Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sosial torlardaky soňky köpçülikleýin işjeňlik "umyt döredýän ýaly"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Soňky iki hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ozallar köp sanly media synçylarynyň ýata hasaplan onlaýn giňişliginde hereket we işjeňlik peýda boldy.

Bu ýerde käbir türkmen estradaçylarynyň sosial media ulgamlaryndaky soňky çykyşlary barada gürrüň barýar.

Olar türkmen döwlet baştutanynyň saglyk ýagdaýy barada onlaýn serişdelerde iýulyň aýagynda ýaýran myş-myşlara garşy çykyş edip, bu habarlary “ýalan hem toslama” häsiýetlendirdiler.

Bir tarapdan agzalýan garym-gatym myş-myşlar türkmen ulanyjylaryny alasarmyk eden çemeli, beýleki tarapdan olara garşy “spontan” häsiýetde delilsiz göreşe girişen estradaçylar bolsa köpleriň ünsüni özlerine çeken bolsa gerek! Sebäbi wakalaryň şeýle sepleşigi Türkmenistanda ilkinji gezek bolup geçýär!?

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda artýan soňky onlaýn işjeňlik bilen bagly gürrüňlere gönükdirilýär.

Türkmenistanda Facebook, Instagram, Twitter ýaly esasy sosial ulgamlar petikli bolmagynda galýar.

Türkmenistanda sosial torlardaky soňky köpçülikleýin işjeňlik "umyt döredýän ýaly"
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:57 0:00

XS
SM
MD
LG