Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýaýewa Daşkent welaýatynyň Buka etrabynda, bäş sany prezident başlangyjyny hödürläninden iki ýyl soň, 4-nji asyryň arheologiki ýadygärliginiň ýerinde gurlan ýaşlar toplumy dargap başlady.
Özbek aýdymçylary toýlarda aýdym aýtjak toparlaryň sanyna çäklendirme girizmek baradaky täze kanuna nägilelik bildirýärler. Özbek hökümeti ol hem şoňa meňzeş çäklendirmeleri girizip, ýönekeý milletiň gerdenine düşýän toý çykdajylaryny azaltmak isleýär.
Türkiýedäki aýallaryň hem gyzlaryň hukuklaryny goraýan aktiwistler «Nadira näme boldy?» atly şygar bilen giň göwrümli kampaniýa başladylar. Olar Özbegistanyň raýaty 23 ýaşly Nadira Kadyrowanyň ölüminiň hakyky sebäpleriniň üstüniň açylmagyny talap edýärler.
3-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Özbegistanyň Syrderýa welaýatyndaky Şirin şäheriniň 57 ýaşly ýaşaýjysy S.R. okuwçy gyz, 15 ýaşly goňşusy J.H-ny zorlanlykda güman edilip, şäher milisiýa bölüminde hasaba alnypdyr.
Özbegistanda häkimiýetler meşhur aýdymçyny geýýän eşikleri sebäpli “utançsyzlykda” aýyplap, milli düşünjeleridir gymmatlyklary depelemeli däldigini ýatlatdylar.