Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda taksi ýetmezçiligi güýçlenýär


Azatlygyň habarçylary jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň örän çäklidigi sebäpli, raýatlaryň taksi hyzmatlaryna zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Azatlygyň habarçylary jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň örän çäklidigi sebäpli, raýatlaryň taksi hyzmatlaryna zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatda taksi ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny we munuň döwlet eýeçiligindäki taksileriň gurply maşgalalar tarapyndan bir aýlyk kireýine alynmagy bilen baglanyşyklydygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary habar berýärler.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy Aşgabadyň taksi hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryna jaň edeniňde, “taksi ýok” ýa-da “taksiler häzir boş däl” diýlen jogabyň berilýändigini aýtdy.

“Bu ýagdaý diňe bir gezek ýa-da bir gün bolmaýar. Indi hepdeläp gaýtalanýar. Häzirki wagt aeroportuň öňünde-de döwlet taksilerini tapmak kynlaşdy. Hususy eýeçilikdäki taksiler düýbünden ýok. 19-njy awgustda paýtagtyň 30-njy mikroraýonynda ýaşaýan bir ýaşuly Berzeňňidäki anyklaýyş merkezine gitmek üçin 4 sagatlap taksi çagyrmaga synanyşdy. Emma oňa her gezeginde ‘taksi ýok’ diýlen jogap berildi” diýip, habarçy 22-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň we taksi sürüjileriniň 10-dan gowragy bilen söhbetdeş bolan habarçynyň tassyklamagyna görä, taksi gytçylygynyň sebäpleri gurply maşgalalaryň bir aýlyk tölegi öňünden geçirip, döwlet eýeçiligindäki taksileri “öz zerurulyklary üçin gapylarynda saklamagy” bilen baglanyşykly.

“Döwlet eýeçiligindäki taksi sürüjisi bilen bir gurply raýat özarasynda dilden ylalaşýar. Bu raýat sürüjä bir aýda tölemeli puluny we ýene-de şonça möçberdäki puly öňünden töleýär. Mysal üçin, bir taksi sürüjisiniň günde döwlete geçirmeli pul serişdesi 130 manada barabar. Gurply raýat taksiniň döwlete tölegini we ýene-de şonça möçberdäki puly üstüne goşup, sürüjä berýär we taksini tutuş gün özi üçin saklaýar. Taksiler-de köçeme-köçe aýlanyp, adam çöpläp ýörmeýär” diýip, habarçy taksi sürüjileriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň taksi ýetmezçiligi baradaky şikaýatlaryna “oňaýly jogap bermeýärler”.

“Döwlete taksiniň her günde ýa-da aýda geçmeli puly berilse bolany. Taksiler islese işlesin, islese-de dursun tapawudy ýok. Bu barada nirä ýüzlenseň-de, arzyň diňlenmeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Mundanam başga, döwlet taksileri müşderileri kabul edende taksometrleri açmaýarlar, şol sebäpli olaryň nyrhy hem yzygiderli gymmatlaýar.

“Aşgabadyň halkara aeroportundan Teke bazara çenli aralyk 5,6 kilometr. Taksi sürüjileri şu aralyk üçin 50 manat töleg alýarlar. Üstesine-de, ulaglarda bank kartlary bilen tölegleri amala aşyrmak üçin niýetlenen töleg terminallary hem işledilmeýär” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere edilýän gözegçilikler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlenip başlandy.

Şondan soňky aýlarda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda hususy awtoulagynda kireý etmekde güman edilýän sürüjileri saklap, olara ýüzlerçe manat möçberinde pul jerimesini salýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagt paýtagtlylaryň transport serişdesi hökmünde diňe hususy awtoulaglaryndan, döwlet eýeçiligindäki taksilerden ýa-da jemgyýetçilik transportlaryndan peýdalanyp bilýändigini aýdýarlar. Ýöne olar jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň örän çäklidigi sebäpli, raýatlaryň köplenç taksi hyzmatlaryna zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belleýärler.

“Jemgyýetçilik awtobuslarynyň aglabasy diňe uly köçelerden gatnaýar. Mysal üçin, 30-njy mikroraýondaky köçeleriň ortaça 90%-den awtobus geçmeýär. Bu mikroraýonyň diňe 2 köçesinden awtobus geçýär. Olam saglyk ýagdaýy agyr ýa-da gartaşan adamlara uzaklyk edýär” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Ýurtdaky taksi ýetmezçiligi we jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň selçeň bolmagy hem-de munuň ilata ýetirýän täsirleri barada Türkmenistanyň media serişdelerinde hem häzirlikçe mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG