäki goňşulary tarapyndan garaşylmadyk garşylyga duçar bolup, yzlaryna boş dolandylar.

2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde «Ташкент-АЭРО» ýöriteleşdirilen gümrük kompleksi žurnalist Mahmud Rajabyň garşysyna kontrabanda bilen gatnaşykly diýip, jenaýat işini gozgady. Onuň sebäbi şu ýylyň ýazynda ol Stambuldan gaýdanda, Türkiýede ýaşaýan özbek syýasy oppozisioneri Muhammet Salyhyň hem onuň kiçi dogany, öňki syýasy tussag Muhammet Bekjanyň birnäçe kitabyny ýany bilen Daşkende getiripdir.

Görkezilen aýyplama tassyk bolan ýagdaýynda, ony 5 ýyldan 10 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edip bilýärler.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG