3-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Özbegistanyň Syrderýa welaýatyndaky Şirin şäheriniň 57 ýaşly ýaşaýjysy S.R. okuwçy gyz, 15 ýaşly goňşusy J.H-ny zorlanlykda güman edilip, şäher milisiýa bölüminde hasaba alnypdyr. Ejir çekeniň agasy Ýodgor bu habary eşidip, Orsýetden dolanyp gelipdir. Ol «gyz zorlajak bolan goňşusynyň bu işi basmarlajak» bolýandygyny aýdýar.
4-nji sentýabrda şäher milisiýa bölüminiň wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hadysa ýüze çykandan soň, ol gyzy keselhana ýerleşdiripdirler, kanun goraýjy guramanyň işgärleri bolsa derňew işine başlapdyr.
– 1962-nji ýylda doglan graždaniniň jenaýat edendigi güman edilýär. Ol öň sud bolmadyk, mähelle metjidi hem raýatlaryň mähelle ýygnagy tarapyndan gowy häsiýetnama berlen, şeýle hem onuň «hajy» derejesi bar. Güman edilýäniň jenaýat derejesi häzirlikçe anyklanmadyk. 2004-nji ýylda doglan J.H. şeýle ýagdaý bolansoň, ol 5 gün doktoryň gözegçiliginde boldy. Häzir 9-njy synpda okuwyny dowam etdirýär – diýip, kanun goraýjy organyň işgäri aýdýar.
Şaýat bolanlaryň hem adwokatyň sözüne görä, 57 ýaşly S.R. goňşularynda ol gyzdan başga hiç kimiň ýokdugyny bilip, haýat aşyp olaryň jaýyna giripdir.
15 ýaşly gyzyň uly agasy Ýodgoryň uýasynyň sözüne salgylanyp, Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol adam gyzy urupdyr, soňra ony ýalaňaçlap, şondan soň öz jalbaryny çykarypdyr.
– Şol wagtda öýe ejem giripdir. Ol adam ejemiň elini, aýagyny baglap urupdyr-da, beýleki otaga geçirip, üstünden gulplapdyr – diýip, ejir çekeniň uly dogany aýdýar.
15 ýaşly gyzy halas etmek beýleki goňşulara başardypdyr. Olar goh-galmagaly eşidip, bularyň öýüne gelipdirler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 15 ýaşly gyzyň goňşularyndan biri bilen gepleşmek başartdy. Ol goňşy 57 ýaşly «hajynyň» jenaýat eden ýerinden gaçmaga synanyşýandygyny görendigini tassyklaýar.
– Gyzyň hossarlary lal hem ker. Ol hajy baba bolsa olar hiç zat eşitmezler diýip çaklapdyr. Biz ol gyzyň bolýan jaýyna girenimizde, ol gaçmaga synanyşdy. Sakgally uly adam balaksyz gaçyp gitmek isleýär. Biz milisiýany çagyrdyk. Muňa şaýat bolanlaryň ählisi düşündiriş ýazdylar – diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.
15 ýaşly gyzyň adwokaty Şerali Nabiýewiň 4-nji sentýabrda Azatlygyň žurnalistine aýtmagyna görä, jebir çekeniň hem onuň ejesiniň beren görkezmelerine garamazdan, kanun goraýjy organyň işgärleri bolan jenaýaty «huliganlyk», ýagny bir ýakymsyz hereket diýip kesgitlemäge çalyşýarlar.
– Ol adam haýatdan aşyp, gyzyň ýaşaýan jaýyna giripdir. Gyzy urupdyr hem zorlapdyr. Bu barada gyz öz düşündirişinde ýazdy. Gyzyň ejesiniň aňladyşy ýaly, ol goňşulary S.R-nyň öz jaýyna girendigini, balaksyz durandygyny, şol wagtda gyzynyň poluň üstünde huşuny ýitirip ýatandygyny ýazga geçirip berdiler. Häzir S.R. öz «hajylyk» hormatly derejesinden peýdalanyp, wraçlara hem milisiýa basyş edip, jeza çekmekden gutulmaga synanyşýar. Bu ýagdaýy nazarda tutup, meniň goraga alan raýatymyň erkek dogany Özbegistanyň Baş prokuraturasyna arza ýazdy. Biz ýerli çinownikler bu işi bassyr-ýussur ederler diýip alada galýas – diýip, adwokat aýdýar.
Azatlygyň žurnalisti 15 ýaly J.K-nyň eltilen keselhanasy Tiz kömek gullugynyň wraçy bilen gürrüňdeş boldy. Wraçyň sözüne görä, gyzyň teninden rematomlar – gan öýmeler aýan edilipdir. Onuň özi bolsa örän güýçli ruhy sarsgynda eken.
Azatlyk radiosynda jebir çeken gyzyň keseli baradaky ýazgynyň nusgasy bar.
Tiz kömek medisina gullugynyň wraçynyň tassyklamagyna görä, 9-njy synp mekdep okuwçysyny zorlajak bolan adamyň ogullary onuň keselhana düşendigini hasaba alynmajak bolup, wraçlara basyş etmek isläpdirler.
– Bu hajynyň iki ogly örän iri işewür toparlara degişli, olar örän gowy jaý gurýarlar. Golaýda olardan biri medal bilenem sylaglandy. Olar keselhana gelip, bolan ýagdaýyň hasaba alynmazlygy üçin, wraçlara haýbat atyp başladylar – diýip, Şirin şäheriniň Tiz kömek medisina gullugynyň wraçy Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Jebir çekeniň uly dogany Ýodgor hem ol zorlaýjynyň ogullary tarapyndan öz maşgalasyna haýbat atylýandygyny aýdýar.
Ýaş gyzy zorlajak bolan ol 57 ýaşly adam hem onuň ogullary bilen telefonda gürleşmek Azatlyk Radiosyna başartmady.
Syrderýa şäherindäki Özbegistanyň ombudsmeniniň wekili Guli Umaraliýewa bilen Azatlygyň geçiren interwýusynda, ol bu ýagdaýyň kontrola alnandygyny, eger onuň günäsi dogry tapylsa, jenaýat etmekde güman edilýän jezasyz galmajagyny aýtdy.
Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.