Bu barada The Associated Press habar agentligi 12-nji awgustda Türkmenbaşydan habar berdi.
Forumda eden çykyşynda Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň wekili Behruz Namdari Eýranyň Trans-Hazar gaz geçiriji taslamasyna garşy çykýandygyny aýtdy.
“Eýran islendik Trans-Hazar gaz geçirjisine garşydyr. Trans-Hazar gaz geçirijisiniň gurluşygy daşky gurşawa örän agyr zyýan ýetirer” diýip, AP Namdariniň sözlerini sitirledi.
AP Eýranyň wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň forumda eden çykyşynda bu taslama içgin salgylanman ikuçly çykyş edendigini habar berýär.
Jahangiri Hazara degişli bolmadyk ýurtlaryň regionyň işlerine gatyşmaly däldigini öňe sürdi.
Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň tebigy gazynyň Günbatar ýurtlaryna iberilmegini goldap çykyş edip gelýär.
Şu ýylyň martynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli iberen gutlag hatynda geljekde Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugry boýunça eksport etmegine özüniň ynanýandygyny beýan edipdi:
“Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugur boýunça eksport etmegiň täze mümkinçilikleriniň peýdalanyljakdygyna ynanýaryn” diýip, Trampyň 24-nji martda türkmen metbugatynda çap edilen baýramçylyk gutlagynda aýdyldy.
12-nji awgustda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Russiýanyň hökümet başlygy Dmitri Medwedew Russiýanyň ýakyn wagtlarda Kaspi konwensiýasyny ratifikasiýa etjekdigini mälim etdi.
Russiýa we Eýran Hazarýaka döwletleriniň geçen ýyl gol çeken Kaspi konwensiýasyny heniz ratifikasiýa etmän gelýär.
Azerbaýjanyň pozisiýasynda näme üýtgedi?
Trans-Hazar gaz geçirijisi arkaly Türkmenistanyň gazyny Hazaryň üsti bilen Azerbaýjana akdyrmak, ondan aňry Günorta Gaz koridoryna birikdirip, Ýewropa ibermek maksat edinilýär.
AP habar agentliginiň soňky maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazaryň düýbündäki gorlary paýlaşmak boýunça heniz doly ylalaşyga barmady. “Bu ýagdaý Tranz-Hazar gaz geçirijisiniň işini bökdäp geldi” diýip, agentliginiň maglumatynda aýdylýar.
“Bu örän ynjyk mesele. Heniz anyk ädimler ädilmedi, şol sebäpden entek detallar barada gürrüň ederden örän ir” diýip, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Bahram Huseýinowyň Trans-Hazar barada aýdan sözleri AP-nyň habarynda getirildi.
Hazarýaka döwletleri – Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we Türkmenistan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen sammitde Hazaryň hukuk derejesini kesgitleýän Kaspi konwensiýasyna gol çekdiler.
Russiýa Trans-Hazar taslamasyna garşy çykyp gelýär. Ýatlasak, geçen aýyň başynda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Bakuwdaky rus ilçisi Mihail Boçarnikowyň azerbaýjan metbugatynda aýdan sözlerine salgylanyp, Russiýanyň Trans-Hazar gaz geçirijisine garşy çykýandygyny habar beripdi.
Beýleki tarapdan, käbir media maglumatlarynda aýdylmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burian (Peter Burian) 12-nji awgustda Birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda gaz geçirijiniň maliýeleşdirilmegi bilen bagly ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini aýdypdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny Russiýa we Hytaýa eskport edýär. Türkmenistan bilen Russiýa 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, möhleti 5 ýyllyk täze gaz şertnamasyna gol çekdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.